1) 321-nji maddanyň birinji böleginde,
530-njy maddanyň birinji böleginiň 4-nji bendinde, 534-nji maddanyň dördünji böleginde we 548-nji maddanyň ýedinji we sekizinji böleklerinde «serişdeleriň» diýen sözden soň «ýa-da foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň» diýen sözleri goşmaly;
2) 210-njy maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
3) 211-nji maddada:
ikinji bölegiň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Öndürijiler tarapyndan göz öňünde tutulmadyk närseler (şekil görnüşde hasaba alyş enjamdan başga), ýagny ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim salýan abzallar we tilsimler (prožektorlar, gözüňi gamaşdyrýan çyralar, gysgaldylyp ýa-da artdyrylyp goýulan pružinler, tüsse çykaryjy we ses abzallary, şeýle hem bellenilen kada bozulyp garaňkyladylan ýa-da ýalpyldaýan aýnalar, aýnalaryň ýüzüne tutulan dürli örtükler (muňa ulag serişdelerinde iki tarapynda yzy görüş daşky aýnalary bolan we sürüjiniň oturan ýerinden töweregi görüşini çäklendirmeýän halatlary girmeýär)) hem-de ulaga bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän tekerler bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň ulanylmagy —
binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilenlerden beýleki dürli närseleriň ulag serişdelerinde goýulmagy —
binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
bäşinji bölegiň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
4) 212-nji maddanyň birinji, ikinji we üçünji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.»;
5) 213-nji maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
6) 214-nji maddada:
ikinji, üçünji we dördünji bölekleriň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň üç aýdan alty aýa
çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.»;
bäşinji bölegi aýyrmaly;
7) 2141-nji maddada:
birinji, ikinji we üçünji bölekleriň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
dördünji bölegi aýyrmaly;
bäşinji bölegi dördünji bölek diýip hasap etmeli we onuň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
8) 215-nji maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň dördüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
9) 216-njy maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
10) 217-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan ýollarda, şeýle hem şäherlerde we beýleki ilatly ýerlerde toparlaýyn (iki we şondan köp) hereket edilmegine gatnaşyp (şol sanda toý we beýleki dabaralar geçirilende), onuň ýol hereketine päsgelçiligiň ýa-da heläkçilikli ýagdaýyň döremegine getirmegi —
binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.»;
11) 218-nji maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisi, wezipeli adamlara — ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
12) 219-njy maddada:
birinji we ikinji bölekleriň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
üçünji bölegi aýyrmaly;
13) 221-nji maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
14) 222-nji maddanyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýdan bir ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.»;
«ulag serişdelerini dolandyrmak hukugyny bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirip, on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň altysy möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ýedisinden on ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.»;
15) 223-nji maddada:
birinji, ikinji we dördünji bölekleriň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
üçünji bölegi aýyrmaly we dördünji bölegi üçünji bölek diýip hasap etmeli;
16) 226-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«226-njy madda. Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenleriniň hataryny ýa-da pyýadalaryň guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek kadalarynyň bozulmagy
Ulag serişdeleriniň guramaçylykly kerwenleriniň hataryny ýa-da pyýadalaryň guramaçylykly toparlaryny kesip geçmek we olaryň düzümine goşulmak, eger bu ýol hereketiniň howpsuzlygyna wehim döredilmegine getiren bolsa, —
binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
17) 228-nji maddada:
birinji we ikinji bölekleriň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň 0,5 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
üçünji bölekde «, şeýle hem ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi» diýen sözleri aýyrmaly;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy bolmadyk ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmaga hukugy çäklendirilen adama ulag serişdeleriniň dolandyrylmaga berilmegi —
binýatlyk mukdaryň dördüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
18) 229-njy maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň üçüsinden bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň bir ýyldan iki ýyla çenli möhlete çäklendirilmegine, şol serişdeleri dolandyrmak hukugy bolmadyk adamlara binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine çenli möçberde jerime salynmagyna ýa-da on bäş gije-gündize çenli möhlete administratiw taýdan tussag edilmegine eltýär.»;
19) 231-nji maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,2 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
20) 232-nji maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«duýduryş berilmegine ýa-da binýatlyk mukdaryň 0,1 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
21) 232-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«2321-nji madda. Ýol hereketiniň kadalarynyň fiziki şahslar tarapyndan gaýtadan bozulmagy
Şu Kodeksiň 211-nji maddasynyň üçünji böleginde, 212-nji maddasynyň ikinji böleginde, 213-nji maddasynda, 214-nji maddasynyň üçünji böleginde, 2141-nji maddasynyň ikinji böleginde, 215-nji, 218-nji maddalarynda, 219-njy maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 221-nji maddasynda, 223-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 226-njy maddasynda, 237-nji maddasynyň dördünji böleginde, 243-nji maddasynyň üçünji böleginde we 2431-nji maddasynda göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin on gezek administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň alty aýyň dowamynda gaýtadan edilmegi —
ulag serişdelerini dolandyrmak hukugynyň alty aýa çenli möhlete çäklendirilmegine eltýär.»;
22) 233-nji maddanyň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
23) 234-nji maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«wezipeli adamlara binýatlyk mukdaryň üçüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
24) 237-nji maddanyň dördünji böleginiň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisi, wezipeli adamlara — ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
25) 243-nji maddanyň birinji, ikinji we üçünji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:
«binýatlyk mukdaryň 0,3 bölegi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň birisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
«binýatlyk mukdaryň ikisi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
26) 2431-nji maddada:
birinji bölegiň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:
«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň birisi, wezipeli adamlara — ikisi, ýuridik şahslara — dördüsi möçberinde jerime salynmagyna eltýär.»;
ikinji bölegi aýyrmaly;
27) 445-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Administratiw taýdan tussag etmek, muzdsuz almak, tölegli almak, fiziki şahsa berlen ýörite hukugy çäklendirmek, administratiw taýdan işi
togtatmak, şeýle hem şu Kodeksiň 59-njy, 60-njy maddalarynda,
61-nji maddasynyň birinji böleginde,
62-nji, 63-nji we 65 — 77-nji maddalarynda, 78-nji maddasynyň üçünji böleginde, 93-nji,
95 — 97-nji, 174-nji maddalarynda,
184-nji maddasynyň ikinji böleginde,
185-nji maddasynyň ikinji böleginde,
212-nji maddasynyň üçünji böleginde,
214-nji maddasynyň dördünji böleginde,
217-nji maddasynda, 222-nji maddasynyň birinji, ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde, 228-nji maddasynyň üçünji böleginde, 229-njy, 230-njy maddalarynda, 231-nji maddasynyň üçünji böleginde, 2321-nji maddasynda,
235-nji maddasynyň ikinji böleginde, 256-njy,
257-nji, 262-nji, 263-nji, 265-nji, 266-njy, 279-njy, 308-nji, 326-njy we 334 — 3441-nji maddalarynda, 348-nji maddasynyň üçünji böleginde, 3481-nji, 359 — 361-nji we
364-nji maddalarynda, 365-nji maddasynyň birinji we üçünji böleklerinde, 378-nji,
382-nji we 419 — 430-njy maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň kazyýetleri tarapyndan seredilýär.»;
28) 448-nji maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Türkmenistanyň içeri işler edaralary şu Kodeksiň 61-nji maddasynyň ikinji böleginde, 63-nji maddasynyň üçünji böleginde (eger administratiw hukuk bozulma adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde edilen bolsa), 64-nji maddasynda, 78-nji maddasynyň üçünji böleginde, 79-njy, 80-nji, 82-nji,
172-1731-nji maddalarynda, 175-nji maddasynyň üçünji böleginde, 192-nji maddasynyň birinji, ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde, 193 — 197-nji maddalarynda, 199-njy maddasynyň üçünji böleginde, 206-njy maddasynyň üçünji böleginde, 207-nji, 208-nji, 210-njy maddalarynda, 211-nji maddasynda, 212-nji maddanyň birinji, ikinji we dördünji böleklerinde, 213-nji maddasynda, 214-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 2141 — 216-njy, 218 — 221-nji maddalarynda, 222-nji maddasynyň üçünji we altynjy böleklerinde, 223-nji, 224 — 227-nji maddalarynda, 228-nji maddasynyň birinji, ikinji we dördünji böleklerinde, 231-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde,
232 — 234-nji we 237-nji maddalarynda, 239-njy maddasynyň üçünji böleginde, 240 — 2431-nji, 251-nji, 2531-nji, 278 — 280-nji, 283 — 285-nji, 294-nji, 302-nji, 314 — 316-njy, 318-nji, 322-nji, 323-nji, 325-nji, 328-nji, 3281-nji maddalarynda, 333-nji maddasynyň ikinji böleginde, 345 — 347-nji maddalarynda, 348-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde, 352-nji, 353-nji maddalarynda, 355-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 3551-nji, 3552-nji, 356-njy maddalarynda, 358-nji maddasynyň üçünji böleginde, 369 — 377-nji, 379 — 3801-nji we 388-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seredýärler.»; üçünji bölegi aýyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.