Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 11741
I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., ¹ 3, 60-njy madda; 2017 ý., ¹ 2, 80-nji madda; 2018 ý., ¹ 3-4, 110-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 3-nji maddanyň dördünji tesiminde «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birliklerine» we «ygtyýarlyklarynyň» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna» we «ygtyýarlylygynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 4-nji maddanyň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, döwlet gözegçilik barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar, agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;»;

3) 5-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«5-nji madda. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar»;

birinji böleginde «ygtyýarly» diýen sözi «ygtyýarlandyrylan» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna şular degişlidir:

jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary;

sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy;

geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy.»;

4) 6-njy maddanyň adynda, altynjy we soňky tesimlerinde «ygtyýarlyklary», «ygtyýarly» we «ygtyýarlyklaryna» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarlylygy», «ygtyýarlandyrylan» we «ygtyýarlylygyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 7-nji maddada:

adynda «ygtyýarly» we «ygtyýarlyklary» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarlandyrylan» we «ygtyýarlylygy» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji we ikinji bölekleri şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

— agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

— agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga bermek;

— ýurduň bütin çäginde ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna toplumlaýyn seljerişi we çaklamany geçirmek;

— agyz suw üpjünçilik we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň hyzmatlaryna nyrhnamalary emele getirmek üçin usuly düzgünnamalary (gollanmalary), şeýle hem agyz suw üpjünçiligi we suw sowujy desgalarynyň ulanylyşynyň hiline, düýpli abatlanylyşyna we durkunyň täzelenilişine tehniki şertleri hem-de döwlet talaplaryny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek;

— Türkmenistanda agyz suw üpjünçilik we suw sowujy ulgamlaryndan peýdalanmagyň Düzgünlerini işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga bermek;

— agyz suw üpjünçiliginiň maliýeleşdirilmegini kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we bellenen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermek;

— eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan senagat maksatlary, önümçilik hajatlaryny üpjün etmek, suwaryş we beýleki maksatlar üçin agyz suwuny harçlamagyň çäklendirilen möçberini hem-de oňa nyrhnamalary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleri esasynda işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak;

— ýurduň ähli çägi boýunça agyz suwunyň sarp edilişiniň hasaba alnyşyny ýöretmek, administratiw-maglumat binýady döretmek we alyp barmak;

— ýurduň ähli çäginde geljek ýylda sarp ediljek agyz suwuny öndürmek üçin gerek bolan suwuň möçberi baradaky maglumatlary ýylyň ahyryna çenli suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna bermek;

— degişli ugurly daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

— Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda beýleki meseleleri çözmek.

2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

— degişli çäkde ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşiniň esasy ugurlaryna toplumlaýyn seljerişi we çaklamany geçirmek;

— agyz suwuny sarp edijileriň zerurlyklaryny üpjün etmek maksady bilen suw geçiriji-lagym hojalygynyň birleşikleriniň we kärhanalarynyň işini utgaşdyrmak;

— agyz suw üpjünçiliginiň inženerlik ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek;

— agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan senagat maksatlary, önümçilik hajatlaryny üpjün etmek, suwaryş we beýleki maksatlar üçin agyz suwuny harçlamagyň çäklendirilen möçberlerini hem-de olara nyrhnamalary işläp taýýarlamak üçin jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna teklipleri bermek;

— öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, tebigaty goraýyş çärelerini işläp taýýarlamak, olary durmuşa geçirmek, inženerlik ulgamlaryna we gurluşlaryna zeper ýeten mahalynda heläkçilikleriň we tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmaga gatnaşmak;

— ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyna, durkunyň täzelenilişine we ulanylyşyna ornaşdyrmak;

— agyz suwunyň hiliniň döwlet standartlarynyň talaplaryna, sanitariýa kadalaryna we düzgünlerine laýyklygyna gözegçiligi üpjün etmek we kämilleşdirmek;

— Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginiň daşynda üpjün edijiler bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak we maddy-tehniki serişdeler we reagentler bilen üpjün etmek barada şertnamalary baglaşmak;

— agyz suw üpjünçilik guramalary üçin hünärmenleriň taýýarlanylmagyny, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny we olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyny guramak;

— öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde degişli ugurly daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak;

— agyz suwunyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, ylmy barlaglaryň we tehnologik işläp taýýarlamalaryň netijeleriniň ulanylmagyna ýardam etmek we olary ýaýratmak;

— agyz suw üpjünçilik guramalary üçin reagentleri, enjamlary, abzallary we materiallary öndürmegiň geljekki ösüşi boýunça teklipleri taýýarlamak we olaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek;

— öz garamagyndaky çäkde ilaty sanitariýanyň talaplaryna laýyk gelýän agyz suwy bilen zerur mukdarda üpjün etmek;

— agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça ýerli shemalary, maksatnamalary we çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak;

— suw üpjünçilik çeşmeleriniň bardygy we olaryň ýagdaýy, ilatyň agyz suwuna bolan zerurlyklaryny talap edilýän mukdarda we hilde kanagatlandyrmak mümkinçilikleri, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarlylygy hakyndaky maglumatlary hasaba almak we olara baha bermek;

— sanitariýa gorag zolaklaryny goramak we suw üpjünçilik çeşmelerini rejeli peýdalanmak boýunça çäreleri geçirmek;

— ilatyň agyz suw üpjünçiligi, agyz suwunyň hilini gowulandyrmak we oňa gözegçilik etmek boýunça işleriň maliýeleşdirilmegini, maddy-tehniki üpjünçiligini meýilleşdirmegi amala aşyrmak;

— Türkmenistanda suw üpjünçilik ulgamlarynyň ulanylmagyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy resminamalaryň esasynda agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanmagyň ýerli düzgünlerini tassyklamak;

— agyz suwunyň sarp edilişiniň hasaba alnyşyny ýöretmek we bellenen tertipde onuň sarp edilişi barada hasabaty jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna bermek;

— agyz suwunda howply hapalanmalar bar bolan mahalynda ondan peýdalanmagy wagtlaýynça gadagan etmek ýaly sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň netijenamalary esasynda çözgütleri kabul etmek, şeýle hem ilatyň agyz suwy üpjünçilik ulgamlaryndaky düzgün bozulmalary aradan aýyrmak we agyz suwunyň hiline bolan kadalaşdyryjy talaplary berjaý etmek üçin zerur çäreleri görmek;

— sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça, adatdan daşary ýagdaýlarda (tebigy betbagtçylyk, suw üpjünçilik çeşmelerinde suwuň hapalanmagynyň howply derejeleriniň ýüze çykmalary we beýlekiler) agyz suw üpjünçilik ulgamlaryny ulanmagyň mümkinçilikleri we şertleri hakynda çözgütleri kabul etmek;

— ilaty agyz suwunyň hili, ony sarp etmegiň kadalary we tygşytlamagyň usullary, töleginiň tertibi barada zerur maglumatlar bilen üpjün etmek;

— Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda beýleki meseleleri çözmek.»;

üçünji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«3. Sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:»;

dördünji bölekde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:»;

üçünji tesimde «standartizasiýa» diýen sözi «standartlaşdyrmak» diýen söze çalşyrmaly;

bäşinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«5. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:»;

altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«6. Suw hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:

— ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

— ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň merkezleşdirilen ulgamlarynyň ösüşi boýunça maksatly döwlet, döwletara we sebitara maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;

— agyz suwuny öndürmek üçin agyz suw üpjünçilik guramalaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça öz garamagyndaky degişli edaralaryň işini utgaşdyrmak;

— suw üpjünçilik çeşmeleriniň hapalanmagynyň öňüni almak we ony aradan aýyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmek;

— degişli ugurly daşary ýurt ýuridik şahslary we halkara guramalary bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak.»;

ýedinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

«7. Geologiýa babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir:»;

6) 7-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«71-nji madda. Agyz suw üpjünçilik guramalarynyň önümçilik borçlary

Agyz suw üpjünçilik guramalarynyň önümçilik borçlaryna şular degişlidir:

— baglaşylan şertnamalara laýyklykda abonentleriň suw üpjünçiligini, akdyrylýan lagym suwlarynyň kabul edilmegini, sowulmagyny we arassalanylmagyny üpjün etmek;

— agyz suwunyň howpsuzlygyny we zyýansyzlygyny, onuň standartlara we sanitariýa-gigiýena talaplaryna laýyklygyny üpjün etmek;

— özleriniň hasabynda durýan suw geçiriş-lagym ulgamlarynyň, suw alynýan sütünleriň we beýleki desgalaryň ýagdaýyna hem-de ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik barlagyny amala aşyrmak;

— agyz suwunyň ýitgileriniň garşysyna meýilnamalaýyn göreş alyp barmak, daşky ulgamlarda suw syzmalaryny ýüze çykarmak, abonentleriň içki ulgamlaryndaky suw syzmalaryna, goýberilýän agyz suwunyň we merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhnamalarynyň berjaý edilişine, merkezleşdirilen lagym ulgamlaryna suwlaryň akdyrylyşyna we olara hapalaýjy maddalaryň dökülmeginiň bellenilen aňryçäk ýol berilýän kada görkezijileriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;

— suw ölçeýji enjamlary bolmadyk abonentlerde suwy sarp edijileriň düzümine we sanyna barlag geçirmek;

— statistika babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy tarapyndan bellenilen görnüşler boýunça sarp edilýän suwuň mukdarynyň hasabyny we hasabatlylygyny alyp barmak;

— Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda beýleki borçlary ýerine ýetirmek.»;

7) 8-nji maddanyň birinji, üçünji we bäşinji tesimlerinde «şu aşakdakylar», «ygtyýarly» we «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birliklerine» diýen sözleri degişlilikde «şular», «ygtyýarlandyrylan» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly;

8) 9-njy maddanyň dördünji böleginiň birinji tesiminde we 12-nji maddanyň ikinji böleginde «ygtyýarly» diýen sözi «ygtyýarlandyrylan» diýen söze çalşyrmaly;

9) 11-nji maddanyň dördünji böleginde we 22-nji maddanyň dördünji we bäşinji böleklerinde «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleriniň» we «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleri» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 15-nji maddanyň dokuzynjy we soňky tesimlerinde «ygtyýarly» we «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleri» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarlandyrylan» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

11) 16-njy maddanyň birinji tesiminde «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleri» we «ygtyýarlyklaryna» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» we «ygtyýarlylygyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

12) 17-nji maddanyň birinji böleginde we ikinji böleginiň birinji tesiminde «ygtyýarly» we «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleri» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarlandyrylan» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

13) 18-nji maddanyň birinji, üçünji we dördünji böleklerinde «ygtyýarly» we «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleri» diýen sözleri degişlilikde «ygtyýarlandyrylan» we «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

14) 19-njy maddada:

dördünji bölegiň birinji we ikinji tesimlerinde «ygtyýarly» diýen sözi «ygtyýarlandyrylan» diýen söze çalşyrmaly;

bäşinji bölegiň üçünji we soňky tesimlerinde «agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleriniň» we «ygtyýarly» diýen sözleri degişlilikde «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň» we «ygtyýarlandyrylan» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy bölekde «Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň düzüm birlikleri» diýen sözleri «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 20-nji maddanyň ikinji böleginiň dördünji we bäşinji tesimlerinde «ygtyýarly» diýen sözi «ygtyýarlandyrylan» diýen söze çalşyrmaly;

16) 25-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Ilat üçin agyz suwunyň we merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhlary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

2. Ilat üçin agyz suwunyň möçberleri we ony ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Eýeçiliginiň görnüşine we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan agyz suwuny sarp ediji ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üçin agyz suwunyň, merkezleşdirilen lagym ulgamyndan peýdalanmak boýunça edilýän hyzmatlaryň nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.