1) 4-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň garamagyndaky harby bölüm Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hukuk esaslaryny kesgitleýän kanunçylyk namalaryna laýyklykda hereket edýär.»;
2) III bölümiň adynda «ýörite tehniki enjamlary» diýen sözleri «ýörite serişdeleri» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 15-nji maddanyň üçünji böleginde «ýörite serişdeler» diýen sözlerden soň «(adamyň janyna we saglygyna howply bolmadyk ýagdaýlarda ulanylmagy muňa degişli däldir)» diýen sözleri goşmaly;
4) 18-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«18-nji madda.Ýörite serişdeleriň ulanylyşy
1. Galp resminamalary ýüze çykarmak üçin mikroskoplar we ultrafiolet yşyklary, biometriki maglumatlary okaýjy enjamlar, barmak yzlaryny okaýjy ykjam enjamlar, rezin dürreler, elektro şokly dürreler, ulag serişdelerini barlaýan gurallar, el gandallary, gulplary (gapylary) açmak üçin abzallar, dürbüler, gije görmegi üpjün edýän enjamlar hem-de beýleki ýörite enjamlar we ulag serişdeleri (şol sanda howa ulagy) Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:
1) Migrasiýa gullugyna degişli meseleler boýunça hukuk bozulmalaryny ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we aradan aýyrmak;
2) Türkmenistanda bolmagyň tertibini bozan daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary gözläp tapmak, olary degişli jogapkärçilige çekmek;
3) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen üstüne ýüklenilen beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek.
Toparlaýyn çozulýan ýa-da ýaragly garşylyk görkezilýän, şeýle hem raýatlaryň janyna howp salynýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda göwrelilik alamatlary mese-mälim bolan aýallar, kämillik ýaşyna ýetmedikler we maýyplygyň alamatlary anyk bildirýän adamlar babatda ýörite serişdeleri ulanmak gadagandyr.
2. Migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary tarapyndan ulanylýan ýörite serişdeleriň sanawy we olary ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabry.