Ï Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ylmy esasda ösdürmek ugrunda çykyş edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ylmy esasda ösdürmek ugrunda çykyş edýär

view-icon 10265

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly taryhy çykyşynda häzirki döwrüň dürli ählumumy wajyp meselelerini, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde täze çemeleşmeleri teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäniň häzirki ýagdaýynyň, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýetiniň we aýratynlyklarynyň umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi çemeleşmelerdäki we garaýyşlardaky çaprazlyklary, gapma-garşylyklary ýeňip geçmek bilen, strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara hem-de beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň agzalarynyň jogapkärçiliginiň, öňdengörüjiliginiň, syýasy erkiniň ýeterlikdigi bilen kesgitlener.

Munuň özi täze görnüşli howply ýokanja garşy göreşmek hem-de onuň ýaýramagy netijesinde ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmak meselesine hem doly derejede degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edip, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalarynyň entek ýeterlik däldigini belledi.

Galyberse-de, pandemiýa bu wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykardy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de diňe ähli agza döwletleriň we BMG-niň düzümleriniň birleşmegi umumy howpa garşy göreşmekde üstünlik gazanmak üçin şertleri üpjün edip biler diýip ynam bildirdi. Şunda koronawirus meselesini syýasylaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmaga orun bolmaly däldir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda umumy wehimlere garşy durmakda utgaşykly, özara ylalaşykly jogaplary işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň esasy meýdançasy bolup durýandygyny nygtap, Türkmenistanyň özüniň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam etjekdigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, 76-njy mejlisiň barşynda şu aşakdaky halkara we sebit gurallaryny, ýagny: Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin Ýörite maksatnamasyny düzmek; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Türkmenistan pandemiýanyň ýaramaz ykdysady täsirini azaltmak bilen baglylykda, BMG-niň aýry-aýry ugurlar boýunça işini güýçlendirmegi zerur hasaplaýar.

Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde halkara ulag ulgamlaryny dikeltmegiň we olaryň durnuklylygyny pugtalandyrmagyň üstünde işjeň işlemegiň möhümdigi bellenildi. Munuň üçin oňat esas — Baş Assambleýanyň “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasy bar. Bu resminama Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda kabul edildi.

Durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan lukmançylygy toplumlaýyn ösdürmek milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn we uzak möhletleýin “Saglyk” Döwlet maksatnamasy keselleriň öňüni almakdan hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdan başlap, bu ulgamda öňdebaryjy täze tehnologiýalary ulanyp, giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çenli milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge täze çemeleşmeleri öňe sürýär.

Şu ýylyň mart aýynda täze rejelenen görnüşinde tassyklanan giň gerimli özgertmeler maksatnamasy ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny kemala getirmäge, ony halkara ölçeglere laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge, şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygynyň yzygiderli berkidilmegine hem-de rowaçlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen anyk işleri göz öňünde tutýar.

Işjeň ornaşdyrylýan täzeçil tehnologiýalar, dünýä belli kompaniýalaryň döwrebap enjamlary, ugurdaş edaralaryň giň ulgamy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezlerinde yzygiderli iş tejribesini geçýän hünärmenler — bularyň hemmesi milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge, netijede, ilatyň ortaça ömrüniň dowamlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Häzir ýurdumyzda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylan döwrebap lukmançylyk hem-de ylmy-kliniki merkezleri bina edildi. Soňky wagtlarda paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň düzüminiň hataryna goşulan birnäçe täze möhüm desgalary agzamak hem ýeterlikdir. Olaryň hatarynda Kelle we boýun keselleri bejeriş halkara merkezini, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezini, Halkara newrologiýa merkezini, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezini, Onkologiýa we Stomatologiýa merkezlerini görkezmek bolar.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda ulanylmaga berlen Halkara ýanyk şikesleri bejeriş hem-de Estetiki merkezleri sebitde iň gowulary hökmünde ykrar edilip, bu merkezlere olaryň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny tassyklaýan abraýly halkara baýraklar hem-de güwänamalar berildi.

Täze saglygy goraýyş edaralarynyň ýokary derejesi hünärmenleri taýýarlamagyň düýpli, döwrebap çemeleşmelerini hem talap edýär. Bu işde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýän halkara hyzmatdaşlyga uly üns berilýär.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, saglygy goraýyş toplumyna sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary uzak aralyga garamazdan, adaty hem-de tiz lukmançylyk kömegini bermäge, şeýle hem dürli keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak babatda tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurt hünärmenleri bilen pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Sanly ulgam yzygiderli onlaýn duşuşyklary we maslahatlary geçirmekde hem işjeň ulanylýar. Teleköpriniň kömegi arkaly, ylmy-tejribe hem-de okuw maslahatlary geçirilýär.

Tejribe alyşmak, iň gowy anyklaýyş we bejeriş işini öwrenmek maksady bilen, Germaniýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ysraýylyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleriniň bilermenleridir hünärmenleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde müňlerçe talyp bilim alýar. 2011-nji ýylda ol “Ýewropa Işewürlik Assambleýasy” halkara guramasy tarapyndan berilýän “Ýewropanyň hili” atly halkara baýraga mynasyp boldy. Mundan başga-da, TDLU saglygy goraýyş bilim edaralary baradaky Bütindünýä maglumatlar binýadyna — “Awisenna” katalogyna girizildi.

Paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, täze gurluşyklar bilen bir hatarda, hereket edýän saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynyň durkuny täzelemek hem-de olaryň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler dowam etdirilýär.

Şeýlelikde, ýakyn geljekde Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdiriýetiniň düzümine girýän Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň, Halkara “Ene mähri” merkeziniň durky doly täzelener.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň tebigy-howa, palçyk, mineral suwlar bilen bejeriş şypahanalary netijeli hereket edýär, olarda dynç almak we saglygy dikeltmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem derman senagatynyň täze desgalary peýda bolup, olar ýerli çig malyň esasynda derman serişdelerini we önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda uly goldaw bolup durýar. Bu gymmatly kitap arkaly, ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümliklerden taýýarlanýan dermanlyk çaýlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

“Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli täze önümiň — buýan kökünden taýýarlanylan gerdejikleriň önümçiligini ýola goýdy.

Türkmen buýany beýleki ýerlerde ösýän buýanlardan gymmatly häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Türkmen topragynyň howasy ösümlikleriň ençeme peýdaly, melhemlik häsiýetlerine eýe bolmagy üçin ähli şertleri döredýär.

Ekologiýa taýdan arassa buýan köki C witaminine hem-de efir ýaglaryna baýdyr, şonuň üçin ol gadymdan bäri adam bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmek üçin sowuklamada, böwrek we peşew ýollarynyň kesellerinde giňden ulanylýar. Häzir ýurdumyzda buýan kökünden dürli dermanlaryň we melhemlik çaýyň, şerbetiň önümçiligi ýola goýuldy.

Koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, tutuş adamzada uly howp salýan bu ýokanjyň täze görnüşiniň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Tutuş dünýäde adamlaryň adaty durmuş düzgünini üýtgeden häzirki döwrüň täze wehimine garşy bilelikde göreşmek ýokary derejeli dürli halkara duşuşyklarda, şol sanda şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyrylan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dostlukly döwletleriň lukmançylyk bileleşikleriniň tagallalaryny birleşdirmek hem-de yzygiderli gatnaşyk etmek ugrunda çykyş edýär.

Hususan-da, biziň ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamasyny düzmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini, Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär diýlip nygtaldy we bu barada milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki çykyşynda hem belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlaryň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan goldanylmagynyň olaryň tutuş dünýäniň bähbidine netijeli durmuşa geçirilmegine, şeýlelikde, howply ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça uzak möhletli geljek üçin täsirli we yzygiderli halkara gurallaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýakynda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynda milli Liderimiz pandemiýa garşy göreşmegiň COVID-19-yň döredýän töwekgelçiliklerini azaltmaga gös-göni täsir edýän meseleleri çözmäge yzygiderli çemeleşmäni talap edýändigini belledi.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň başlangyçlary birnäçe möhüm ugurlar boýunça köpçülikleýin ylmy-barlag işiniň netijelerini gazanmagyň anyk, täsirli görnüşlerine garamaga mümkinçilik döredýär. Olaryň hatarynda täze koronawirusyň gelip çykyşyny öwrenmek; täze görnüşli ýokanjyň döredýän keselleriniň görnüşlerini öwrenmek babatda ylmy lukmançylyk jemgyýetiniň işini işjeňleşdirmek; aýratyn howply ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň netijeli usullaryny we serişdelerini gözläp tapmak boýunça bilelikde işlemek ýaly ugurlar bar.

Merkezi Aziýada ekologik ýagdaýlary gowulandyrmagyň hem sebit hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleriniň hataryna girizilmegi tötänden däldir. Gürrüň, ilkinji nobatda, ýerleriň zaýalanmagyna hem-de çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we Araly halas etmek dogrusynda barýar.

Häzir Türkmenistanyň Aral meselesi boýunça garaýşy dünýä mälimdir. 2012-nji ýylyň 22-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş boýunça “Rio+20” sammitinde çykyş edip, bu meseläniň häzirki wagtda sebitiň çäklerinden alyslara çykandygyny hem-de ählumumy häsiýete eýe bolandygyny belledi. Şoňa görä, Aral deňzi sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek teklip edildi.

Bu teklibi iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde hem-de 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda “Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda” BMG-niň Baş Assambleýasynyň iki sany Kararnamasy kabul edildi. Olar BMG-niň çäklerinde bu möhüm meseläni çözmek boýunça köptaraplaýyn gatnaşyklar üçin esas döretdi.

Türkmen tarapy tebigy ýagdaýlaryň dürli görnüşli howply keselleriň döremegine we ýaýramagyna täsir edip biljekdigini aradan aýyrmaýar. Hususan-da, Aral deňziniň guramagy bilen, ekologiýa heläkçiligi zolagynda emele gelýän tozan bölejikleri aýratyn howp döredýär. Olar tebigata, dem alýan howamyza, Aral ýakasyndan we onuň çäklerinden daşarda ýaşaýan adamlaryň saglygyna örän ýaramaz täsir edýär.

Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlan täze ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşanda, Aşgabatda fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli täze hassahanany gurmak barada görkezme berdi. Onuň işi ýokanç däl keselleriň öňüni almaga we bejermäge gönükdiriler. Bu düzümiň üstüne Aralyň adamyň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirini öwrenmek wezipesi hem ýüklener.

Şeýlelikde, daşky gurşawy goramak, amatly ekologiýa ýagdaýy saklamak, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerine ilatyň saglygyny berkitmek hem-de immun derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işiň ähmiýetli, aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan tejribesini dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýleki düzümleriň giňden ykrar etmegi aýratyn buýsanç döredýär. Türkmenistan olar bilen döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy göreşmek, kadaly iýmitlenmek, saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ylmy-amaly maslahatlary geçirmek, saglygy goramak boýunça möhüm meselelere bagyşlanan “tegelek stollaryň” başyndaky maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek bilen amala aşyrylýar.

Abraýly guramalar hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar türkmen lukmanlaryna dürli keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň netijeli usullaryny peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu, öz nobatynda, birnäçe howply ýokanç keselleri, şol sanda drakunkulýoz, poliomielit, gyzzyrma, gyzamyk we gyzylja ýaly keselleri ýok etmäge ýardam etdi. Munuň özi degişli halkara güwänamalar bilen tassyklanyldy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hatarynda ilkinji hem-de dünýäde dördünji bolup, halkara standartlara laýyklykda, duzy ýodlaşdyrmagy üpjün eden ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär. Netijede, döwletimiz uny baýlaşdyrmak işinde öňde barýanlygy üçin halkara baýraga mynasyp boldy.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş babatda kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumy, milli we döwlet maksatnamalary kabul edildi, olar döwrüň talabyna hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maksatlaryna laýyklykda yzygiderli täzelenýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde beýan eden Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze çemeleşmeleri häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň kabul ederlikli çözgütlerini gözläp tapmaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge möhüm, önjeýli we anyk goşant goşýar.