7-nji iýulda geçirilen «Italýan kompaniýalary üçin maýa goýumlary we Türkmensitan bilen hyzmatdaşlykda telekeçilik mümkinçilikleri» atly tanyşdyrylyş hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ädim boldy. 2019-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary iki ýurduň gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi, onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň netijesinde, Milanda geçirilen tükmen-italýan telekeçilik-forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň 20-sine gol çekildi. Foruma gatnaşanlar Türkmenistanda gün batareýalary üçin pänelleri çykarýan kärhana, keramika önümleri önümçiligini döretmek, döwrebap tehnologiýalar ulanyp, ýüňi gaýtadan işlemegi ýola goýmak we ş.m. ýaly bilelikdäki geljegi uly taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.
Işewür gatnaşyklar we ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak geçen ýyl wideomaslahaty görnüşindäki Italiýa-Türkmenistan resmi däl telekeçilik forumynda dowam etdirildi. Oňa gatnaşanlar Italiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň ösendigini bellediler, ol Italiýanyň statistika institutynyň (ISTAT) neşir eden statistika mgalumatlary bilen tassyklanyldy we 2020-nji ýyl üçin Italýan-Türkmen telekeçilik maglumatnamasynyň täze redaksiýasynda beýan edildi. Maýa goýumlaryny höweslendirmek we goramak barada Türkmenistan bilen baglaşylan sertnamanyň tassyklanylmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde hem höweslendirmäge hem-de maýa goýumalry üçin amatly ýagdaý döretmäge şertleri döretdi.
Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň daşary söwdasynda Italiýanyň 3-nji orna çykandygy bellenildi, şunda iktaraplaýyn haryt dolanşygy ABŞ-nyň bir ýarym milliard dollaryndanam geçdi. Italiýa türkmen önümleriniň eksporty boýunça ikinji orunda barýar, italýan kompaniýalary nebit-gaz pudagy ýaly strategik ähmiýetli ugra uly isleg bildirýärler. Şu babatda 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip gelýän ENI italýan kompaniýasynyň işi olar üçin şowly nusga bolup biler. Kompaniýa Türkmenistanyň günbatarynda önümi bölüşmek barada Ylalaşyga laýyklykda iş alyp barýar. Esasan Burun ýatagyndan çykarylýan nebit Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodynda gaýtadan işlenilýär, ugurdaş gazy bolsa gazlifti üçin ulanylýar.
2020-nji ýylda ENI italýan kompaniýasy Türkmenistanda nebit gorlary we onuň ulanylyşy barada syn taýýarlady, ol World Oil Review 2020-de neşir edildi. Onda Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, uglewodorod çig malyny çuňňur gaýtadan işlemäge, kärhanalary enjamlar hem-de döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmäge iri maýa goýumlaryny goýýandygy bellenilýär. Munuň özi ekologiýa taýdan häsiýetnamalary gowulandyrylan, halkara kadalaryna we ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit hem-de gazhimiýasy önümlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.
Energetika, şol sanda alternatiw energetika pudagyndan başga-da, aragatnaşyk we kommunikasiýalar pudagynda, şeýle hem sanly tehnologiýalar, maliýe-bank ulgamynda, oba hojajylygy senagatynda, ýeňil senagatda, ulag we logistika, saglygy goraýyş hem-de bilim ulgamlarynda özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarydyr.
Soňky ýyllarda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler, telekeçilik forumlary hem-de iki ýurduň döwlete degişli we hususy pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklar özara peýdaly anyk taslamalarda ikitaparlaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredýär. Nobatdaky Italiýa-Türkmenistan telekeçilik forumy bu ugurda ikitarapalýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekde indiki ädim bolar, Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrligi ony geçirmegi göz öňünde tutýar.
Ogulgözel Rejebowa