«1191 madda. Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keselini bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz döndermek we ony ýokuşdyrmak
(1) Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keselini bejerişden zandyýamanlyk bilen ýüz dönderip, gaçyp, başga adamlary bu keseli ýokuşdyrmak howpuna görnetin goýana, iki ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(2) Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan etmişleri gaýtadan edene ýa-da şeýle etmişler adamyň ölmegine ýa-da gaýry agyr netijelere getirse, bäş ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
(3) Epidemiýa ýa-da pandemiýa diýlip ykrar edilen howply ýokanç keseli bolan adama bejergiden gaçmaga ýardam edene, üç ýyla çenli möhlete belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edip ýa-da mahrum etmän, üç ýyla çenli möhlete azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 263-VI.