I. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda, 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 38-nji madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1) 15-nji maddanyň birinji böleginde «döredilen» diýen sözi «hereket edýän» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 21-nji maddanyň üçünji böleginde «adybir kazyýetiň» diýen sözleri «deň derejeli kazyýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 30-njy maddanyň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde we tertipde kazyýet işleri boýunça hökümlere, kesgitnamalara we kararlara netijenama girizýär, garşylyknama getirýär, şeýle hem gözegçilik önümçiligini gozgamak hakyndaky karary tassyklaýar;»;
4) 46-njy maddanyň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«3) gözegçilik tertibinde şikaýatlar we teklipnamalar boýunça raýat işlerine, garşylyknamalar boýunça bolsa arbitraž, administratiw we jenaýat işlerine seredýärler;»;
5) 47-nji maddada:
2-nji bentde «tertipde» diýen sözden soň «raýat işlerinden başga» diýen sözleri goşmaly;
17-nji bentde «adybir kazyýetlerde» diýen sözleri «deň derejeli kazyýetlerde» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 48-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendinde «tertipde» diýen sözden soň «raýat işlerinden başga» diýen sözleri goşmaly;
7) 51-nji maddanyň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«4) wezipä bellenilmeginiň ýa-da wezipeden boşadylmagynyň, ygtyýarlyklarynyň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň bellenen tertibi bilen;»;
8) 65-nji maddanyň on üçünji böleginde «maslahaty çagyrýan edaralar» diýen sözleri «Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti» diýen sözlere çalşyrmaly;
9) 76-njy maddanyň dördünji böleginde «edaranyň» diýen sözi «häkimiň» diýen söze çalşyrmaly;
10) 89-njy maddanyň birinji böleginde «müdirlikleriň we bölümleriň başlyklary» diýen sözleri «müdirlikleriň we bölümleriň müdirleri» diýen sözlere çalşyrmaly;
11) 91-nji maddanyň 9-njy bendinde «kanunçylygy ulgamlaşdyrmak boýunça işi amala aşyrýar» diýen sözleri «kanunçylygy kämilleşdirmek we ulgamlaşdyrmak işini alyp barýar» diýen sözlere çalşyrmaly;
12) 94-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijileri, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň uly kazyýet ýerine ýetirijileri — Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň müdiriniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;
2) Türkmenistanyň Arbitraž, welaýat we welaýat hukukly şäher hem-de etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet ýerine ýetirijileri – şol kazyýetleriň başlyklarynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ylalaşylyp, degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan.»;
13) 97-nji maddany aýyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň
14-nji marty.