I. 2012-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Maşgala kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda, № 4, 118-nji madda; 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2016 ý., № 4, 166-njy madda; 2017 ý., № 4, 143-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda, № 4, 109-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1) 66-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Çaganyň dogluşynyň fakty RÝNÝ edarasynda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
2. Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde geçirilýär.
3. Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin berlen resminamalarda nätakyklyk, düşnüksizlik ýa-da ýalňyşlyk ýüze çykarylan mahalynda, olary beren edaralar olara degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmäge borçludyrlar.
Eger çaganyň ejesi öň öz familiýasyny we (ýa-da), adyny, atasynyň adyny üýtgedip, pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamasyny) çalyşmadyk bolsa, çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan resminamada, degişli resminamalaryň esasynda, onuň üýtgeden familiýasy we (ýa-da), ady, atasynyň ady ýazylýar.
4. Çaganyň dogluşy hakynda resminamanyň, çaganyň goýlup gidilendigi hakynda ykrarnamanyň görnüşleri, şeýle hem tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminamanyň görnüşi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
Çaganyň tapylandygy hakynda resminamanyň içeri işler edaralary tarapyndan berilýän görnüşi – Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan, hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan berilýäni bolsa, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
5. Çaganyň doglan ýeri diýlip, onuň hakykatda doglan ýeri hasaplanylýar. Tapylan (taşlanylan), goýlup gidilen çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnanda, dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň doglan ýeri diýlip onuň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýeri görkezilýär.»;
2) 68-nji maddada:
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Çaganyň gelip çykyşy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde anyklanylýar.»;
üçünji bölegi aýyrmaly;
3) 69-njy maddanyň ýedinji böleginiň birinji tesiminde «on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň» diýen sözleri «on sekiz ýaşyna ýeten adamyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 75-nji maddanyň mazmunynda «68-nji maddasynyň üçünji böleginde we» diýen sözleri aýyrmaly;
5) 83-nji maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde «atanyň (enäniň) beýlekisiniň» diýen sözleri «ata-enesiniň umumy familiýasy, kakasynyň ýa-da ejesiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 184-nji maddanyň bäşinji böleginde «RÝNÝ Merkezi arhiwi» diýen sözleri «raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwi (mundan beýläk — RÝNÝ Merkezi arhiwi)» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 187-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde degişli raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň ýazylmagy arkaly geçirilýär, onuň esasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnama berilýär.
2. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysy ýazylanda ata-eneleri hakynda maglumatlar olaryň pasportlary (ýa-da pasportyň ornuny tutýan resminamalar) esasynda doldurylýar.
Eger çaganyň ata-enesi (olaryň biri) öň öz familiýasyny we (ýa-da) adyny, atasynyň adyny üýtgedip, pasportyny (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasyny) çalyşmadyk bolsa, çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda degişli resminamalaryň esasynda olaryň üýtgeden familiýasy we (ýa-da) ady, atasynyň ady ýazylýar.
3. Eger ata-enesiniň (olardan biriniň) pasportynda (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamasynda) familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň dogry ýazylyş düzgüniniň bozulandygy we başga ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatlarynda we ata-enesi (olardan biri) bu ýüze çykarylan ýalňyşlyklary aradan aýyrmak barada ýüz tutmasalar, onda ata-enesiniň (olardan biriniň) razylygy boýunça ýüze çykarylan ýalňyşlyklar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysy ýazylan mahalynda aradan aýrylýar.
4. Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin esas bolup durýan çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan resminamalaryň ýa-da şu Kodeksiň 68-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen esaslaryň bolmadyk ýagdaýynda çaganyň dogluşyny döwlet belligine almak çaganyň dogluşynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi boýunça geçirilen halatynda çaganyň ata-enesi hakynda maglumatlar şol degişli resminamalaryň esasynda ýazylýar.
5. Şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen halatlarynda çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň ata-enesi (olaryň biri) hakynda maglumatlar ýazylanda ýüze çykarylan ýalňyşlyklar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysy ýazylan mahalynda onuň düzedilendigi barada ýazgy ýazylýar we bu barada degişli güwänama berilýär.
Güwänamanyň görnüşi Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
6. Şahadatnama gaýtadan berlen halatynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň Türkmenistanyň döwlet dilinden başga dilde ýazylan ýazgysy şahsyň islegi boýunça Türkmenistanyň döwlet diline terjime edilýär we bu barada degişli güwänama berilýär. Şunda familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň dürs ýazuw kadasy hökman berjaý edilmelidir.»;
8) 188-nji maddada:
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmek üçin esaslar «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär we şol Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.»;
üçünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;
9) 189-njy maddanyň altynjy böleginde:
birinji tesimde «edaralary» we «edarasynyň» diýen sözlerden soň degişlilikde «we RÝNÝ Merkezi arhiwi» we «we RÝNÝ Merkezi arhiwiniň» diýen sözleri goşmaly;
ikinji we soňky tesimlerde «bölümleri» diýen sözden soň «, RÝNÝ Merkezi arhiwi» diýen sözleri goşmaly;
10) 190-njy maddada:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmeginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy on sekiz ýaşyna ýeten adamyň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
Familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilmeginiň tertibi, esaslary, şeýle hem familiýanyň, adyň we atasynyň adynyň üýtgedilendiginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi hakynda Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda geçirilýär.»;
üçünji bölegi aýyrmaly;
11) 191-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«191-nji madda. Ölümiň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi
1. Ölümiň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibi we ýeri, şeýle hem ölümi döwlet belligine almak hakynda arzany bermegiň tertibi we möhleti «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.
2. Saglygy goraýyş edarasy we RÝNÝ edarasy ölüm hakynda resminamanyň we ölüm hakynda şahadatnamanyň öz wagtynda berilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.»;
12) 192-nji maddany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.