Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň başyndan bäri ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 111,6%, eksportynyň bolsa 134,5% barabar bolandygy bellenildi. Meýilnama, degişlilikde 113.3 we 178,1% ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň we eksport mümkinçiliginiň şeýle çalt ösmegi soňky ýyllarda amala aşyrylýan maksatly syýasatyň netijesidir. Bu pudaga uly möçberde maýa goýulýar, dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen ýurtlary bilen bilelikde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik desgalarynda innowasion, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.
Ýurduň energiýa ulgamynyň umumy kuwwatyny Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan we sebitde asla meňzäri ýok 1574 megawatt kuwwatly birleşdirilen bug-gaz elektrik stansiýasy ýaly täsin desgalar artdyrylyp, gidroelektrik stansiýasynyň jemi kuwwaty iki esse köpeldildi. Ýakyn geljekde bug we gaz turbinalaryny ulanmak bilen, Ahal hem Daşoguz welaýatlaryndaky elektrik beketlerini garyşyk režime geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Çärjew etrabynda ýerleşýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitachi Power” we “Rönesans Holding” türk şereketiniň gatnaşmagynda gurlan täze gaz turbinaly elektrik bekedi işe girizildi. Onuň işe girizilmegi bilen, ýurduň energiýa ulgamynyň kuwwaty ýene 432 megawat artdy, bu bolsa içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrdy we Merkezi Aziýadaky goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde iň uly elektrik eksportçysydyr. Ol indi köp ýyl bäri ýurduň sarp edýän energiýasynyň ýarysyny Merkezi Aziýadan alýan Owganystany arzan bahadan elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. Gyrgyzystan Respublikasynyň Energetika we senagat ministrligi bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek memorandumyna laýyklykda, şu ýylyň awgust aýyndan biziň ýurdumyz güýz hem gyş möwsümlerinde senagatyň we ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Gyrgyzystana elektrik energiýasyny berip başlady. Mälim bolşy ýaly, bu barada Gyrgyzystanyň Lideriniň Aşgabat şäherine resmi saparynyň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Sadyr Žaparow bilen geçiren gepleşiklerinde ylalaşyk gazanylypdy.
Türkmenistandan Özbegistana elektrik energiýasyny ibermek 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda “Türkmenenergo” we “Özbegistanyň Milli elektrik torlary” şereketleriniň arasynda baglaşylan şertnama we oňa goşmaça ylalaşyklara laýyklykda amala aşyrylýar. Bu iki hyzmatdaşyň arasyndaky nobatdaky goşmaça ylalaşyk esasynda, goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasy 2022-nji ýylyň ýanwar – dekabr aýlarynda-da iberiler.
Ogulgözel Rejebowa