I. 2009-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 93-nji madda; 2017 ý., № 3, 109-njy madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
8-nji maddanyň birinji böleginde:
şu mazmunly täze 9-njy bendi goşmaly:
«9) «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin»;»,
9 — 12-nji bentleri degişlilikde 10 — 13-nji bentler diýip hasaplamaly.
9-njy maddada:
şu mazmunly täze 5-nji bendi goşmaly:
«5) «Türkmen edermen»;»,
5 — 10-njy bentleri degişlilikde 6 — 11-nji bentler diýip hasaplamaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.