1) 1-nji maddada:
8-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«8) üstaşyr migrasiýa – daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir daşary ýurt döwletinden barmaly daşary ýurt döwletine Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi;»;
92-njy bentde «hünärinden» we «hünär» diýen sözlerden soň degişlilikde «, wezipesinden» we «, wezipe» diýen sözleri goşmaly;
2) 7-nji maddada:
31-nji bölegiň birinji tesiminde «Türkmenistana wizasyz» diýen sözleri «Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistana» diýen sözlere çalşyrmaly;
41-nji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
3) 8-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«8-nji madda. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçilmegi
1. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir daşary ýurt döwletinden barmaly döwletine Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmegi hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan Türkmenistana gelmäge, Türkmenistanyň çäginden geçmäge we Türkmenistandan gitmäge hukuk berýän ýol resminamalary boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berlen üstaşyr wizasy, barýan ugry boýunça Türkmenistan bilen araçäkleşýän döwlete barmaga wizasy ýa-da bellenen döwletiň wizasy bar bolan mahalynda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üstaşyr geçmegiň tertibini berjaý etmelidirler we bellenen ugur boýunça geçmelidirler. Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üstaşyr wizasynyň möhletinden artyk Türkmenistanyň çäginde saklanyp hem-de (ýa-da) bellenilen ugrundan çykyp bilmezler.
Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanda saklanmagynyň, şol sanda mejbury saklanmagynyň zerurlygyny tassyklaýan resminamalary goşmak bilen, dahylly ýuridik we fiziki şahslaryň delillendirilen towakganamalary bar bolan mahalynda, diňe wizasynyň möhleti uzaldylan ýa-da degişli üstaşyr wizanyň resmileşdirilen ýagdaýynda Türkmenistanyň çäginde saklanyp bilerler.»;
«Türkmenistanyň hormatly raýaty» diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçen mahalynda wizasyz Türkmenistanyň çäginde saklanyp bilerler.»;
4)10-njy maddada: sekizinji bölege şu mazmunly bendi goşmaly:
«5) daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň hereket etmegine päsgelçilik döredýän beýleki göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlarda.»;
dokuzynjy bölegiň 9-njy bendinde «adatdan daşary ýagdaýlaryň» diýen sözlerden soň «ýa-da daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň hereketini dowam etmäge päsgelçilik döredýän beýleki göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlaryň» diýen sözleri goşmaly;
5) 12-nji maddanyň üçünji böleginiň on üçünji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:
«Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça bellenilmedik bolsa, halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen meşgullanýan daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak, eger olaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti bäş günden köp bolmasa, diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda amala aşyrylýar. Eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti Türkmenistanyň çägine giren gününden başlap, bäş günden geçýän bolsa, olar migrasiýa gullugynyň edaralarynda on bäş güne çenli möhlet bilen hasaba alynýar.
Halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen meşgullanýan daşary ýurt döwletleriniň ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistandan gitmegine päsgelçilikler döredýän garaşylmadyk beýleki ýagdaýlarda hasaba almagyň möhleti on bäş güne çenli möhlet bilen uzaldylýar.»;
6) 13-nji maddada:
üçünji bölekde «Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň edaralarynda» diýen sözleri «syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarly döwlet edarasynda» diýen sözlere çalşyrmaly;
41-nji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
7) 14-nji maddanyň bäşinji böleginiň soňky tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmeginden ýüz dönderilmegi, şeýle hem onuň ýatyrylmagy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy kabul edilýär.»;
8) 20-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«3. Bellenen ugruna laýyklykda serhet sebitinden we (ýa-da) serhet zolagyndan üstaşyr geçmegi amala aşyrýan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üstaşyr wiza esasynda daşary ýurda gitmek üçin hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan ýol resminamalary boýunça serhet sebitine we (ýa-da) serhet zolagyna gelýärler, hereket edýärler we onuň üsti bilen gidýärlar.»;
9) 28-nji maddanyň ikinji böleginde:
«Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin berýän şahsyýeti tassyklaýan resminamasy» sözleri «Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamasy» diýen sözlere çalşyrmaly; şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamany resmileşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullygy tarapyndan bilelikde tassyklanylýar.»;
10) 29-njy maddanyň altynjy böleginde:
birinji tesimiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:
«Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň şahsy arzasy we oňa goşulýan resminamalar ýazmaça ýa-da elektron resminama görnüşinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kabul edilýär.»; birinji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şahsy arzalar we olara goşulýan resminamalar hem-de beýleki maglumatlar boýunça migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan merkezleşdirilen maglumatlar gory ýöredilýär. Pasport resmileşdirmek üçin raýatyň şahsy arzasyny we oňa goşulýan resminamalary kabul etmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.