1) 12-nji maddanyň birinji bölegine şu mazmunly bentleri goşmaly:
«19) Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Migrasiýa gullugynyň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge;
20) ýuridik we fiziki şahslar üçin migrasiýa gullugynyň edaralarynyň wezipeleri bilen baglanyşykly goşmaça hyzmatlary (işleri) (SMS-ler arkaly habarnamalary ibermek we nobata goýmak, ýuridik we fiziki şahslaryň migrasiýa gullugynyň edaralaryna berýän ýüztutmalaryny dolduryp bermek, nusga köpeldiş hyzmatlaryny etmek we beýlekiler) ýerine ýetirmäge we ýerine ýetirilen hyzmatlar (işler) üçin tölegleriň möçberlerini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özbaşdak ýa-da şertnamalaýyn esasda kesgitlemäge.»;
2) 27-nji maddanyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şu Kanunyň 12-nji maddasynyň birinji böleginiň 20-nji bendinde görkezilen, migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan ýuridik we fiziki şahslara ýerine ýetirilýän goşmaça hyzmatlardan (işlerden) alynýan girdejiler Migrasiýa gullugynyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär we onuň zerurlyklaryna gönükdirilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.