I. 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 91-nji madda; 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 4, 98-nji madda, № 4, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1) 1-nji maddanyň birinji böleginiň 3-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«3) maýyplygy bolan adam – dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolanda onuň beýlekiler bilen deň derejede jemgyýetiň durmuşyna doly we netijeli gatnaşmagyna päsgel berip biljek durnukly beden, psihiki, akyl taýdan ýa-da duýgurlyk bozulmalary bolan adam;»;
2) 30-njy maddanyň mazmunynda:
birinji bölegiň «1.» san belgisini aýyrmaly;
1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«1) harby gullukçylaryň harby gulluk we içeri işler edaralarynyň gullukçylarynyň gulluk döwürlerine;»;
3) 31-nji maddada:
adynda we bäşinji bölekde degişlilikde «Harby» we «harby» diýen sözlerden soň «we içeri işler edaralarynda» diýen sözleri goşmaly;
birinji bölekde:
birinji tesimde «harby» diýen sözden soň «we içeri işler edaralarynda» diýen sözleri goşmaly;
4-nji bentde «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Döwlet feldýegerçilik gullugynda» diýen sözleri «döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynda» diýen sözlere çalşyrmaly;
dördünji bölekde «Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Döwlet feldýegerçilik gullugynyň» diýen sözleri «Döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynyň» diýen sözlere çalşyrmaly we «harby» diýen sözi aýyrmaly;
4) 114-nji maddanyň birinji böleginiň 14-nji bendinde «, simli radio nokadyny» diýen sözleri aýyrmaly we «telefon, radio nokady» diýen sözleri «öý telefony» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 115-nji maddanyň birinji böleginde:
9-njy bentde «we simli radio nokadyny» diýen sözleri aýyrmaly;
10-njy bentde «we simli radio nokadyny» diýen sözleri aýyrmaly we «telefon, radio nokady» diýen sözleri «öý telefony» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 116-njy maddanyň 3-nji bendinde, 117-nji maddanyň 2-nji bendinde we 118-nji maddanyň 4-nji bendinde «we simli radio nokadyny» diýen sözleri aýyrmaly;
7) 122-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde:
«a» kiçi bendiň üçünji tesiminde «we simli radio nokadyny mugt geçirmek we оlardan» diýen sözleri «mugt geçirmek we оndan» diýen sözlere çalşyrmaly;
«b» kiçi bendiň ikinji tesiminde «we simli radio nokadyny» diýen sözleri aýyrmaly we «telefon, radio nokady» diýen sözleri «öý telefony» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 150-nji maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Maýyplygy bolan adamlara öz ýaşaýan ýerleriniň golaýynda ulag serişdelerini we olaryň ýörite hereket ediş serişdelerini saklamagy üçin şertleri döretmek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.