Ï Merkezi Aziýa: köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we geljege umumy garaýyş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýa: köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we geljege umumy garaýyş

view-icon 15840

Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz gepleşikleriniň netijeleri bilermenleriň Merkezi Aziýada sebit kooperasiýasynda we goşulyşmasynda täze ösüşiň kemala gelýändigi baradaky pikirini tassyklaýar. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda önümçilik kooperasiýasy barada iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyk we 2021-2023-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy Maksatnamasy; daşky gurşawy goramak babatda ugurdaş guramalaryň hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama we energetika edaralarynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama hem-de beýleki möhüm resminamalar bar. Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň ýokary hilli türkmen dokma önümlerini gyrgyz tikinçilik pudagynyň mümkinçilikleri bilen sazlaşdyrmak baradaky teklibi sebitiň ykdysadyýetletiňni jebis hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk mysallarynyň biridir.

27-nji iýunda geçirilen gyrgyz-türkmen ykdysady forumynda Gyrgyzystana jemi ABŞ-nyň 21 millon dollaryndan gowrak möçberde santehnika enjamlaryny, gök ekin, azyk önümlerini ibermek barada şertnamalar baglaşyldy. Gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde egin-eşik we aýakgap önümçiliginde, maýa goýum we import-eksport işlerinde iki döwletiň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek karar edildi. Gyrgyz wekilýetiniň sapary tamamlanandan Bişkege türkmen telekeçileriniň harytlarynyň ugradylmagy hem hyzmatdaşlaryň gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge meýillidigine şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Senagatçyalr we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynyň habaryna görä, «DERÝAPLASTIK» Hojalyk jemgyýeti Gyrgyz Respublikasyna öz öndürýän önümlerini – dürli santehniki we keramiki önümleri, suw gyzdyryjy enjamlary iberdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň ikitarplaýyn gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi we giňeldilmegi umumy sebit goşulyşmasynyň, aýratynam energetika, ulag, ekologiýa ýaly starategik möhüm ulgamlarda ösmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşiklerde nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň hyzmatdaşlygy häzirki wagtda Merkezi Aziýa giňişliginde durnukly we oňyn ösüşiň wajyp şertidir, ony hyzmatdaşlar çaknyşyklardan azat we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekiji ýagdaý hasaplaýarlar.

Merkezi Aziýada birleşmäge alnan ugurlaryň we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, ozaly bilen, sebitiň halklary üçin wajyplygyny abraýly halkara guramalary-da belleýärler. Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň pkirine görä, Merkezi Aziýa ýurtlaryny geografik taýdan ýerleşişi, birmeňzeş mirasy, has wajyby-da, geljege umumy garaýyşlary birleşdirýär. Şonuň üçinem Bütindünýä banky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüş meslelerine tutuş sebit möçberinde garamak üçin barha köp tagalla edýär.

Şeýle çemeleşme serhetüsti hyzmatdaşlyga we bilimleri alyşmaga ýardam etmegi, şeýle hem ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagy we has jebis gatnaşyklary üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegine has ejiz ýurtlaryň hataryna girýändigini nygtap, Bütindünýä banky milli hem-de halkara derejesinde toplanan tejrbeleri we bilimleri öz wagtynda alyşmaga, maglumatlardaky ýetmezlikleri ýüze çykarmaga we sebit üçin umumy meselelere bilelikde garamak maksady bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga işjeň ýardam edýär.

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygyna galmagyny, Ýewropa bilen Aziýany birleşdirmekdäki ähli mümkinçiligini ulanmagyny wajyp mesele hasaplaýar. Guramanyň ýokary wezipeli wekilleriniň pikirine görä, ýewropaly maýadarlar Merkezi Aziýa aýry-aýry bäş (Owganystany goşup, alty) ýurduň bazary hökmünde däl-de, eýsem 60-70, hat-da 100 million ilatly umumy bazar hökmünde garamak isleýärler. Halklary jebis syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bilen birleşen Merkezi Aziýa bütewu sebit hökmünde garalmagy «5+1» görnüşde diňe bir ÝB bilen däl, eýsem ABŞ, Ýaponiýa we Günorta Koreýa bilen gatnaşyklarda hem anyk ýüze çykýar.

Sebitiň ýurtlary özara gatnaşyklaryna degişli, hususan-da, serhetleri kesgitlemek we bellemek, uzak möhletleýin umumy bähbitlerden ugur alyp, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy durmak, Owganystanda parahatçylygy, milli ylalaşygy gazanmaga we ykdysadyýeti dikletmäge gönükdirilen tagallalary utgaşdyrmaga niýetlenen meseleleri bilelikde çözmäge taýýar. Munuň üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy döredildi, ol Türkmenistanyň Baştutanynyň pikirine görä, bäş ýurduň köpugurly hzymatdaşlygynda täze tapgyrdyr.

Şeýle birinji duşuşyk 2018-nji ýylyň martynda Gazagystanyň paýtagtynda, ikinjisi – 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde geçirildi, bu ýerde olary ýylda bir gezek geçirmek bellenildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny geçen ýyl Bişkekde geçirmek göz öňünde tutulýardy, ýöne koronawirus pandemiýasy zerarly ol 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçiriler. Merkezi Aziýa sammiti sebitiň durnukly ösüşi üçin zerur şertleri üpjün etmäge, sebit gatnaşyklarynyň netijeli gurallaryny döretmäge we Merkezi Aziýanyň umumydünýä işlerine goşulmagynyň usullaryny kemala getirmäge niýetlenendir.

Ogulgözel Rejebowa