Ï Ýaş sanly ulgamynyň hünärmenleriň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş sanly ulgamynyň hünärmenleriň bäsleşigi

view-icon 11436
Ýaş sanly ulgamynyň hünärmenleriň bäsleşigi

«Türkmenaragatnaşyk» gullugy tarapyndan geçirilýän «Digital Solution 2021» innowasion taslamalar bäsleşigine 250-den gowrak ýaş SU hünärmenleri gatnaşýar.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, ýokary synp okuwçylary, milli ykdysadyýetde durmuşa ornaşdyrmak üçin maksatnama üpjünçiligini işläp düzmäge, innowasion taslamalar bilen meşgullanýan, şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze başlangyçlara girişmäge ukyply ýaş hünärmenler bar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlar sanly ulgamy arkaly amala aşyrylýan web hyzmatlaryň täze görnüşlerini, dürli kompýuterlerde we ykjam aragatnaşyk enjamlarynda ulanyp bolýan maksatnama üpjünçiligini taýýarlamaly. Hödürlenen işler bolan esasy talap — olar innowasion usullary ulanmak arkaly ýerine ýetirilmelidir we önümçilige girizmäge taýyn bolmalydyr.

Bäsleşik 7 ugur: saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we logistika, hyzmat ulgamy, oba hojalygy, robot tehnikasy boýunça geçirilýär. Onuň wezipesi innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan üşükli ýaşlary ýüze çykarmak we ykdysadyýeti sanlaşdyrmaga gönükdirilen işe çekmekdir. 25-nji oktýabrda başlanan bäsleşik on iş gününiň çäklerinde dowam eder. Bäsleşigiň netijeleri noýabr aýynda geçiriljek «Türkmentel-2021» halkara XIII sergisiniň we ylmy maslahatyň çäginde yglan ediler.

Wladimir Komarow