I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 136-njy madda; 2015 ý., № 3, 103-nji madda; 2016 ý., № 1, 60-njy madda; 2017 ý., № 4, 144-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
8-nji maddanyň ikinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerini şu görnüşde beýan etmeli:
«1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijileri, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň uly kazyýet ýerine ýetirijileri – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guramak we gözegçilik etmek boýunça müdirliginiň müdiriniň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan;
2) Türkmenistanyň Arbitraž, welaýat we welaýat hukukly şäher hem-de etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet ýerine ýetirijileri – şol kazyýetleriň başlyklarynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ylalaşylyp, degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž, welaýat we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan.»;
17-nji maddanyň bäşinji böleginde «başlygynyň» diýen sözi «müdiriniň» diýen söze çalşyrmaly;
119-njy maddanyň on dördünji böleginde «müdirliginiň başlygyndan» diýen sözleri «müdirliginiň müdirinden» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň
14-nji marty.