I. 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Eýeçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 140-njy madda; 2016 ý., № 4, 144-nji madda; 2019 ý., № 2-3, 36-njy madda) 16-njy maddasynyň bäşinji böleginden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«51. Döwlet eýeçiligi bolup durýan emläk jemgyýetçilik birleşiklerine we olaryň kärhanalaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary esasynda hojalygy ýörediş hukugynda ýa-da dessin dolandyryş hukugynda peýdalanmak üçin berkidilip bilner.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.