Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda «Psihologiýanyň we pedagogikanyň esaslary: milli tejribe» atly okuw geçirildi.
Çärä institutyň mugallymlary – halypa mugallymlar we ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Seminara D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň psihologiýa we pedagogika bölüminiň mugallymlary hem çagyryldy.
Halypa mugallymlar öz gyzykly çykyşlaryny okuwa gatnaşýanlara, esasanam mugallymçylyk işine başlaýan hünärmenlere gönükdirdiler. Esasan, ýokary okuw jaýlarynda psihologiýany we pedagogikany okatmagyň usulyýeti we aýratynlyklary gyzykly suratda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwrebap usullar we köpýyllyk peýdaly tejribe, dersleri okatmagyň ussatlygy hakda köp zat aýdyldy.
Mundan başga-da, sapaklary geçirmegiň, talyplaryň has gowy we doly özleşdirmegi üçin, materialyň berlişiniň öndümli usullary barada-da gürrüň boldy. Seminaryň dowamynda halypa mugallymlar bilen ýaş mugallymlaryň arasynda sorag-jogap görnüşinde söhbetler geçirildi.
Seminaryň esasy mowzugy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle hem täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli beren umumy sapagy boldy. Okuwa gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, döwlet baştutanynyň 2021-2022-nji okuw ýylynyň birinji gününde ýokary derejeli pedagogik ussatlyk bilen beren çuňňur many-mazmundan doly umumy sapagy Türkmenistanyň mugallymlarynyň we talyplarynyň durmuşynda iň möhüm waka boldy. Çykyş edenler ýaş nesliň terbiýesinde we kemala gelmeginde milletiň ýolbaşçysynyň atalyk görkezmeleriniň, paýhasly maslahatlarynyň we “ak patasynyň” möhüm ornuny nygtadylar. Mugallymlar ýaşlar barada edýän ýadawsyz atalyk aladasy, milli bilim ulgamynyň ösüşine hemişe üns berýändigi üçin, ýurdumyzyň Prezidentine çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Anastasiýa Kasýanowa