Ï Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýokary okuw jaýlaryň hyzmatdaşlygy berkeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýokary okuw jaýlaryň hyzmatdaşlygy berkeýär

view-icon 8049
Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýokary okuw jaýlaryň hyzmatdaşlygy berkeýär

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersiteti bilen Kazan döwlet agrar uniwersitetiniň (KDAU) arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ýokary okuw jaýlarynyň rektorlarynyň duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş Konsullygy habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda taraplar geljekde gol çekmek maksady bilen ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň taslamasyny taýynlamaga taýýarlyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş Konsullygynyň (Kazan) ýardam bermeginde guralan duşuşyga gatnaşanlar iki tarap üçin hem wajyp temalar, hususan-da, oba hojalygy pudagynda ykdysady bilimi ösdürmegiň geljegi, ýurtlaryň oba hojalygynyň dürli pudaklarynda – maldarçylykda, ekarançylykda we beýleki ugurlarda mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Tatarystanyň oba hojalygy Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda öňdäki orunlaryň birini tutýar. Ösümlikçilik we maldarçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarydyr.

Häzirki wagtda oba hojalygy ýokary tehnologiýaly pudaga öwrüldi. Onda robototehnikasy, emeli aň, öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalary, gen inženeriýasy we beýleki döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Ylmyň soňky gazananlaryndan oýlanşykly peýdalanylmagy ýokary hilli oba hojlayk önümçiligini artdyrmaga we gaýtadan işlemegi ösdürmäge mümkinçilik berýär. Agrar ylmyň we KDAU-nyň bilim wekilleri bu üstünliklere saldamly goşant goşýarlar.

Kazan döwlet agrar uniwersiteti Russiýanyň agrar ylym-bilim merkezleriniň biridir, ol öz uçurymlaryna buýsanýar. Olaryň arasynda TR-nyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem bar.

Aýjahan Ataballyýewa