1-nji madda
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 79 509,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 23 398,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 72 075,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 15 963,4 mln. manat möçberde tassyklamaly.
3-nji madda
Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2021-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:
|
goşulan | peýdadan | ýerasty baýlyklardan peýdalanmak |
|
baha üçin salgytdan | alynýan salgytdan | üçin salgytdan |
Aşgabat şäheri | 3,4% | 3,4% | 3,4% |
Ahal welaýaty | 100,0% | 100,0% | 100,0% |
Balkan welaýaty | 18,0% | 18,0% | 18,0% |
Daşoguz welaýaty | 100,0% | 100,0% | 100,0% |
Lebap welaýaty | 100,0% | 100,0% | 100,0% |
Mary welaýaty | 100,0% | 100,0% | 100,0% |
4-nji madda
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 638,4 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:
Ahal welaýaty | 149,1 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 1 347,6 | mln. manat |
Lebap welaýaty | 814,4 | mln. manat |
Mary welaýaty | 327,3 | mln. manat |
5-nji madda
Ýerli býujetleri 10 073,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:
Aşgabat şäheri | 1 803,0 | mln. manat |
Ahal welaýaty | 1 251,8 | mln. manat |
Balkan welaýaty | 1 161,8 | mln. manat |
Daşoguz welaýaty | 1 856,5 | mln. manat |
Lebap welaýaty | 2 064,8 | mln. manat |
Mary welaýaty | 1 935,1 | mln. manat |
6-njy madda
Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.
7-nji madda
Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.
8-nji madda
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.
№ 300-VI.