Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 10856
I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., ¹ 2, 39-njy madda; 2016 ý., ¹ 1, 64-nji madda; 2017 ý., ¹ 1, 16-njy we 31-nji maddalar, ¹ 4, 145-nji madda; 2018 ý., ¹ 2, 37-nji madda; 2019 ý., ¹ 1, 10-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 15-nji maddanyň 28-nji bendinde «amala aşyrmaga» diýen sözlerden soň «we olaryň ýazgyda duran ýeri boýunça salgy kepilnamalaryny bermäge» diýen sözleri goşmaly;

2) 27-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

«Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlygyndaky ofiser harby ady bolan raýatlar içeri işler edaralaryna gulluga kabul edilen ýagdaýynda ofiserler düzüminiň ilkinji ýörite ady başlangyç taýýarlygy we türgenleşigi geçmezden dakylyp bilner.»;

3) 28-nji maddanyň birinji we altynjy böleklerini degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Içeri işler edaralaryna gulluga şahsy we iş sypatlary, fiziki taýýarlygy, saglyk ýagdaýy we bilim derejesi boýunça içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply, çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýa-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlygynda durýan ýaşy 30-dan ýokary bolmadyk erkek raýatlar we ýaşy 30-dan ýokary bolmadyk zenan raýatlar meýletinlikde hünär synagynyň netijesi esasynda kabul edilýär.

Gulluk zerurlygy bilen baglanyşykly aýratyn ýagdaýlarda, tejribeli we ýörite hünär bilimli hünärmenler hökmünde Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň rugsady bilen ýaşy 30-dan ýokary bolan, çagyryş boýunça harby gullugy geçen ýa-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ätiýaçlygynda durýan erkek raýatlar we ýaşy 30-dan ýokary bolan zenan raýatlar, şol sanda öň harby we hukuk goraýjy edaralarynda harby gullugy geçen ýa-da işlän raýatlar içeri işler edaralaryna şu Kanunda bellenilen gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna çenli gulluga kabul edilip bilner.»;

«6. Içeri işler edaralarynyň işgärleri öz islegi, gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetmegi, saglyk ýagdaýy, işgärleriň sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy, gulluk ýagdaýyna laýyk gelmezligi, başga işe geçmegi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň okuw mekdeplerinden okuwdan çykarylmagy, özüne bildirilen ynamy ýitirmegi, düzgün-nyzamy gödek ýa-da yzygiderli bozmagy boýunça, şeýle hem içeri işler edaralarynyň işgäriniň mertebesine ysnat getirýän etmişleri etmegi ýa-da jenaýat etmegi bilen bagly gullukdan boşadylyp bilner.»;

4) 29-njy maddanyň ikinji böleginde «aýal» diýen sözi «zenan» diýen söze çalşyrmaly;

5) 37-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«5. Içeri işler edaralarynyň işgäriniň Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurtlaryň bilim edaralarynda okuwda bolmagy bilen bagly döwlet tarapyndan çykdajy edilen (tölenen) serişdeler, onuň baglaşylan şertnama boýunça borçlaryny esasly sebäpler bolmazdan, ýerine ýetirmekden ýüz dönderen ýagdaýynda yzyna gaýtarylyp alnyp bilner.

Döwlet tarapyndan çykdajy edilen (tölenen) serişdeleri yzyna gaýtaryp almagyň tertibi Türkmenistanyň Içeri işler ministri tarapyndan kesgitlenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.