1) 7-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Pensiýalar we döwlet kömek pullary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda bellenilýär, muňa şahsy pensiýa, şeýle hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly degişli däldir. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň we olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanýar.»;
2) 33-nji maddanyň ikinji böleginde:
1-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«d) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;»;
2-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«ç) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;»;
3-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«ç) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;»;
4-nji bende şu mazmunly kiçi bendi goşmaly:
«ä) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;»;
3) 42-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly bendi goşmaly:
«7) maýyplyk boýunça pensiýa bellenilen adamlar pensiýa ýaşyna ýetenlerinde, — ýüz tutulan aýyň yz ýanyndaky aýyň birinden.»;
4) 46-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde «bellenen pensiýanyň» diýen sözlerden soň «, oňa goşulýan goşmaça tölegleri (muňa döwlet sylaglary üçin goşmaça tölegler degişli däldir) hasaba almak bilen» diýen sözleri goşmaly;
5) 81-nji maddanyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde «oňa» diýen sözi «çaga» diýen söze çalşyrmaly;
6) 91-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «puluň» diýen sözden soň «, oňa goşulýan goşmaça tölegleri (muňa döwlet sylaglary üçin goşmaça tölegler degişli däldir) hasaba almak bilen» diýen sözleri goşmaly;
7) 96-njy maddada:
birinji bölekde «adamlara durmuş,» diýen sözleri «adamlara durmuş-hojalyk, maslahat beriş hem-de lukmançylyk kömeginden öň berilýän» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölekde «ýaşaýan ýerinde» we «raýatlara» diýen sözleri degişlilikde «öýünde» we «adamlara» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Durmuş taýdan hyzmat etmek gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli hem-de degişli däl edaralar tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli edaralar hakynda düzgünnama we bu edaralarda durmuş hyzmatynyň alynýan wagty içerki tertip-düzgünini berjaý etmegiň düzgünleri Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.»;
8) 98-nji maddanyň mazmunynda, 114-nji maddanyň birinji böleginiň 22-nji bendinde, 118-nji maddanyň 7-nji bendinde, 120-nji maddanyň birinji böleginiň 12-nji bendinde we 151-nji maddanyň mazmunynda «gartaşan raýatlara» we «gartaşan raýatlar» diýen sözleri degişlilikde «gartaşan adamlara» we «gartaşan adamlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
9) 99-njy maddada:
birinji bölegiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) raýatlaryň öýünde durmuş hyzmatlarynyň edilmegini;»;
dördünji bölekde «şertnamalaryň» diýen sözi «şertnamanyň» diýen söze çalşyrmaly we «meseleleri» diýen sözden soň «gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara» diýen sözleri goşmaly;
10) 100-nji maddada:
birinji we ikinji böleklerde «durmuş taýdan hyzmat edýän» we «Durmuş taýdan hyzmatlary edýän» diýen sözleri degişlilikde «gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän» we «Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän döwlete degişli däl edaralara usuly kömek bermek Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.