1) 80-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«(4) Korrupsiýa we neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň, prekursorlaryň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlary etmekde günäli bilnip, iş kesilen adamlar babatda günä geçme we rehim etme ulanylmaýar.»;
2) 181-nji maddanyň belliginiň ikinji bölegini aýyrmaly we belligiň üçünji we dördünji böleklerini degişlilikde ikinji we üçünji bölekleri diýip hasap etmeli;
3) 1811-nji maddanyň birinji böleginiň dispozisiýasynda «Döwlet wezipesini eýeleýän adamyň» diýen sözlerden soň «ýa-da döwlet gullukçysy ýa-da oňa deňleşdirilen adamyň» diýen sözleri goşmaly;
4) 184-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«1841 madda. Korrupsiýa
(1) Korrupsiýa — häkimiýet ygtyýarlyklary bolan bir ýa-da birnäçe wezipeli adamlar tarapyndan aýry-aýry adamlar ýa-da adamlaryň topary bilen durnukly bikanun gatnaşyklary döretmek arkaly, döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri hyýanatly peýdalanmak bilen, özi ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine wehim salýan bilkastlaýyn hereketler edilenligi üçin,
üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp, sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şonuň ýaly etmiş guramaçylykly toparyň ýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň bähbitleri üçin amala aşyrylsa ýa-da başga agyr netijelere getirse, üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, emlägini muzdsuz alyp, on iki ýyldan ýigrimi ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Bellik.
Korrupsiýa bilen bagly jenaýatlar diýlip pul, gymmatlyklar, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak maksady bilen edilen şu Kodeksiň 181-nji, 184 — 187-nji maddalarynda, 228-nji maddasynyň üçünji böleginiň «ç» bendinde, 229-njy maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde hem-de onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde, 242-nji maddasynyň ikinji böleginiň «ç» bendinde we onuň bilen baglylykda şu maddanyň üçünji böleginde, 245-nji maddasynyň «ç» bendinde, 254-nji maddasynyň ikinji we dördünji bölekleriniň «ç» bentlerinde we 358-nji maddasynda görkezilen jenaýatlar hasap edilýär.»;
5) 229-njy maddanyň üçünji böleginiň dispozisiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler şu aşakdaky ýaly ýagdaýlarda amala aşyrylanda:
a) uly möçberde zyýan ýetirmek bilen;
b) döwlet wezipesini eýeleýän adam tarapyndan öz gulluk ýagdaýyny peýdalanmak arkaly edilen bolsa, munuň üçin,»;
6) 337-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«3371 madda. Harby kasama dönüklik etmek
(1) Harby gullukçynyň resmi taýdan kabul eden harby kasamyna dönüklik etmegi, eger bu hereketler betnebislik meýilleri ýa-da başga şahsy bähbit bilen amala aşyrylan bolsa we gullugyň bähbidine, harby gullukçylaryň we beýleki raýatlaryň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine düýpli zyýan ýetiren bolsa,
harby gulluk boýunça iki ýyla çenli çäklendirmek ýa-da iki ýyla çenli harby-düzediş bölüminde saklamak ýa-da üç ýyldan bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Agyr netijelere getiren şeýle hereket üçin,
bäş ýyldan sekiz ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(3) Şu maddanyň birinji ýa-da ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan, söweş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler üçin,
sekiz ýyldan on bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.