Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen:
1-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.
2-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 22-nji maýy.
№ 377-VI.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda DÜZGÜNNAMA
1. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy ýyllarynda ýurdumyzy we jemgyýeti durnukly ösdürmek ugrunda çeken halal zähmeti bilen uly hyzmatlary bitiren adamlary sylaglamak üçin döredilýär.
2. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen:
- Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet, jemgyýetçilik işi, şeýle hem ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin;
- Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini, sungatyny, saglygy goraýşyny, şeýle hem ýurduň durmuşynyň beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin;
- Garaşsyz Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin;
- ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde görkezen uly hyzmatlary üçin sylaglanylýar.
3. «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner.
4. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň ÝAZGYSY
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly burçlarynyň aralygynda altyn çaýylan we ýaşyl reňk bilen syrçalanan dürli uzynlykdaky taýajyklar ýerleşdirilen sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Sekizburçlugyň ýerligi ak reňk bilen syrçalanan her burçunda bir sany ak sirkoniý daşy ýerleşdirilen. Sekizburçlugyň umumy diametri 44 mm.
Sekizburçlugyň üstünde ýerleşdirilen, diametri 31 mm bolan tegelegiň iç ýüzüniň ýokarky böleginde «GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn çaýylan zeýtun pudaklarynyň şekili ýerleşdirilen. Tegelegiň ýer şary şekillendirilen merkezi böleginde ýaşyl reňk bilen syrçalanan Türkmenistanyň kartasy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny aňladýan rim san bilen «XXX» diýen ýazgy, arça agajynyň şekili bilen birleşdirilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy hem-de parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiniň ganatlaryny ýaýyp duran şekili ýerleşdirilen.
Ýubileý medaly halkajyk arkaly ini 30 mm we beýikligi 20 mm bolan baýdak görnüşdäki kolodka birleşdirilen. Ýaşyl reňk syrça örtülen kolodkada bäş sany türkmen haly gölleri, iki sany zeýtun pudagy we bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.
Ýubileý medalynyň arka tarapyndaky tegelegiň diametri 31mm. Eşige dakmak üçin kolodka birikdirilen iňňebagjygyň uzynlygy 25,6 mm.
Ýubileý medaly 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylan.