1) 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 49-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 91-nji madda):
12-nji maddada:
birinji bölekde «gymmatly hazynasynyň» diýen sözleri «ýokary gymmatlygynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň 2-nji bendinde «agyp-dönüp durmakdan» diýen sözleri «gopbamlykdan» diýen söze çalşyrmaly;
15-nji maddanyň ikinji böleginde «şeýle hem» diýen sözlerden soň «höweslendirme ulanylanda ýa-da» diýen sözleri goşmaly;
2) 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul edilen «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 165-nji madda) 15-nji maddasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«15-nji madda. Azyk, harby geýim lybaslar we goş-golamlar üpjünçiligi
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda azyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda azyk üpjünçiligi hakynda Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Harby gullukçylar harby gullugy geçmegiň şertlerine baglylykda hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby geýim lybaslar we goş-golamlar üpjünçiligi hakynda Düzgünnama laýyklykda harby geýim lybaslar we goş-golamlar bilen üpjün edilýärler.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.