Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda

view-icon 11880

Şu Kanun döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny, onuň amala aşyrylyş usullaryny kesgitleýär we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we ulanylýan çygry

1. Şu Kanunyň maksatlary döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem maddy, maliýe, intellektual, ylmy-tehniki we gaýry serişdeleriň jemlenmegi üçin hukuk şertlerini döretmek, bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygyny üpjün etmek, infrastrukturanyň obýektleriniň ösdürilmegi boýunça taslamalary, meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin býujetden daşary çeşmelerden serişdeleri çekmek bolup durýar.

2. Şu Kanunyň hereketi «Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklara, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan nebit işlerine we döwletiň hukuk tertibiniň, goranmak ukybynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen işe degişli däldir.

2-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

3-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy — döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň taýýarlanylmagy we durmuşa geçirilmegi üçin özleriniň serişdelerini birleşdirmeklige esaslanýan anyk möhlete hukuk taýdan resmileşdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy;

2) döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasy — ykdysady, durmuş we infrastruktura wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilen hususy maýa goýumlary çekmek we (ýa-da) dolandyrmagyň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak esasynda amala aşyrylýan çäreleriň jemi;

3) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasy — döwlet başyny başlaýjy we (ýa-da) hususy başyny başlaýjy tarapyndan taýýarlanylýan, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamasyny amala aşyrmak barada çözgüdiň saýlanylmagyny esaslandyrýan, döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamasynyň bahasyny we beýanyny kesgitleýän, netijeliliginiň we möhümliginiň esaslandyrmasyny, esasy häsiýetnamalaryny we ony amala aşyrmagyň aýratynlyklaryny, şeýle hem çekilýän maýa goýumlaryň ykdysady taýdan bähbitliligini üpjün etmegiň tärlerini özünde jemleýän resminama;

4) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk — şu Kanunda bellenilen tertipde we şertlerde, döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň arasynda baglaşylan raýat-hukuk şertnamasy;

5) döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýekti — taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, döredilmegi, üpjün edilmegi, maliýeleşdirilmegi, durkunyň täzelenilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy, ulanylmagy we hyzmat edilmegi döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän emläk, emläk toplumlary we durmuş-ykdysady infrastruktura, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagynyň barşynda ornaşdyrylmaga degişli bolan işler (hyzmatlar) we innowasiýalar;

6) döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň elýeterliligi üçin töleg — döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň peýdalanylýan (ulanylýan) we (ýa-da) hyzmat edilýän döwründe onuň elýeterliligini üpjün etmek üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda döwlet hyzmatdaşynyň hususy hyzmatdaşa geçirýän tölegleri;

7) döwlet hyzmatdaşy — Türkmenistan, onuň adyndan çykyş edýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary, şeýle hem oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlandyrylan beýleki edaralar (guramalar);

8) hususy hyzmatdaş — döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşan ýuridik şahs (esaslyk maýasynyň 50 göterimden ýokary paýy döwlete degişli bolan ýuridik şahsdan başga), daşary ýurt guramasy, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi;

9) peýdalanylany üçin töleg — döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda hususy hyzmatdaş tarapyndan harytlary (işleri, hyzmatlary) sarp edijilerden ýygnalýan tölegler;

10) ylalaşygyň obýektiniň ulanylmagy — ylalaşykda göz öňünde tutulan işleri amala aşyrmak maksady bilen, ylalaşygyň obýektini ulanmak, şol sanda şol ylalaşyk bilen kesgitlenen tertipde we şertlerde önümleri öndürmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek;

11) ylalaşygyň obýektine hyzmat (tehniki hyzmat) edilmegi — ylalaşygyň obýektiniň, maksatlaýyn wezipesine laýyklykda ulanylmagy üçin abat, howpsuz, ýaramly ýagdaýda saklanylmagyna we onuň gündelik we düýpli abatlanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen çäreler.

4-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri:

1) kanunyň hökmürowanlygy;

2) ykdysady işiň düzgünleşdirilmeginiň durmuş ugurlylygy;

3) ynsaply bäsleşik;

4) döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň arasyndaky bähbitleriň we töwekgelçilikleriň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi;

5) döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň deňhukuklylygy;

6) daşky gurşawy goramak;

7) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy amala aşyrylanda kadalaryň we düzgünleriň aýdyňlygy;

8) döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň netijeliligi.

II BAP. DÖWLET-HUSUSY HYZMATDAŞLYGYŇ DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

5-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

Şular döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:

ykdysady ösüşi höweslendirmek we Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek;

durmuş-ykdysady infrastrukturanyň emele getirilmegine, dikeldilmegine, ulanylmagyna, saklanylmagyna ýardam etmek;

durmuş-ykdysady infrastrukturanyň ulanylmagynyň we oňa hyzmat edilmeginiň hilini ýokarlandyrmak;

döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň elýeterliligini giňeltmek;

daşary ýurt maýa goýumlaryny hem goşmak bilen, hususy bölegiň maliýe serişdeleriniň çekilmegini üpjün edýän şertleri döretmek;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň institusional-hukuk esaslarynyň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi üçin ylmy barlaglary, häzirki zaman usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy döwlet tarapyndan goldamak.

6-njy madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy babatda döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk — ygtyýarly edara) tarapyndan amala aşyrylýar.

7-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

Ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamalary üçin döwlet hyzmatdaşyny kesgitleýär;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamalarynyň konsepsiýalaryny tassyklamak üçin ykdysadyýetiň pudaklarynyň aýratynlyklarynda aňryçäk mukdarynyň möçberini belleýär;

umumy bahasy bellenen aňryçäk mukdardan ýokary möçberdäki döwlet-hususy hyzmatdaşlyk taslamasynyň konsepsiýasyny tassyklaýar;

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawyny ýöretmegiň tertibini belleýär;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlyklary

Ygtyýarly edara:

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny işläp düzmeklige we amala aşyrmaklyga gatnaşýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy taýýarlananda we durmuşa geçirilende utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;

ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň konsepsiýalaryny işläp düzmäge ýardam edýär;

maýa goýujylar, halkara maliýe guramalary, şeýle hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň beýleki gatnaşyjylary bilen özara hereket etmekligi guraýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda usulyýet resminamalaryny, gollanmalary we gözükdirijileri taýýarlaýar we tassyklaýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň tehniki-ykdysady ölçeglerine seredýär we düşündirişleri berýär;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda birkysmy ylalaşyklaryň taslamalaryny işläp düzýär we bellenen tertipde tassyklaýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň Sanawyny ýöredýär;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna ýardam edýär;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny makullaýar, ret edýär ýa-da gutarnykly işlenilmegi üçin gaýtarýar;

şu Kanunda bellenilen halatlarda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin berýär;

bäsleşik resminamalarynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyklaryň taslamalaryny ylalaşýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda hünärmenleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy we olaryň hünärlerini ýokarlandyrmagy guraýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça düşündirişleri berýär;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna monitoringi amala aşyrýar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamalaryny taýýarlamak üçin bilermen-maslahatçylary çekýär;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

III BAP. DÖWLET-HUSUSY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDA YLALAŞYGYŇ TARAPLARY, OLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

9-njy madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary döwlet we hususy hyzmatdaşlar bolup durýarlar.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasyny maliýeleşdirýän maliýe we gaýry guramalar hem döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary bolup bilerler.

2. Döwlet hyzmatdaşy tarapyndan ygtyýarlandyrylan döwlet kärhanalary we (ýa-da) guramalary döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda döwlet hyzmatdaşynyň borçlaryny öz üstüne almak bilen, döwlet hyzmatdaşy tarapyndan hereket edip bilerler. Şunda döwlet hyzmatdaşy döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilişine doly jogapkärçilik çekýär.

3. Hususy hyzmatdaş döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça, esaslyk maýasynyň 50 göteriminden geçýän paýy döwlete degişli bolan kärhanalardan başga, bir ýa-da birnäçe guramalara öz hukuklaryny we borçlaryny berip biler. Şunda hususy hyzmatdaş döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilişine doly jogapkärçilik çekýär.

10-njy madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taraplarynyň hukuklary we borçlary

1. Döwlet hyzmatdaşynyň şulara hukugy bardyr:

hususy hyzmatdaşdan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň şertleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda hasabaty talap etmäge we almaga;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň şertleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijelerine baha bermegi amala aşyrmaga;

Türkmenistanyň kanunçylygynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň şertleriniň berjaý edilişine monitoringiň amala aşyrylmagynyň çäklerinde ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň aradan aýrylmagyny talap etmäge;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy boýunça hususy hyzmatdaşyň günäsi boýunça ýüze çykan ýitgileriň öweziniň dolunmagyny talap etmäge;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryny taýýarlamak üçin bilermen-maslahatçylary çekmäge.

2. Döwlet hyzmatdaşy şulara borçludyr:

Türkmenistanyň kanunçylygynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň talaplaryny berjaý etmäge;

bäsleşigiň gatnaşyjylaryna bäsleşigiň resminamalaryny bermäge, olara bäsleşigiň resminamalarynyň düzgünlerini düşündirmäge;

bäsleşigiň gatnaşyjylaryna binýadynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan ýer we obýekt bilen tanyşmak üçin zerur şertleri üpjün etmäge;

hususy hyzmatdaşa işini amala aşyrmak üçin niýetlenen emlägi eýeçiligine we (ýa-da) ulanmaga bermäge;

hususy hyzmatdaşa döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy amala aşyrmak üçin zerur bolan ygtyýarnamalary we rugsatlary almakda ýardam bermäge;

baglaşan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyklarynyň, olaryň ýanyna goşulýan goşundylary, üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary hem goşmak bilen, göçürme nusgalaryny döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga ýa-da degişli üýtgetmä ýa-da goşmaça gol çekilen senesinden başlap, on iş gününiň dowamynda ygtyýarly edara bermäge;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda göz öňünde tutulýan hususy hyzmatdaşyň öz maýa goýumlaryny we girdejilerini erkin dolandyrmaga we olara ygtyýarlyk etmäge ýa-da aktiwleri we amala aşyrylýan işi dolandyrmaga we gözegçilik etmäge hukuklaryny çäklendirmezlige;

hususy hyzmatdaş ýa-da hususy hyzmatdaş tarapyndan çekilen üçünji şahslar tarapyndan amala aşyrylýan işe gatyşmazlyga;

Türkmenistanyň kanunçylygynda we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekmäge.

3. Hususy hyzmatdaşyň şulara hukugy bardyr:

döwlet hyzmatdaşyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan we elýeterli maglumatlary almaga;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň şertleriniň üýtgedilmegi hakynda teklipleri girizmäge;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy boýunça döwlet hyzmatdaşynyň günäsi boýunça ýüze çykan ýitgileriň öweziniň dolunmagyny talap etmäge.

4. Hususy hyzmatdaş şulara borçludyr:

Türkmenistanyň kanunçylygynyň we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň talaplaryny berjaý etmäge;

Türkmenistanyň kanunçylygynda we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekmäge.

5. Hususy hyzmatdaşyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň şertlerinde özüne berlen ýer bölegini beýleki ýuridik we fiziki şahslara bermäge hukugy ýokdur.

IV BAP. DÖWLET-HUSUSY HYZMATDAŞLYGY TASLAMASYNYŇ BAŞYNYŇ BAŞLANYLMAGY WE TAÝÝARLANYLMAGY

11-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň başynyň başlanylmagy

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy döwlet edarasy (guramasy) (mundan beýläk — döwlet başyny başlaýjy) we (ýa-da) hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs (mundan beýläk — hususy başyny başlaýjy) tarapyndan başlanylyp bilner.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň başlanylmagy şulary öz içine alýar:

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny işläp düzmekligi;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň baha berilmegi, ylalaşylmagy we tassyklanylmagy üçin degişli döwlet edarasyna iberilmegi;

Ygtyýarly edara tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyna seredilmegi, onuň makullanylmagy, ret edilmegi ýa-da gutarnykly işlenilmegi üçin yzyna gaýtarylmagy;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň ylalaşylan konsepsiýasynyň döwlet hyzmatdaşy ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanmagy;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň ygtyýarly edara tarapyndan Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawyna girizilmegi.

12-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň döwlet başyny başlaýjy tarapyndan taýýarlanylmagy

1. Döwlet başyny başlaýjy döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny, düzgün boýunça, özüniň ygtyýarlylygyna girýän ykdysady we durmuş çygyrlarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça işläp düzýär.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň taýýarlanylmagy, ony durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň rejeliligini we netijeliligini hem-de onuň amatly görnüşiniň ýüze çykarylmagyny üpjün edýän deslapky maliýe hasaplamalary esasynda, hususan-da, şulary hasaba almak bilen amala aşyrylýar:

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň maliýe-ykdysady netijeliliginiň görkezijilerini;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda, hususy hyzmatdaş tarapyndan taslamalaşdyrylýan, döredilýän, maliýeleşdirilýän, durky täzelenilýän, ulanylýan ýa-da hyzmat edilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygy obýektiniň düzümini we ölçeglerini;

hususy hyzmatdaşyň maýa goýumlarynyň garaşylýan möçberini we Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmeginiň çak edilýän möçberini;

döwlet we hususy hyzmatdaşlaryň borçnamalaryny;

hususy hyzmatdaşa berilýän döwlet goldawynyň görnüşlerini;

gepleşikleri geçirmegiň möhletlerini;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň peýdalanylmagy bilen berilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) elýeterliliginiň şertlerini.

3. Ilatyň, harytlary (işleri, hyzmatlary) sarp edijileriň, peýdalanyjylaryň bähbitlerini hasaba almak maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasyny taýýarlamak jemgyýetçilik ara alyp maslahatlaşmalary bilen ugurdaşlykda bolup biler.

13-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň hususy başyny başlaýjy tarapyndan taýýarlanylmagy

1. Hususy başyny başlaýjynyň bolup biljek döwlet hyzmatdaşyna döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny işläp düzmäge we bermäge haky bardyr. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynda bar bolan meseleleriň çözülmegine täzeçillikli çemeleşme bolmalydyr we taraplaryň kabul ederlikli deň derejeli bähbitlerini üpjün etmelidir.

Hususy başyny başlaýjy döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny hödürlemezinden öň deslapky ara alyp maslahatlaşmalary geçirip, şeýle hem bolup biljek döwlet hyzmatdaşy bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda maglumatlary alşyp biler.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny alan, bolup biljek döwlet hyzmatdaşy otuz senenama gününiň dowamynda onuň amala aşyrylmagyny makullamak ýa-da ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär.

3. Hususy başyny başlaýjynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasy makullanan halatynda, bolup biljek döwlet hyzmatdaşy bu konsepsiýany ylalaşmak üçin ygtyýarly edara iberýär.

4. Şular döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyndan ýüz döndermek üçin esas bolup durýar:

hususy başyny başlaýjynyň şu Kanunda kesgitlenen dalaşgärlere bildirilýän talaplara laýyk gelmezligi;

bolup biljek döwlet hyzmatdaşynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektine hojalygy ýörediş hukugynyň ýa-da dessin dolandyryş hukugynyň bolmazlygy;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň taslamalaşdyrylmagyna, gurluşygyna, döredilmegine, maliýeleşdirilmegine, durkunyň täzelenilmegine, ulanylmagyna we hyzmat edilmegine zerurlygyň bolmazlygy;

taslamanyň amala aşyrylmagynyň ykdysady maksadalaýyklygynyň we (ýa-da) jemgyýetçilik mätäçliginiň bolmazlygy.

5. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasy tassyklanan halatynda, bolup biljek döwlet hyzmatdaşy, şeýle hem ygtyýarly edara bäş senenama gününiň dowamynda özüniň resmi web-saýtlarynda we başga ýöriteleşdirilen web-saýtlarynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasyny we başga dalaşgärlere özleriniň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigi hakynda mälim etmekleri barada hödürlemäni çap edýärler.

6. Eger döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň çap edilen gününden başlap, kyrk bäş senenama gününiň dowamynda haýsy-da bolsa bir hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs, bolup biljek döwlet hyzmatdaşyna döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigi hakynda mälim etmedik bolsa, onda bolup biljek döwlet hyzmatdaşy şu Kanunyň 21-nji maddasyna laýyklykda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagy hakynda çözgüt kabul edýär we hususy başyny başlaýjy bilen gepleşikleriň geçirilmegine başlaýar, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taslamasyny ygtyýarly edara bilen ylalaşýar we ygtyýarly edara tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda taslamanyň ylalaşylan gününden başlap, altmyş günüň dowamynda hususy başyny başlaýjy bilen bäsleşigi geçirmezden, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşýar.

Eger haýsy-da bolsa bir hususy telekeçi ýa-da ýuridik şahs döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyna özüniň gyzyklanma bildirýändigi hakynda mälim etse, onda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin hususy hyzmatdaşy kesgitlemek bäsleşik esasynda ýerine ýetirilýär.

7. Hususy başyny başlaýja döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly çykdajylarynyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň umumy bahasynyň bir göteriminden geçmeýän möçberde bäsleşigiň ýeňijisiniň ýa-da ätiýaçdaky ýeňijisiniň hasabyna öwezi dolunyp bilner.

14-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy

1. Umumy bahasy bellenen aňryçäk mukdaryň çäklerindäki döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy döwlet hyzmatdaşy tarapyndan ygtyýarly edara bilen ylalaşmak esasynda özbaşdak amala aşyrylýar.

2. Umumy bahasy bellenen aňryçäk mukdardan ýokary möçberdäki döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasynyň tassyklanylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň konsepsiýasy tassyklanandan soň we Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawyna goşulandan soň, döwlet hyzmatdaşy otuz senenama gününiň dowamynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy hakynda çözgüt kabul edýär.

15-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawy

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýan taslamalary hakynda maglumatlary we habarlary özünde jemleýän ýeke-täk maglumatlar ulgamy bolup durýar.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawy ygtyýarly edaranyň resmi web-saýtynda ýerleşdirilýän umumy elýeterli maglumatlar serişdesi bolup durýar.

3. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan ýöredilýär.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

16-njy madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalary hakynda maglumatlar

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalary hakynda maglumatlar, şol sanda olaryň konsepsiýalary, hususy hyzmatdaşlary saýlap almagyň şertleri we ölçegleri hakynda maglumatlar, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň esasy düzgünleri, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň taýýarlanylyşynyň we amala aşyrylyşynyň barşy hakynda maglumatlar döwlet hyzmatdaşynyň we ygtyýarly edaranyň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirilmelidir.

V BAP. HUSUSY HYZMATDAŞY SAÝLAP ALMAK

17-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmaga hukugy gazanmak üçin bäsleşik

1. Döwlet hyzmatdaşy bäsleşigiň ýa-da göni gepleşikleriň netijesi boýunça kesgitlenýän hususy hyzmatdaş bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk baglaşýar.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy boýunça iki tapgyrly bäsleşik geçirilýär.

Iki tapgyrly bäsleşik dalaşgärleriň deslapky hünär derejesini kesgitlemek we bäsleşigiň ýeňijisini saýlap almak tapgyrlaryny öz içine alýar.

3. Iki tapgyrly bäsleşik şu tertipde geçirilýär:

birinji tapgyrda ýüztutmalara garalýar we bäsleşik resminamalarynyň şertlerinde görkezilen, düýpli (konseptual) we tehniki çözgütler esasynda işlenip düzülen bäsleşik tekliplerine baha berilýär. Dalaşgärler bilen bäsleşigiň närsesiniň ölçegleri boýunça gepleşikler geçirilip bilner;

ikinji tapgyrda bäsleşigiň närsesiniň takyklanan ölçegleriniň hasaba alynmagy bilen, bahasyny (tarifi) hökmany görkezip, hödürlenen tehniki we täjirçilik (maliýe) tekliplerine garalýar we baha berilýär.

4. Iki tapgyrly bäsleşigi geçirmegiň düzgüni şulary öz içine alýar:

bäsleşigiň geçirilýändigi hakynda bildirişiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi hem-de döwlet hyzmatdaşyň we ygtyýarly edaranyň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirilmegi;

dalaşgärlerden bäsleşige gatnaşmak üçin resmi ýüztutmalaryň alynmagy;

döwlet hyzmatdaşy tarapyndan bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgärlere deslapky hünär dereje resminamalarynyň iberilmegi;

dalaşgärleriň hünär derejesini tassyklaýan deslapky hünär dereje maglumatlaryny ýygnamagy we baha bermegi;

deslapky hünär derejesini geçen dalaşgärleriň sanawynyň emele gelmegi;

döwlet hyzmatdaşy tarapyndan bäsleşik resminamasynyň we bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşik ýüztutmalaryny (tekliplerini) bermek barada haýyşnamanyň iberilmegi;

dalaşgärler tarapyndan bäsleşige gatnaşmak üçin tehniki we täjirçilik (maliýe) teklipleriniň berilmegi;

dalaşgärleriň bäsleşige gatnaşmak üçin bäsleşik ýüztutmalary (teklipleri) bolan bukjalaryň açylmagy;

bäsleşik ýüztutmalaryna (tekliplerine) baha berilmegi;

bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek;

bäsleşigiň ýeňijisi bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy.

5. Deslapky hünär derejesine gatnaşmaga ýüztutmalary toplamak üçin möhlet bäsleşigiň geçirilmegi hakynda bildiriş çap edilen gününden başlap, otuz senenama gününden az bolmaly däldir.

Deslapky hünär derejesiniň geçirilmegi üçin azyndan iki dalaşgäriň gatnaşmagy zerurdyr.

6. Bäsleşigiň ýeňijisiniň saýlanylýan tapgyrynda döwlet hyzmatdaşy deslapky hünär derejesinden geçen dalaşgärlere bäsleşik ýüztutmalaryny (tekliplerini) bermekleri hakyndaky haýyşnamany we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny iberýär.

7. Bäsleşik ýüztutmalarynyň (teklipleriniň) berilmeginiň soňky möhleti bäsleşik ýüztutmalarynyň (teklipleriniň) berilmegi üçin haýyşnamada görkezilýär we bu haýyşnamanyň deslapky hünär derejesinden geçen dalaşgärlere ugradylan senesinden başlap, kyrk bäş senenama gününden az bolmaly däldir.

8. Dalaşgärleriň hiç birisiniň birden köp bäsleşik ýüztutmasyny (teklibini) bermäge hukugy ýokdur. Dalaşgär bäsleşik toparyna bäsleşik ýüztutmalarynyň (teklipleriniň) berilmeli möhleti geçmezinden öň, islendik wagt bäsleşik ýüztutmasyny (teklibini) üýtgedip ýa-da yzyna alyp biler.

9. Bäsleşik ýüztutmalaryna (tekliplerine) baha bermek bäsleşik topary tarapyndan bellenen möhletiň dowamynda geçirilýär. Ýüztutmalara (teklibe) baha bermek bäsleşik topary tarapyndan bellenen her bir bäsleşik ölçegi (kriteriý) boýunça amala aşyrylýar.

10. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýa-da olaryň wekilleriniň bäsleşik ýüztutmalaryna (tekliplerine) baha berlen mahalynda gatnaşmaga haky ýokdur. Baha bermegiň barşynda bäsleşik toparynyň düşündirişleri bermekleri, özlerinden goşmaça maglumatlaryň we beren resminamalarynyň hakykylygynyň tassyknamasynyň soralyp alynmagy üçin dalaşgärleri çagyrmaga haky bardyr. Bäsleşigiň netijeleri jemlenen mahalynda bäsleşige gatnaşyjylar we (ýa-da) olaryň ynanylan şahslary gatnaşyp bilerler.

11. Bäsleşik topary tarapyndan ähli dalaşgärleriň bäsleşik ýüztutmalarynyň (teklipleriniň) bäsleşik ýüztutmalary (teklipleri) talaplaryna laýyk gelmeýär diýlip ykrar edilen halatynda, ol bäsleşigi hakyky däl diýip ykrar edýär we gaýtadan bäsleşik geçirmegi yglan etmäge haky bardyr. Gaýtadan geçirilýän bäsleşik, bäsleşik geçirmek üçin düzgün bilen kesgitlenen tertipde geçirilýär.

12. Bäsleşik topary döwlet hyzmatdaşynyň we ygtyýarly edaranyň resmi web-saýtlarynda bäsleşigiň ýeňijisi hakynda maglumatlary ýerleşdirýär.

13. Şu Kanunyň 13-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, dalaşgärleriň bäsleşige gatnaşmak bilen baglanyşykly eden çykdajylarynyň öwezi dolunmaga degişli däldir.

18-nji madda. Bäsleşik resminamalary

1. Döwlet hyzmatdaşy döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşygy baglaşmaga hukuk üçin bäsleşigiň geçirilmegini düzgünleşdirýän bäsleşigiň resminamalaryny taýýarlap, ygtyýarly edara bilen ylalaşyp tassyklaýar.

2. Bäsleşigiň resminamalarynda şular öz beýanyny tapmalydyr:

dalaşgärleriň hünär dereje talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalaryna bildirilýän talaplar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň ýerleşýän ýeri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň tehniki-ykdysady görkezijileri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň taslamalaşdyrylmagynyň, gurluşygynyň, maliýeleşdirilmeginiň, durkunyň täzelenilmeginiň, ulanylmagynyň we hyzmat edilmeginiň möhletleri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň ýa-da hususy hyzmatdaş tarapyndan edilýän hyzmatlaryň hiline bildirilýän görkezijiler ýa-da talaplar;

döwlet hyzmatdaşy tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, hususy hyzmatdaşa berilýän maliýeleşdirmegiň möçberi, emläkleriň ýa-da emläk hukuklarynyň sanawy;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplarynyň öz üstüne alýan töwekgelçilikleri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň görkezijileri öz beýanyny tapýan pul birligi we hasaplaşyklarda ulanyljak puluň hümmeti;

bäsleşik ölçegleriniň beýan edilmegi;

bäsleşik ýüztutmasynyň (teklibiniň) mazmuny, bäsleşik ýüztutmalarynyň (teklipleriniň) berilmeginiň usuly, ýeri, möhletleri we hereketleri;

bäsleşik ýüztutmasy (teklibi) boýunça üpjün etmäniň giriziliş şertleri;

bäsleşik ýüztutmalary (teklipleri) bolan bukjalary açmagyň düzgünleri, ýeri, senesi we wagty.

3. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taslamasy bäsleşik resminamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

4. Döwlet hyzmatdaşynyň ygtyýarly edara bilen ylalaşyp, bäsleşik resminamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmäge hukugy bardyr. Döwlet hyzmatdaşy bäsleşik resminamalaryna üýtgetmeler we (ýa-da) goşmaçalar girizmek hakynda karar kabul eden gününden başlap, bäş senenama gününden gijä galman, ähli dalaşgärlere bäsleşik resminamalaryna üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilendigi hakynda habar bermäge borçludyr. Şunda bäsleşik ýüztutmalarynyň (teklipleriniň) berilmeginiň soňky möhleti dalaşgärler tarapyndan bäsleşik ýüztutmalaryndaky (tekliplerindäki) bu üýtgetmeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň hasaba alynmagy üçin döwlet hyzmatdaşy tarapyndan otuz senenama gününden az bolmadyk möhlete uzaldylýar.

19-njy madda. Bäsleşik ölçegleri

1. Bäsleşik ölçegleri aýdyň bolmalydyr we olarda hukuklar kemsidilýän düzgünler bolmaly däldir.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etmek üçin bäsleşige gatnaşan mahalynda dalaşgär şu aşakdaky ölçeglere laýyk gelmelidir:

hukuk ukyplylygyna eýe bolmaly;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan maliýe we (ýa-da) maddy, tehniki we (ýa-da) hünär derejeli zähmet gorlary bolmaly;

barlygy bähbitleriň çaknyşygyna getirjek esaslar bolmaly däl.

3. Üýtgedilip guralmak, ýapylmak we (ýa-da) batmak derejesinde duran dalaşgärler bäsleşige gatnaşmaga goýberilmeýär.

4. Bäsleşigiň ýeňijisini saýlap almak tapgyrynda peýdalanylýan ölçeglerde şular göz öňünde tutulýar:

döwlet hyzmatdaşynyň we hususy hyzmatdaşyň amala aşyrýan tölegleriniň möçberi;

aňryçäk bahalar we tarifler;

hususy hyzmatdaşyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi üçin çekilýän serişdeleriniň möçberi;

hususy hyzmatdaşa berilýän döwlet goldawynyň möçberi we görnüşleri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň taslamalaşdyrylmagynyň we (ýa-da) gurluşygynyň, döredilmeginiň, durkunyň täzelenilmeginiň, ulanylmagynyň we hyzmat edilmeginiň möhleti;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň tehniki we tehnologik artykmaçlyklary, işleýiş we innowasion häsiýetnamalary.

20-nji madda. Bäsleşik topary

1. Döwlet hyzmatdaşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyk boýunça döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmak hukugy üçin bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek üçin bäsleşik toparyny emele getirýär.

2. Bäsleşik toparynyň düzümine hökmany tertipde döwlet hyzmatdaşynyň we ygtyýarly edaranyň wekilleri girýärler.

3. Döwlet hyzmatdaşynyň wekili bäsleşik toparynyň başlygy bolup durýar. Ygtyýarly edaranyň wekili bäsleşik toparynyň düzümine maslahatçy sesi bilen gatnaşýar.

4. Bäsleşik topary agzalarynyň täk sanyndan ybarat bolmalydyr.

5. Eger bäsleşik toparynyň ýygnagyna öz agzalarynyň azyndan dörtden üç bölegi gatnaşýan bolsa, şonda ol karar kabul etmäge hukuklydyr, şonuň bilen birlikde bäsleşik toparynyň her bir agzasynyň bir sesi bar.

6. Bäsleşik toparynyň kararlary bäsleşik toparynyň ses bermäge gatnaşan agzalarynyň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär. Sesleriň deňligi mahalynda bäsleşik toparynyň başlygynyň sesi çözüji bolup durýar.

7. Bäsleşik topary, ýygnaklara gatnaşýan onuň ähli agzalary tarapyndan gol çekilýän, öz ýygnaklarynyň teswirnamalaryny ýöredýär.

8. Bäsleşik toparynyň agzasynda ýygnaga çykarylan meseleler boýunça bähbitleriň çaknyşygy bar bolan mahalynda ol öz-özüne ynanmazlyk bildirýändigini beýan etmelidir we bu mesele boýunça ses bermäge gatnaşmaly däldir, bu barada teswirnamada bellik edilýär.

21-nji madda. Göni gepleşikler

Taraplar döwlet hyzmatdaşynyň karary bilen göni gepleşikleriň geçirilmegi arkaly bäsleşik geçirmezden, şu aşakdaky ýagdaýlarda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşyp bilerler:

intellektual işiň netijelerine aýratyn hukuklar, gaýry aýratyn hukuklar, ýer bölegi, gozgalmaýan emlägiň başga obýekti hem-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagynyň zerur şerti bolup durýan başga emläk anyk şahsa degişli bolan halatlarynda;

Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenen halatlarynda.

VI BAP. DÖWLET-HUSUSY HYZMATDAŞLYGY HAKYNDA YLALAŞYK

22-nji madda. Bäsleşigiň ýeňijisi bilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy

1. Döwlet hyzmatdaşy bäsleşik resminamalarynda beýan edilen şertlere, möhletlere we düzgünlere laýyklykda, Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşýar.

2. Eger bäsleşik resminamalarynda göz öňünde tutulan möhlet geçenden soň, bäsleşigiň ýeňijisi döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gol çekmese ýa-da bäsleşik topary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijisi tarapyndan berlen maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda, bäsleşik topary onuň çetleşdirilmegi hakynda karar kabul edýär we ätiýaçdaky ýeňijini bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edýär hem-de bäsleşigiň ýeňijisiniň diskwalifikasiýasy hakynda kararyň kabul edilen senesinden başlap, on senenama gününiň dowamynda ätiýaçdaky ýeňijä bäsleşigiň ýeňijisiniň şertlerinde döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmagy teklip edýär. Bäsleşik topary tarapyndan bäsleşigiň ätiýaçdaky ýeňijisinden döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşmak hakynda teklibiň iberilen senesinden başlap, otuz senenama gününiň dowamynda oňaýly jogap alynmasa, bäsleşik topary bäsleşigi hakyky däl diýip ykrar edýär we gaýtadan bäsleşik yglan edýär.

23-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň esasy şertleri

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk döwlet hyzmatdaşy bilen hususy hyzmatdaşyň arasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde baglaşylan resminama bolup durýar.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda şu maglumatlar bolmalydyr:

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň närsesi hakynda;

taraplaryň hukuklary we borçlary hakynda;

döwlet hyzmatdaşy bilen hususy hyzmatdaşyň arasynda töwekgelçilikleriň paýlanyşy hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň tehniki-ykdysady görkezijileri hakynda, şol sanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda taslamalaşdyrylmagyna, gurluşygyna, döredilmegine, maliýeleşdirilmegine, durkunyň täzelenilmegine, ulanylmagyna we hyzmat edilmegine berlen ýa-da degişli bolan beýleki döwlet-hususy hyzmatdaşlygy obýektleriň beýan edilmegini hem goşmak bilen, olaryň peýdalanylmagynyň maksatlary we möhletleri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmeginiň (hyzmatlaryň edilmeginiň) möhletleri we tertibi hakynda;

degişli infrastruktura babatda we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy boýunça taraplaryň hukuklarynyň paýlanylyşy hakynda, şeýle hem olaryň berliş tertibi hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin talap edilýän ýer bölekleriniň berilmeginiň tertibi we düzgünleri, ýer böleklerine degişli başga şertler hakynda;

hususy hyzmatdaş tarapyndan berilýän harytlar, işler, hyzmatlar üçin bahalaryň, tarifleriň bellenilmeginiň we üýtgedilmeginiň şertleri hakynda;

taraplaryň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün ediliş usullary, möçberleri we möhletleri hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket ediş möhleti, onuň kesgitleniş tertibi hakynda;

höweslendirmeleriň, elýeterliligi üçin tölegiň, ulanylany üçin tölegiň, hususy hyzmatdaşyň döwlet hyzmatdaşyna töleginiň we (ýa-da) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly girdejileriň paýlanylmagyny hem goşmak bilen, gaýry tölegleriň görnüşleri, möçberleri, şertleri, tertibi hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň tertibi hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň bes edilmeginiň esaslary, tertibi we şertleri, möhletinden öň bes edileni üçin tölegiň möçberi we tertibi hakynda;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň durmuşa geçirilişine monitoringiň we gözegçiligiň tertibi hakynda;

ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalar hakynda;

taslama resminamalaryny işläp düzmek boýunça borçnamalar hakynda;

taraplaryň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasy boýunça borçnamalarynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligi hakynda;

jedelleriň çözülişiniň tertibi hakynda;

Türkmenistanda işgärleriň işe alynmagy we zähmetiň ulanylmagy babatda ulanyp bolýan şertler hakynda;

hususy hyzmatdaşyň paýlaryna eýelik etmek babatda talaplar hakynda we hususy hyzmatdaşyň we onuň affilirlenen şahslarynyň emlägi babatda gaýry emläk hukuklary hakynda;

ýaşyrynlyk hakynda.

24-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän möhleti üç ýyldan az we kyrk bäş ýyldan köp bolmaly däldir.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda kesgitlenen halatlarda we şertlerde, şu maddanyň birinji böleginde bellenen möhletleriň çäklerinde onuň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy ýa-da gysgaldylmagy barada şertleşip bilerler.

25-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň üýtgedilmeginiň, oňa goşmaça girizilmeginiň ýa-da ýatyrylmagynyň esaslary

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, taraplaryň ylalaşmagy boýunça ýa-da kazyýetiň karary boýunça üýtgedilip, oňa goşmaça girizilip ýa-da ýatyrylyp bilner.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk taraplaryň biriniň talaby boýunça diňe şu aşakdaky ýagdaýlarda kazyýetiň karary boýunça üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner:

beýleki tarap döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy düýpli bozan mahalynda;

kanunçylykda ýa-da döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda göz öňünde tutulan başga ýagdaýlarda.

3. Taraplaryň biriniň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy bozmagy, beýleki tarap üçin ýetirilen şeýle zyýan, ol döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy baglaşan pursadynda hasap edip garaşýanlaryna bolan hukugyndan ep-esli derejede mahrum bolmagyna getirse, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň düýpli bozulmagy diýlip ykrar edilýär.

4. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky ylalaşygy ýerine ýetirmekden dolulygyna ýa-da bölekleýin birtaraplaýyn ýüz dönderilen ýagdaýynda, şeýle ýüz döndermeklige kanunda ýa-da ylalaşykda ýol berilýän mahalynda, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk ýatyrylan diýlip ykrar edilýär.

26-njy madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň amala aşyrylmagyna çekilen emläk

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk döwlet hyzmatdaşynyň hususy hyzmatdaşa döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektini düzýän emlägi we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan başga emlägiň eýeçilige we (ýa-da) ulanmaga berilmegini göz öňünde tutup biler. Şeýle emlägiň berilmegi döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk esasynda amala aşyrylýar. Bu berilme üçin goşmaça şertnamalara ýa-da ylalaşyklara gol çekilmegi talap edilmeýär.

2. Eýeçilik hukugyna eýe bolan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan çäklerde, ýer böleklerini, beýleki gozgalmaýan, şeýle hem gozgalýan emläk we maddy däl aktiwler bilen bir hatarda gaýry emläk hukuklary kärendesine, eýeçiligine, peýdalanmaga bolan hukuklary goşmak bilen, biri-birine geçirmek hukugyna eýe bolmalydyr.

27-nji madda. Ýer bölekleriniň berilmegi

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň ýerleşýän we (ýa-da) döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykdaky göz öňünde tutulýan işi amala aşyrmak üçin zerur bolan ýer bölegi, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda bellenilen möhlete hususy hyzmatdaşa berilýär.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça özüniň borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin şertnamanyň esasynda hususy hyzmatdaşa ýer bölegi bäsleşik geçirilmezden berilýär.

3. Döwlet hyzmatdaşy tarapyndan hususy hyzmatdaşa ýer bölegini bermek ýa-da oňa bolan hukugy bermek boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmezligi hususy hyzmatdaş tarapyndan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygy birtaraplaýyn bozmagy üçin esas bolup durýar.

4. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň bes edilmegi döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň amala aşyrylmagy üçin berlen ýer bölegi babatda şertnama gatnaşyklarynyň bes edilmegi üçin esas bolup durýar.

28-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplarynyň emläk jogapkärçiligi

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplary öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda emläk jogapkärçiligini çekýärler.

2. Taraplaryň biri özüniň döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmedik halatynda, beýleki tarapyň özüne ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.

29-njy madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektine eýeçilik hukuklarynyň berilmeginiň tertibi

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň çäklerinde taslamalaşdyrylan, döredilen, maliýeleşdirilen, durky täzelenen, ulanylýan we hyzmat edilýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektine eýeçilik hukugynyň döwlet hyzmatdaşyna ýa-da döwlet emlägi boýunça ygtyýarly edilen döwlet edarasyna berilmeginiň tertibi döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda bellenilýär.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektine eýeçilik hukuklarynyň berilmeginiň pursaty görkezilmelidir, hususan-da:

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň ulanylmaga girizilýän pursaty;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket ediş möhletiniň tamamlanýan pursaty;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşykda bellenen başga wagtyň pursaty.

VII BAP. HUSUSY HYZMATDAŞYŇ WE KREDITORYŇ (ALGYDARYŇ) HUKUKLARYNYŇ KEPILLIKLERI

30-njy madda. Hususy hyzmatdaşyň hukuklarynyň kepillikleri

1. Eger, Türkmenistanyň soňraky kanunçylygy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektiniň maýa goýumynyň şertlerini ýaramazlaşdyrýan bolsa, onda hususy hyzmatdaş babatda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň baglaşylan senesinden başlap, on ýylyň dowamynda onuň baglaşylan senesinde hereket eden kanunçylyk ulanylýar.

2. Hususy hyzmatdaşyň Türkmenistanyň täze kanunçylygynyň, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektine maýa goýumynyň şertlerini gowulandyrýan düzgünlerini ulanmaga hukugy bardyr.

31-nji madda. Kreditoryň (algydaryň) hukuklarynyň kepillikleri

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk kreditoryň (algydaryň) hukuklarynyň kepilliklerini, şol sanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk ýatyrylan halatynda öwezini dolmalaryň möçberini üpjün edýän düzgünleri göz öňünde tutup biler.

2. Hususy hyzmatdaş kreditora (algydara) üpjünçiligiň islendik usullaryny ýa-da görnüşlerini berip biler, şol sanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk we bu ylalaşygyň ýerine ýetirilmegi babatda baglaşylan ylalaşyklar boýunça öz hukuklaryny, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamasynyň düzümine girýän hukuklar, aktiwler, paýnamalaryň girewi, bu ylalaşyk boýunça hukuklaryň, peýdanyň we tölenmäge degişli möçberleriň girewi ýa-da berilmegi.

VIII BAP. DÖWLET-HUSUSY HYZMATDAŞLYGY TASLAMALARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILIŞINIŇ ÇYGRYNDA MONITORING WE HASABATLYLYK

32-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň ýerine ýetirilişine monitoring

1. Ygtyýarly edara döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilişine döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň şertleriniň berjaý edilişi babatda monitoringi amala aşyrýar. Hususy hyzmatdaş monitoringiň amala aşyrylmagynyň maksatlary üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň obýektlerine we degişli resminamalara elýeterliligi üpjün etmäge borçludyr.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi hakynda maglumatlaryň alşylmagy babatda ylalaşygyň taraplarynyň borçlaryny göz öňünde tutýar.

33-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlylyk

1. Döwlet hyzmatdaşy döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň taraplarynyň gol çeken hasabatyny ygtyýarly edara berýär.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatyň görnüşi, ony bermegiň tertibi we möhletleri ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

34-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy maliýe taýdan goldamagyň görnüşleri

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň çäklerinde hususy hyzmatdaşlara maliýe goldawynyň şu görnüşleri berlip bilner:

subsidiýalar, şol sanda hususy hyzmatdaşyň döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilmeginden kepillendirilýän iň pes girdejiniň üpjün edilmegi üçin gönükdirilýänleri;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan aktiwler we emläk görnüşindäki goýumlar;

döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň taslamasynyň ýerine ýetirilmeginiň barşynda öndürilen ýa-da iberilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kesgitli mukdarynyň ýa-da böleginiň sarp edilmeginiň ýa-da peýdalanylmagynyň tölenilmegine gönükdirilýän Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;

Türkmenistanyň Döwlet býujetinden berilýän býujet ssudalary, nesýeleri, grantlary, karz görnüşindäki serişdeleri;

Türkmenistanyň döwlet kepillikleri;

salgyt we beýleki ýeňillikler;

maliýeleşdirmegiň, kepillikleriň we (ýa-da) öwezini dolmalaryň başga görnüşleri.

35-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk boýunça tölegler

1. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk peýdalanylany üçin tölegleriň, elýeterliligi üçin tölegleriň we beýleki tölegleriň tölenilmegini göz öňünde tutup biler.

2. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşygyň hereket edýän döwründe peýdalanylany, elýeterliligi, beýleki tölegler üçin bölünip berilýän býujet serişdeleri her ýyl Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylar böleginde göz öňünde tutulýar.

3. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga laýyklykda hususy hyzmatdaş döwlet hyzmatdaşyna şu görnüşlerde tölegleri amala aşyryp biler:

döwürleýin esasda tölenilmäge degişli kesgitlenilen möçber;

birwagtlaýyn töleg;

hususy hyzmatdaşa onuň işinden tölenilmäge degişli islendik girdejileriň bellenilen bölegi.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyk tölegleriň dürli görnüşleriniň sazlaşygyny göz öňünde tutup biler.

X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

36-njy madda. Jedelleriň çözülişi

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

37-nji madda. Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda kanunçylygyň bozulmagynda günäkär şahslar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

38-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 5-nji iýuny.