Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 3845
I. 2016-njy ýylyň 26-njy martyndа kabul edilen «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 55-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 108-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 16-njy maddanyň dördünji böleginiň üçünji tesiminde «fiziki» diýen sözi «üçünji» diýen söze çalşyrmaly;

2) 20-nji maddanyň ikinji böleginde «üýtgedilen halatynda» we «ýerli edarasyna habar bermäge» diýen sözleri degişlilikde «üýtgedilmezinden öň» we «ýerli edarasy bilen ylalaşmaga» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 21-nji maddanyň birinji böleginde «obýektleri» diýen sözden soň «we şol obýektler eýeçiliginde bolan ýa-da şol obýektleri kärendesine alan söwda işiniň subýektleri» diýen sözleri goşmaly;

4) 26-njy maddada:

dördünji bölegiň 9-njy bendinde «adyny» diýen sözi «belgilemesini» diýen söze çalşyrmaly;

altynjy bölekde we sekizinji bölegiň 4-nji bendinde degişlilikde «ýa-da ýörite belgi» we «ýa-da ýörite belgiler» diýen sözleri aýyrmaly;

5) 35-nji maddanyň 1-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«11) Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmegi üçin zerur bolan maglumatlary ygtyýarly edara bermäge;».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.