Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 1752
I. 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen «Gümrük gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., ¹ 1, 15-nji madda; 2011 ý., ¹ 4, 80-nji madda; 2016 ý., ¹ 4, 165-nji madda; 2017 ý., ¹ 2, 76-njy madda, ¹ 4, 167-nji madda; 2018 ý., ¹ 3-4, 93-nji madda; 2019 ý., ¹ 1, 10-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 4-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy esasynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan zerurlygyna görä gümrükhanalar döredilip, üýtgedilip guralyp we ýatyrylyp bilner.»;

2) 6-njy maddanyň 8-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«81) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde jenaýatlaryň we beýleki hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, olary ýüze çykarmak, olara ýol bermezlik we olaryň üstüni açmak;»;

3) 14-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji sözlemini şu görnüşde beýan etmeli:

«Öz mazmuny ýa-da gümrük edaralaryna berliş usuly boýunça gizlinlik derejeleri bolan ähli maglumatlaryň goragy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.»;

4) 15-nji maddanyň 7-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«71) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş çärelerini we anyklaýşy geçirýär hem-de administratiw hukuk bozulmalary barada işler boýunça önümçiligi amala aşyrýar;»;

5) 16-njy maddanyň 15-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«151) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde dessin-agtaryş çärelerini tehniki serişdeleri ulanyp geçirmäge;»;

6) 29-njy maddany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.