1) 1-nji maddanyň 5-nji bendini we 13-nji maddanyň 4-nji bendini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
2) 7-nji maddanyň dördünji böleginde we bäşinji böleginiň birinji tesiminde degişlilikde «Ygtyýarly edara tarapyndan» we «Ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlenilýän» diýen sözleri aýyrmaly;
3) 11-nji maddanyň üçünji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Erkin ykdysady zolaklaryň serhetlerine çenli gaz, elektrik, suw, lagym, aragatnaşyk we ýol ulgamlaryny çekmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we degişli pudaklaryň, şeýle hem çekilen serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.»;
4) 12-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Erkin ykdysady zolaklar babatynda döwlet syýasatynyň işlenilip düzülmegi we durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk ‒ Ygtyýarly edara) tarapyndan amala aşyrylýar.»;
5) 14-nji maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde «utgaşdyrýar» diýen sözden soň «, şeýle hem erkin ykdysady zolagyň umumy dolandyrylmagyny amala aşyrýar» diýen sözleri goşmaly;
6) 15-nji maddanyň dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Komitete Ygtyýarly edara tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipesinden boşadylýan başlyk ýolbaşçylyk edýär.»;
7) III baba şu mazmunly maddany goşmaly:
«17-nji madda. Erkin ykdysady zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň aýratynlyklary
1. Erkin ykdysady zolaklary döretmegiň maksatlaryny amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhanany esaslandyrmaga ygtyýar berlip bilner.
Aýratyn hukuk düzgüni hökmünde anyk erkin ykdysady zolagyň çäginde ýerleşýän döwlet eýeçiliginde bolan gozgalmaýan emläk anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhana hojalygy ýörediş hukugynda ýa-da dessin dolandyryş hukugynda berkidilýär.
Şu madda laýyklykda anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhana guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasy bolup durýar, ol ýuridik şahs bolup, Komitetiň statusyndan peýdalanýar we oňa administratiw taýdan dolandyrmak wezipesi ýüklenilen anyk erkin ykdysady zolagyň çäginde Komitetiň şu Kanunyň 15-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 17-nji, 18-nji we 20-nji bentlerinde görkezilenlerden başga ygtyýarlyklary degişli edilýär.
2. Anyk erkin ykdysady zolagy administratiw taýdan dolandyrmak wezipesini amala aşyrýan kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipesinden boşadylýan başlyk ýolbaşçylyk edýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.