Ï Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda

view-icon 1853
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Düzgünnamasyny tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda.Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Ýazgysyny we plankasynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Düzgünnamasy

1. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde, aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde şahsy edermenlik görkezendikleri, şeýle hem öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda; kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde; aýratyn möhüm hem-de çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmekde, öz jany üçin howply şertlerde gulluk borjuny berjaý etmekde aýratyn hyzmatlary bitiren, şahsy edermenlik görkezen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň harby gullukçylary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň harby gullukçylary hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanylýar.

4. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen şu Düzgünnamanyň üçünji böleginde görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirip, ölen (wepat bolan) harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri sylaglanyp bilner.

5. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak Türkmenistanyň Goranmak ministriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministriniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan amala aşyrylýar.

6. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan adamlara:

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar;

iň pes zähmet hakynyň üç essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň Ýazgysy

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly gymmat bahaly daşlar bilen bezelen, umumy diametri 45 mm bolan tegelek görnüşindedir. Medalyň daş-töwereginden geçýän ini 2 mm bolan düşegi sary reňk bilen syrçalanan tegelek halkasy her biriniň diametri 1 mm bolan ak reňkli 111 sany sirkoniý daşlary bilen jäheklenen.

Medalyň daşky tegeleginiň içinde ini 3 mm bolan düşegi ýaşyl reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň iki gapdal tarapynda her biriniň uzynlygy 29,5 mm bolan altyn çaýylan ýaýyň ikisi ýerleşdirilen. Daşky halkanyň ýokarky we aşaky böleklerinde her biriniň diametri 3 mm bolan on sany altyn çaýylan sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen. Sekizburçly ýyldyzlaryň içinde her biriniň diametri 1,5 mm bolan ýaşyl reňkli sirkoniý daşlary ýerleşdirilen.

Medalyň merkezi böleginde ini 1,50 mm, diametri 34 mm bolan altyn çaýylan alaja şekilli tegelek ýerleşdirilen. Ýaýlaryň we alaja şekilli tegelegiň arasynda Gün şöhleleri we ýaýyň oklarynyň simwoliki görnüşleri şekillendirilen. Tegelegiň arka tarapynda iki sany altyn çaýylan atanaklaýyn geçirilen gylyçlaryň saplarynyň şekili ýerleşdirilen.

Medalyň içki tegeleginde ini 4 mm bolan sary çyzyk bilen halkalanan, diametri 22,5 mm bolan ýene-de bir tegelek ýerleşdirilen. Düşegi ýaşyl reňk bilen syrçalanan bu halkanyň içinde harplaryň beýikligi 2 mm bolan «TÜRKMEN EDERMEN» diýen altyn çaýylan ýazgy we diametri 3 mm bolan altyn çaýylan üç sany sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen, sekizburçly ýyldyzlaryň içinde her biriniň diametri 1,5 mm bolan ýaşyl reňkli sirkoniý daşlary ýerleşdirilen. Halkanyň aşaky böleginde sekizburçly ýyldyzdan iki gapdala ýaýrap gidýän, uzynlygy 11 mm deň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahalarynyň şekili ýerleşdirilen.

Medalyň merkezi böleginde güberçek görnüşde diametri 20 mm bolan kümüşsöw reňkli sekizburçluk ýerleşdirilip, sekizburçlugyň düşegi altyn bilen çaýylýar, onuň merkezinde beýikligi 12 mm bolan, altynsow we kümüşsöw reňkli, boýnuna türkmen milli alajasy dakylan türkmen alabaý itiniň kellesiniň şekili ýerleşdirilen.

Medalyň arka tarapynyň merkezinde daşky tegelek bilen 2,5 mm aralykda diametri 40 mm bolan güberçek görnüşinde tegelek ýerleşdirilen. Tegelegiň merkezi böleginde aýlaw görnüşinde oýulyp şekillendirilen, harplaryň beýikligi 2,5 mm bolan «TÜRKMEN EDERMEN» diýen ýazgy we her biriniň diametri 3 mm bolan üç sany sekizburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen. Medalyň arka tarapynyň aşaky böleginde oýulyp şekillendirilen, sekizburçly ýyldyzdan iki gapdala ýaýrap gidýän, uzynlygy 11 mm deň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahalarynyň şekilleri ýerleşdirilen.

Medal altyn çaýylan halkajyk arkaly ini 34 mm, beýikligi 15 mm bolan iki gapdaly kertikli, daş-töweregi altyn çaýylyp jäheklenen we ýaşyl reňk bilen syrçalanan kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň merkezinde umumy diametri 9 mm bolan, güberçek görnüşli, altyn çaýylan alaja şekili we her biriniň diametri 1 mm bolan ak reňkli 16 sany sirkoniý daşlary bilen jäheklenen galkan we onuň arka tarapynda iki sany altyn çaýylan atanaklaýyn geçirilen gylyçlaryň saplarynyň şekili ýerleşdirilen, gylyçlaryň uçlary galkanyň daşyna çykyp dur. Galkanyň merkezi böleginde bäş ýyldyzly, diametri 3,5 mm bolan ýarymaý we iki gapdala ýaýrap gidýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahalarynyň şekili ýerleşdirilen.

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly we onuň kolodkasy 925 mähekli altyn çaýylan kümüşden ýasalan.

Medaly geýime dakmak üçin kolodkanyň arka tarapynda ildirgiji bar.

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň plankasynyň Ýazgysy

Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň plankasy ýaşyl reňk bilen syrçalanan. Onuň merkezinde güberçek görnüşinde diametri 6,5 mm deň bolan galkan ýerleşdirilen. Galkanyň daş-töweregi altyn çaýylan alaja şekili we ak reňkli 16 sany sirkoniý daşlary bilen jäheklenen. Galkanyň arka tarapynda iki sany atanaklaýyn geçirilen gylyçlaryň saplarynyň şekilleri ýerleşdirilen. Galkanyň merkezi böleginde bäş ýyldyzly ýarymaýyň we iki gapdala ýaýrap gidýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahalarynyň şekilleri ýerleşdirilen.

Medalyň plankasynyň ölçegi ini 24 mm we beýikligi 10 mm bolup, ol mis bilen nikeliň garyndysyndan ýasalan.