Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

view-icon 7490

1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.


Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adynyň

DÜZGÜNNAMASY

1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we seýislik sungatyny ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren, türkmen alabaý itlerini seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde aýratyn şahsy goşant goşan, türkmen alabaý itlerini idetmegiň we ýetişdirmegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde uly işleri bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner.

4. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adynyň dakylmagy döwlet häkimiýet edaralarynyň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi edaralarynyň teklipnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Teklipnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna iberilýär.

6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adynyň şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar.

7. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenilýär.

8. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly ady dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.


Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň

ÝAZGYSY

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany burçlarynyň aralygynda dört sany milli nagyş ýerleşdirilen sekizburçlukdan ybaratdyr. Döşe dakylýan nyşanyň umumy diametri — 45 mm.

Döşe dakylýan nyşanda dünýä kartasy ýerleşdirilen, diametri 24,9 mm bolan ýerligi gök reňk bilen syrçalanan merkezi böleginde türkmen alabaý itiniň kellesi şekillendirilen. Döşe dakylýan nyşanyň ýerligi sary reňk bilen syrçalanan merkezi tegeleginiň daşynda umumy diametri 34 mm, ini 3,6 mm bolan tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde altyn çaýylan harplaryň beýikligi 1,6 mm bolan «TÜRKMENISTANYŇ HALK ITŞYNASY» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa sary renkde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun pudaklarynyň şekili ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşan halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 30 mm bolan baýdak görnüşli gönüburçly altyn çaýylan kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada haly gölleri, iki sany zeýtun pudagy, ýarym Aý we ýyldyzlaryň bäşisi şekillendirilen. Kolodkanyň arka tarapynda nyşany geýime dakmak üçin ildirgiç bar.

Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden altyn çaýylyp ýasalýar.