Ï Poçta aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Poçta aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 8389

Şu Kanun poçta aragatnaşygy çygrynda işiň hukuk esasyny belleýär, şeýle hem poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň hem-de poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.


I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) abonement poçta gutusy — poçta aragatnaşyk obýektlerinde goýulýan we poçta ugratmalaryny hem-de döwürleýin neşir önümlerini, poçta ugratmalarynyň mälim ediş hatlaryny almak üçin alyjy tarapyndan belli bir möhlete abonentlenen, gulplanylýan ýörite guty;

2) abonent poçta gutusy — binalarda we ýaşaýyş jaýlarynda goýulýan, alyjy tarapyndan poçta ugratmalarynyň alynmagy üçin niýetlenilen birnäçe gutuly ýörite şkaf;

3) alyjy — poçta ugratmasy ýa-da pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi özüne iberilen poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjy;

4) atly enjam — poçta aragatnaşygynyň operatorynyň, onuň poçta aragatnaşyk obýektiniň adyny, şeýle hem poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan kesgitlenen beýleki maglumatlary görkezýän belgileri resminamalara we poçta ugratmalaryna goýmak üçin gural;

5) banderol — ölçegleri, agramy we gaplanylyş usuly poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen bellenilen, neşir önümleri, ýazmaça hat-habarlar we (ýa-da) beýleki zatlar bilen bagly bellige alynmaýan we bellige alynýan poçta ugratmasy;

6) bellenen operator — Türkmenistanyň bütin çäginde poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini we Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda bellenen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin bellenilýän operator;

7) bellige alynmaýan poçta ugratmasy — kabul edilendigi barada iberijilere kwitansiýa berilmezden, poçta gutulary ýa-da poçta aragatnaşyk obýektleri arkaly kabul edilýän we gol çekdirmezden alyja eltip berilýän ýazmaça hat-habar;

8) bellige alynýan poçta ugratmasy — poçta ugratmasyna poçta bellige alnyş belgisini (barabarlandyryş harply-sanly ştrih-kody) goýup, iberijä kwitansiýa bermek bilen kabul edilýän we alyja gol çekdirilip gowşurylýan ýazmaça hat-habar, uly gaply ýollama;

9) Bütindünýä poçta birleşmesi — agza döwletleriniň arasynda poçta ugratmalarynyň özara alyş-çalşygyny amala aşyrýan, poçta aragatnaşyklarynyň guralmagynyň üpjün edilmegini we kämilleşdirilmegini maksat edinýän halkara gurama;

10) Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalary — Bütindünýä poçta birleşmesiniň Kongresinde onuň Tertipnamasyna laýyklykda kabul edilýän resminamalar;

11) çapar — bellige alynýan poçta ugratmasyny poçta aragatnaşyk obýektiniň çäginiň daşynda iberijiden kabul edip alýan we şeýle ugratmany poçta ugratmasynda görkezilen poçta salgysy boýunça alyja ýa-da iberijä gowşurýan, poçta aragatnaşygynyň operatorynyň işgäri ýa-da poçta aragatnaşygynyň operatory bilen potrat şertnamasy bar bolan fiziki şahs;

12) çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary — bellige alynýan poçta ugratmalaryny kabul etmek, daşamak we gowşurmak boýunça çapar tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlar;

13) döwürleýin neşir önümlerini abuna ýazylyşygy boýunça ýaýratmak — köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýesi ýa-da onuň wekili bilen baglaşylan şertnama esasynda döwürleýin neşir önümine abuna ýazylyşygyny kabul etmek, şol sanda internet serişdelerini ulanmak arkaly hem-de döwürleýin neşir önümini kabul etmegi, işläp taýýarlamagy, daşamagy we poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyja eltip bermegi amala aşyrmak boýunça poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi;

14) elektron habar — telekommunikasiýa ulgamyny, internet toruny ýa-da elektron göterijini ulanmak arkaly elektron görnüşde iberilýän maglumat;

15) filateliýa önümleri — kolleksionirlemäniň närsesi bolup durýan, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda, poçta dolanyşygyndan aýrylan poçta töleginiň döwlet nyşanlary;

16) gibrid ugratmasy — poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan elektron görnüşinde kabul edilen we alyja ýazmaça hat-habar görnüşinde eltip berilýän ýa-da poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan ýazmaça hat-habar görnüşinde kabul edilen we elektron habar görnüşinde alyja eltip berilýän ugratma;

17) gibrid ugratmasyny ibermek boýunça hyzmat — poçta aragatnaşygynyň operatorynyň gibrid ugratmasyny kabul etmek, işläp taýýarlamak, eltip bermek we (ýa-da) gowşurmak boýunça işi;

18) goşmaça tölegli poçta ugratmasy — berlen mahaly iberiji tarapyndan poçta aragatnaşygynyň operatoryna onuň bellän möçberindäki pul serişdeleriniň (goşmaça tölegiň) alyjydan alynmagy we iberijiniň poçta salgysy boýunça iberilmegi barada tabşyryk berilýän poçta ugratmasy;

19) halkara poçta alyş-çalşygy geçirilýän ýer — gelip gowuşýan we ugradylýan halkara poçta ugratmalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň amala aşyrylýan, şeýle hem görkezilen ugratmalaryň gümrük gözegçiliginiň geçirilýän ýeri;

20) hat gatnadyjy — poçta ugratmasynyň alyja ýa-da iberijä eltip berilmegini we (ýa-da) gowşurylmagyny amala aşyrýan poçta aragatnaşygynyň operatorynyň işgäri;

21) iberiji — iberilmegi üçin poçta ugratmasyny ýa-da pul serişdelerini poçta aragatnaşygynyň operatoryna berýän poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjy;

22) kiçi paket — ölçegleri, agramy we gaplanylyş usuly poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerinde kesgitlenilen harytlary we zatlary özünde saklaýan halkara poçta ugratmasy;

23) köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary — poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan islendik peýdalanyja ol hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün edýän degişli hil we baha derejesinde, islendik ilatly ýerde bellenilen möhletde ýerine ýetirilýän tölegli hyzmatlar;

24) milli poçta tory — poçta aragatnaşygynyň Milli operatorynyň öz işini Türkmenistanyň çäginde amala aşyrýan, onuň üsti bilen peýdalanyjylara poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilýän poçta tory;

25) poçta aragatnaşygy — poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň, şol sanda beýleki maksatlaýyn tölegleriň kabul edilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny, daşalmagyny, eltip berilmegini (gowşurylmagyny) hem-de beýleki poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän aragatnaşygyň görnüşi;

26) poçta aragatnaşygynyň Milli operatory (mundan beýläk — Milli operator) — döwlet kärhanasy guramaçylyk-hukuk görnüşinde döredilen, şu Kanunda göz öňünde tutulan borçnamalar öz üstüne ýüklenilen operator;

27) poçta aragatnaşygynyň operatory (mundan beýläk — operator) — poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän we Türkmenistanyň çäginde bellige alnan ýuridik şahs;

28) poçta aragatnaşyk obýekti — poçta aragatnaşygyny amala aşyrmak üçin niýetlenilen we enjamlaşdyrylan bina, binadaky jaý;

29) poçta aragatnaşyk hyzmatlary — poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň bellige alynýan we bellige alynmaýan poçta ugratmalaryny, pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimlerini, gibrid ugratmalaryny ibermek, döwürleýin neşir önümlerini ýaýratmak, poçta töleginiň nyşanlaryny we filateliýa önümlerini ýerlemek boýunça işleri;

30) poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjy (mundan beýläk — peýdalanyjy) — poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň, şol sanda operator bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda peýdalanyjysy bolup durýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

31) poçta gutusy — bellige alynmaýan hatlary we poçta kartoçkalaryny toplamak üçin niýetlenen, degişli reňkdäki, bellenen görnüşdäki we ölçegdäki guty;

32) poçta indeksi — poçta ugratmasynyň ýa-da pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň iberilmegini tizleşdirmek maksady bilen, gozgalmaýan emlägiň obýektlerine olary dolandyryş-çäk taýdan barabarlandyrmak we ulgamlaşdyrmak üçin berilýän poçta salgysynyň şertli sanly we harply belgisi;

33) poçta kartoçkasy — ýörite görnüşli işkagyzdaky ýazmaça habarly bellige alynmaýan ýa-da bellige alynýan poçta ugratmasy;

34) poçtamat — pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminden beýleki poçta ugratmalaryny kabul etmek, ibermek, saklamak, eltip bermek (gowşurmak) we almak üçin niýetlenilen awtomatlaşdyrylan enjam;

35) poçta salgysy — poçta ugratmalarynyň we pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleriniň eltip berilmegi we (ýa-da) gowşurylmagy üçin peýdalanyjy tarapyndan kesgitlenilýän ýer;

36) poçta syry — poçta salgysy, poçta ugratmalary, olaryň içindäki zatlar we ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlar, şeýle hem peýdalanyjylar baradaky şahsy maglumatlar;

37) poçta tory — operator tarapyndan poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende ulanylýan poçta aragatnaşyk obýektleriniň we poçta ugurlarynyň jemi;

38) poçta töleginiň döwlet nyşanlary — poçta aragatnaşygynyň Milli operatorynyň hyzmatlarynyň tölegini tassyklaýan poçta markalary, bellik edilen bukjalar we (ýa-da) poçta kartoçkalary, frankirleýji enjamlaryň goýýan belgileri, elektron we beýleki nyşanlar;

39) poçta töleginiň nyşanlary — poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini tassyklaýan, poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan ýazmaça hat-habarlara goýulýan nyşanlar, şol sanda poçta markalary, bellik edilen bukjalar we (ýa-da) poçta kartoçkalary, frankirleýji enjamlaryň goýýan belgileri, elektron we beýleki nyşanlar;

40) poçta ugratmalary — poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan ibermek üçin kabul edilen ýazmaça hat-habarlar, uly gaply ýollamalar;

41) poçta ugratmasyny eltip bermek — poçta ugratmasynyň ýerleşýän ýerindäki poçta aragatnaşyk obýektlerinden abonement gutusyna ýa-da abonent poçta gutusyna ýa-da iberiji tarapyndan görkezilen başga poçta salgysy boýunça hereketi;

42) poçta ugratmasyny ibermek — poçta ugratmasyny kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak we (ýa-da) geçirmek, eltip bermek we (ýa-da) gowşurmak amallarynyň jemi;

43) pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi — şu Kanuna we Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda, iberijiniň pul serişdelerini poçta ugratmasynyň işkagyzynyň görnüşiniň doldurylmagy arkaly alyja ugratmak baradaky tabşyrygynyň poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan ýerine ýetirilmegi boýunça poçta aragatnaşyk hyzmaty;

44) tizleşdirilen poçta aragatnaşyk hyzmatlary — poçta ugratmalaryny tizleşdirilen düzgünde işläp taýýarlamak, daşamak, eltip bermek we (ýa-da) gowşurmak arkaly poçta ugratmalarynyň ugradylmagy boýunça hyzmatlar;

45) uly gaply ýollama — ölçegleri, agramy we gaplanylyş usuly poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen bellenilen zatlar we harytlar bilen bagly bellige alynýan poçta ugratmasy;

46) ýazmaça hat-habarlar — bellige alynmaýan we bellige alynýan hatlar, poçta kartoçkalary, banderollar we kiçi paketler.

2-nji madda. Şu Kanunyň hukuk düzgünleşdirmesi

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde poçta aragatnaşygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

3-nji madda. Poçta aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Poçta aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

4-nji madda. Poçta aragatnaşygy babatda işi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri

Şular poçta aragatnaşygy babatda işi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir:

1) poçta aragatnaşygy babatda iş amala aşyrylanda kanunylygyň berjaý edilmegi;

2) peýdalanyjylara hödürlenilýän poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň elýeterliligi;

3) operatorlar tarapyndan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegi;

4) Türkmenistanyň çäginde poçta ugratmalarynyň hereketiniň we halkara poçta ugratmalarynyň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmeginiň erkinligi;

5) poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende operatorlar üçin bellenilen düzgünleriň we talaplaryň ýeke-täkligi.

5-nji madda. Poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhnamalary

1. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhnamalar, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da poçta operatorynyň Tertipnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, operatorlar tarapyndan özbaşdak kesgitlenýär.

2. Hemaýat berilýän köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlaryň aňryçäk derejesi poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.


II BAP. POÇTA ARAGATNAŞYGY BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI

6-njy madda. Poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara (mundan beýläk — ygtyýarly edara), şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlygynyň çäklerinde poçta aragatnaşygy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralardyr.

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti poçta aragatnaşygy babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýar;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlygy

Ygtyýarly edara poçta aragatnaşygy babatda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) poçta aragatnaşygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

4) şulary tassyklaýar:

a) Milli operatoryň teklibi boýunça poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň görnüşlerini we öndüriliş möçberlerini;

b) ýörite poçta aragatnaşygy gullugynyň işgärleriniň iş lybasynyň we Milli operatoryň işgärleriniň iş lybasynyň (gerdenliksiz) nusgalaryny, onuň geýliş düzgünlerini we iş lybasy bilen üpjün etmegiň kadalaryny;

ç) poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerini;

5) poçta töleginiň nyşanlarynyň döwlet kolleksiýasyny döredýär;

6) bellenen operatory belleýär we yzyna çagyrýar;

7) filateliýa önümleri hökmünde ulanmak maksady bilen, poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň poçta dolanyşygyndan aýrylmagyny amala aşyrýar;

8) operatoryň poçta töleginiň nyşanlarynyň ulanylyş düzgünlerini kesgitleýär we olar ulanylanda bildirilýän talaplary belleýär, poçta töleginiň döwlet nyşanlary muňa degişli däldir;

9) Milli operatory kesgitleýär;

10) poçta aragatnaşygy babatda halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;

11) elektron maglumat ulgamynyň döredilmegini we operatorlar tarapyndan elektron resminama dolanyşygynyň ýöredilmeginiň kämilleşdirilmegini üpjün edýär;

12) sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegini we olaryň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlygynyň çäklerinde:

1) poçta aragatnaşygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edaralaryň netijeli işlemegi üçin şertleri döredýärler;

3) ýaşaýyş we ýaşaýyş däl jaýlaryň abonent poçta gutulary bilen üpjün edilmegi we talaba laýyk ýagdaýda saklanylmagy boýunça olaryň eýeleri bilen iş geçirýärler;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.


III BAP. POÇTA ARAGATNAŞYK HYZMATLARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI

10-njy madda. Poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşleri

Poçta aragatnaşyk hyzmatlary şu görnüşlere bölünýär:

1) köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary;

2) bellige alynýan poçta ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar;

3) tizleşdirilen we çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary;

4) pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleri;

5) döwürleýin neşir önümleriniň abuna ýazylyşygy we bölek satuw arkaly ýaýradylmagy boýunça hyzmatlar;

6) poçta töleginiň nyşanlaryny we filateliýa önümlerini ýerlemek boýunça hyzmatlar;

7) gibrid ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar;

8) ýerine ýetirilmegi poçta aragatnaşyk hyzmatlary bilen aýrylmaz baglanyşykly beýleki hyzmatlar.

11-nji madda. Köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary

1. Köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary hyzmatlaryň aşakdaky görnüşlerini öz içine alýar:

1) bellige alynmaýan haty we poçta kartoçkasyny ugratmak boýunça hyzmatlary;

2) döwürleýin neşir önümlerini abuna ýazylyşygy boýunça ýaýratmak boýunça hyzmatlary.

2. Köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlary amala aşyrylanda operator peýdalanyjylaryň poçta gutularyndan ýygnalyp alnan we (ýa-da) poçta aragatnaşyk obýektlerinde kabul edilen hem-de alyja gowşurylandygy barada gol çekdirmezden eltip berilýän bellige alynmaýan poçta ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Operator tarapyndan köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň elýeterliligi, hili we nyrhy babatda peýdalanyjylaryň islegini kanagatlandyrýan talaplar bellenilen poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Bellige alynmaýan poçta ugratmalary Türkmenistanyň çägi boýunça-da, onuň çäginiň daşyna-da ugratmak üçin kabul edilýär. Bellige alynmaýan poçta ugratmalarynda iberilýän zatlara bildirilýän talaplar poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen kesgitlenilýär.

12-nji madda. Bellige alynýan poçta ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar

1. Bellige alynýan poçta ugratmalarynyň iberilmegi poçta ugratmasynyň kabul edilmegini resminamalaýyn tassyklamak, iberijä kwitansiýa bermek we poçta ugratmasyna poçta bellige alnyş san belgisini goýmak, şeýle hem poçta ugratmasyny alyja gol çekdirip gowşurmak arkaly amala aşyrylýar.

2. Bellige alynýan poçta ugratmalaryna: hat (sargytly, bahasy goýlan), poçta kartoçkasy (sargytly), banderol (sargytly, bahasy goýlan), kiçi paket (sargytly, bahasy goýlan), uly gaply ýollamalar (ýönekeý, bahasy goýlan) degişlidir.

Poçta ugratmalarynyň bellige alynýan poçta ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlara degişli edilýän görnüşleriniň goşmaça sanawy poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen bellenilýär.

Bellige alynýan poçta ugratmalary gaýdyş poçta salgysynyň hökmany görkezilmegi bilen kabul edilýär.

3. Bellige alynýan poçta ugratmalary Türkmenistanyň çägi boýunça we onuň çäginiň daşyna iberilmegi üçin kabul edilýär. Bellige alynýan poçta ugratmalary arkaly iberilýän zatlara we harytlara bildirilýän talaplar poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen kesgitlenilýär.

13-nji madda. Tizleşdirilen we çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary

1. Tizleşdirilen we çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende, poçta ugratmalaryny ibermek poçta ugratmalaryny işläp taýýarlamagyň, daşamagyň, eltip bermegiň we (ýa-da) gowşurmagyň tizleşdirilen düzgüninde we (ýa-da) görkezilen poçta ugratmalarynyň operatoryň çapary tarapyndan daşalmagyny we gowşurylmagyny göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýar.

2. Tizleşdirilen we çapar poçta aragatnaşyk hyzmatlary şulary öz içine alýar:

1) poçta ugratmalarynyň kabul edilmegini;

2) poçta ugratmalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny, saýhallanylmagyny, saklanylmagyny, daşalmagyny we eltip berilmegini;

3) poçta ugratmalarynyň gowşurylmagyny;

4) poçta ugratmasynyň alyja gowşurylandygy barada iberijä habar berilmegini.

14-nji madda. Pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi

1. Pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi bellige alynýan poçta ugratmasy bolup durýar. Pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi Türkmenistanyň milli manadynda kabul edilýär. Pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň tertibi we oňa bildirilýän talaplar, şeýle hem poçta ugratmasynyň işkagyzynyň görnüşleri poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen bellenilýär.

2. Türkmenistanyň çäginde ugradylýan pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň aňryçäk möçberi, eger jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, operator tarapyndan kesgitlenýär.

Pul serişdeleriniň daşary ýurt döwletleriniň çägine poçta arkaly geçirimi Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Poçta geçirimlerini amala aşyrmak üçin pul serişdelerini kabul etmek nagt we nagt däl görnüşlerde geçirilýär. Nagt däl görnüşde pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimi operatoryň bank hasabyna pul serişdeleri we hyzmat üçin ýygym gelip gowşandan soň amala aşyrylýar.

15-nji madda. Döwürleýin neşir önümlerini abuna ýazylyşygy boýunça ýaýratmak

1. Döwürleýin neşir önümleriniň abuna ýazylyşygy boýunça ýaýradylmagy babatda operator tarapyndan peýdalanyjylara hyzmatlaryň edilmegi operator bilen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýesiniň ýa-da onuň wekiliniň arasynda döwürleýin neşir önümini operatoryň abuna ýazylyşygynyň sanawyna goşmak barada şertnama baglaşylandan soň amala aşyrylýar.

Operator kagyz ýa-da elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň ýeke-täk sanawyny ýöredýär.

2. Döwürleýin neşir önümleriniň abuna ýazylyşygy boýunça ýaýradylmagy aşakdaky tapgyrlardan ybaratdyr:

1) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýesi ýa-da onuň wekili bilen döwürleýin neşir önümleriniň ýaýradylmagy, şeýle hem peýdalanyjylaryň sargytlarynyň kabul edilmegi we abuna ýazylyşygynyň resmileşdirilmegi, şol sanda internet serişdelerini ulanmak arkaly we döwürleýin neşir önümleri üçin operator tarapyndan kabul edilen abuna ýazylyşygy boýunça maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagy barada şertnama baglaşmak;

2) döwürleýin neşir önümini kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak, peýdalanyja eltip bermek ýa-da döwürleýin neşir önümini peýdalanyjynyň elektron poçtasyna elektron görnüşde ugratmak.

3. Milli we daşary ýurt döwürleýin neşir önümlerine abuna ýazylyşygy operator ýa-da peýdalanyjy tarapyndan poçta aragatnaşyk obýektleriniň ýa-da internet serişdeleriniň üsti bilen amala aşyrylýar. Döwlet döwürleýin neşir önümleriniň abuna ýazylyşygy boýunça ýaýradylmagy Türkmenistanyň bütin çäginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda ygtyýarly edara tarapyndan berilýän resminama laýyklykda amala aşyrylýar. Ýerli döwürleýin neşir önümleriniň ýaýradylmagy welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan berilýän degişli resminamasynda görkezilen welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň çäginde amala aşyrylýar.

4. Daşary ýurt döwürleýin neşir önümleriniň abuna ýazylyşygy boýunça ýaýradylmagy «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

16-njy madda. Döwürleýin neşir önümleriniň bölek satuwy

1. Peýdalanyjylara döwürleýin neşir önümleriniň bölekleýin satylmagy boýunça hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi operator tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň eýesi ýa-da onuň wekili bilen baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

2. Daşary ýurt döwürleýin neşir önümleriniň bölek satuwy «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

17-nji madda. Poçta töleginiň nyşanlaryny ýerlemek boýunça hyzmatlar

1. Poçta töleginiň nyşanlary ýazmaça hat-habarlary ugratmak boýunça operatoryň bellenen nyrhnama boýunça amala aşyrylýan hyzmatlarynyň töleglerini tassyklamak üçin niýetlenendir. Poçta töleginiň nyşanlarynyň ulanylmagy diňe ýazmaça hat-habarlaryň ugradylmagy babatda amala aşyrylýar.

2. Operator poçta töleginiň ygtyýarly edara bilen ylalaşylan nyşanlaryny ulanýar, poçta töleginiň döwlet nyşanlary muňa degişli däldir.

3. Operatorlar Türkmenistanyň çäginde içerki we halkara ýazmaça hat-habarlaryň ugradylmagyny diňe poçta töleginiň nyşanlary bar bolan ýagdaýynda amala aşyrýarlar.

4. Satylan poçta töleginiň nyşanlary, şol sanda poçta töleginiň döwlet nyşanlary yzyna gaýtarylmaga we çalşyrylmaga degişli däldir.

5. Poçta ugratmasynda poçta töleginiň nyşanlarynyň bolmadyk ýa-da bellenen nyrhnama boýunça tölegiň bölekleýin tölenen ýagdaýynda operator şeýle poçta ugratmasyny iberijä gaýtaryp berýär.

6. Hapalanan, zaýalanan, ulanylan (ýatyrylan), dolanyşykdan aýrylan poçta töleginiň nyşanlary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň poçta töleginiň nyşanlary poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegi üçin kabul edilmeýär.

7. Poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini tassyklaýan satyn alnan poçta töleginiň nyşanlary şol poçta töleginiň nyşanlaryny dolanyşyga goýberen operatorda ulanylmalydyr.

8. Poçta töleginiň nyşanlaryny operatorlara degişliligi boýunça barabarlandyrmak maksady bilen, poçta töleginiň döwlet nyşanlaryndan beýleki poçta töleginiň nyşanlarynyň ýüz tarapynda operatoryň ady bolmalydyr.

18-nji madda. Poçta töleginiň döwlet nyşanlary we filateliýa önümleri

1. Poçta töleginiň döwlet nyşanlaryny dolanyşyga girizmek ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Poçta töleginiň döwlet nyşanlaryna bildirilýän talaplar Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda, ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýär. Poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň görnüşlerini we göwrümlerini tassyklamagyň, poçta dolanyşygyna girizmegiň we dolanyşykdan aýyrmagyň, şeýle hem taýýarlanylmagyny, öndürilmegini we ýerlenilmegini guramagyň tertibi poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen kesgitlenilýär.

3. Poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň taýýarlanylmagyny, öndürilmegini we ýerlenilmegini guramak Milli operator tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Poçta töleginiň bikanun öndürilen döwlet nyşanlarynyň dolanyşyga girizilmegine ýol bermezlik maksady bilen, Milli operator Bütindünýä poçta birleşmesine her täze öndürilen poçta markasyndan we onuň her bir bellenen bahalysyndan üç sany poçta markasyny, zerur maglumatlar (öndürilen senesi, tehniki ýazgysy we beýleki zerur maglumatlar) bilen bilelikde, Bütindünýä poçta birleşmesiniň agza döwletleriniň hakyky markalarynyň asyl nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin iberýär.

5. Ygtyýarly edara Milli operatoryň teklibi boýunça poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň filateliýa önümleri hökmünde ulanylmak maksady bilen, olaryň poçta dolanyşygyndan aýrylmagyny amala aşyrýar.

6. Poçta töleginiň döwlet nyşanynyň poçta dolanyşygy, onuň dolanyşyga girizilen senesinden soň, azyndan iki ýylyň dowamynda amala aşyrylýar.

19-njy madda. Gibrid ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar

1. Operator tarapyndan gibrid ugratmalaryny ibermek boýunça hyzmatlar ugratmany başlangyç tapgyrda maglumat ulgamlaryny, internet serişdelerini we beýleki elektron göterijileri ulanmak arkaly elektron habar görnüşinde ibermek, indiki tapgyrda hat (poçta kartoçkasy) görnüşinde eltip bermek ýa-da başlangyç tapgyrda hat (poçta kartoçkasy) görnüşinde ibermek, indiki tapgyrda elektron habar görnüşinde maglumat ulgamlarynyň, internet serişdeleriniň üsti bilen elektron poçtasyna ibermek arkaly amala aşyrylýar.

2. Iberijilerden elektron habarlary kabul etmek ýa-da eltip bermek, şertnama esasynda operatoryň maglumat ulgamy bilen birleşdirilen, ulanylýan maglumat ulgamlaryndan maglumatlary geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

3. Elektron habarlary kabul etmek ýa-da eltip bermek maksady bilen, operatorlar öz maglumat ulgamlaryny we telekommunikasiýa torlaryny ýa-da degişli şertnama esasynda üçünji taraplaryň maglumat ulgamlaryny we telekommunikasiýa torlaryny ulanýarlar.

4. Operator alnan elektron habarlaryň çap edilmegini we bukjalanylmagyny amala aşyrýan üçünji tarapy degişli şertnama esasynda çekmäge haklydyr.

5. Elektron habaryň poçta ugratmasy görnüşinde iberilmegi şu Kanunda bellenen talaplara we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

20-nji madda. Operatoryň hyzmatlarynyň tölegi

1. Operatoryň hyzmatlarynyň tölegi poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerinde bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Operatoryň hyzmatlarynyň tölegi nagt ýa-da nagt däl görnüşlerde amala aşyrylyp bilner.

3. Operator iberijiniň tabşyrygy boýunça alyja poçta ugratmasy gowşurylanda, ondan iberiji bilen şertleşilen goşmaça tölegiň möçberini almaga we ony iberijiniň görkezen poçta salgysyna ibermäge borçlanýar. Goşmaça tölegli poçta ugratmalary Türkmenistanyň bütin çägi boýunça we operatorlary bilen degişli şertnamalar baglaşylan daşary ýurt döwletlerine ugradylmagy üçin kabul edilýär.

4. Alyjy poçta ugratmasyny, şol sanda goşmaça tölegli poçta ugratmasyny kabul etmekden ýüz dönderen halatynda, operator poçta ugratmasyny iberijä gaýtaryp berýär, iberiji poçta ugratmasyny alanda yzyna ugradylandygy üçin tölegi tölemäge borçludyr.

21-nji madda. Poçta ugratmasynyň alnandygy barada habarnama

1. Bellige alynýan poçta ugratmasy iberilende, poçta ugratmasynyň alyjy tarapyndan alnandygy barada iberijiniň öz islegi boýunça oňa habarnama ýollanylýar.

2. Alyjynyň poçta ugratmasyny alandygy barada habarnamanyň operator tarapyndan ugradylmagy kagyz göterijide ýa-da elektron habar görnüşinde amala aşyrylýar we ol iberijiden töleg alynýan goşmaça poçta aragatnaşyk hyzmaty bolup durýar.

3. Poçta ugratmasynyň alyjy tarapyndan alnandygy barada habarnama üçin operator tarapyndan, degişli kwitansiýany bermek bilen, iberijiden öňünden töleg alynýar.

22-nji madda. Poçta ugratmasynyň yzyna gaýtarylmagy, poçta salgysynyň üýtgedilmegi ýa-da düzedilmegi

1. Şu ýagdaýlarda iberiji poçta ugratmasynyň yzyna gaýtarylmagy, poçta salgysynyň üýtgedilmegi ýa-da düzedilmegi baradaky talap bilen operatora ýüz tutmaga haklydyr, eger poçta ugratmasy:

1) alyja gowşurylmadyk bolsa;

2) ugradylmagy gadagan edilen zatlar we harytlar sebäpli muzdsuz alynmadyk ýa-da ýok edilmedik bolsa;

3) ugradylan ýurdunyň kanunçylygyna laýyklykda alynmadyk bolsa.

2. Poçta ugratmasynyň yzyna gaýtarylmagy, poçta salgysynyň üýtgedilmegi we düzedilmegi iberiji tarapyndan goşmaça tölegiň tölenen şertinde amala aşyrylýar.

23-nji madda. Operatorlaryň işi

1. Operatorlar peýdalanyjylara poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginde we onuň çäginiň daşyna ugratmagyň nyrhnamalary, möhletleri barada, şeýle hem beýleki zerur maglumatlary bermelidirler.

2. Operatorlaryň poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Operatorlar peýdalanyjylardan kabul edilip alnan poçta ugratmalarynyň we pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleriniň goraglylygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

4. Operatorlar poçta ugratmalary, pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleri, iberijiler we alyjylar baradaky maglumatlary diňe iberijilere we alyjylara ýa-da olaryň kanuny wekillerine, ýa-da ynanç haty esasynda ynamdara bermelidirler. Görkezilen maglumatlaryň beýleki fiziki we ýuridik şahslara berilmegi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda amala aşyrylýar.

5. Operatorlar poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny poçta aragatnaşyk obýektleriniň, poçtamatlaryň, hat gatnadyjylaryň ýa-da çaparlaryň üsti bilen ýerine ýetirýärler, şeýle hem hyzmatlar ýerine ýetirilende şu Kanunda bellenen talaplara laýyklykda, öz poçta gutularyny we poçta töleginiň nyşanlaryny ulanýarlar.

Operatorlar tarapyndan poçta ugratmalarynyň eltip berilmegi abonent poçta gutularynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

6. Operatorlaryň arasyndaky özara gatnaşyklar şertnama esasynda amala aşyrylýar.

7. Operatorlar öz işini şu Kanunda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýarlar.

24-nji madda. Milli operator

1. Milli operator şu wezipeleri amala aşyrýar:

1) gozgalmaýan emlägiň obýektlerine poçta indekslerini belleýär;

2) poçta gutularyny ýerleşdirýär;

3) Türkmenistanyň poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň öndürilmegini we ýerlenilmegini guraýar;

4) şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan hyzmatlary ýerine ýetirýär;

5) poçta ugratmalarynyň, şeýle hem harytlaryň, ýükleriň daşalmagyny, işläp taýýarlanylmagyny, ammarda ýerleşdirilmegini we saklanylmagyny amala aşyrýar;

6) salgytlary tölemäge we Döwlet býujetine beýleki töleglere niýetlenilen pul serişdelerini fiziki we ýuridik şahslardan nagt we nagt däl görnüşlerde kabul edýär;

7) şular boýunça ygtyýarnama almazdan, amallaryň aşakdaky görnüşlerini amala aşyrýar:

a) pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimlerini kabul etmek, ugratmak we gowşurmak;

b) administratiw hukuk bozulmalarynyň edilendigi üçin salnan jerimeleri almak;

ç) jemagat we beýleki hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek;

8) tabşyryk, agentlik we beýleki şertnamalaryň esasynda fiziki we ýuridik şahslardan tölegleri kabul edýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dellalçylyk, dillerlik we transfer-agentlik işlerini amala aşyrýar;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda, tabşyryk we (ýa-da) komissiýa şertnamasynyň şertlerinde ýuridik hereketleri ýerine ýetirýär;

11) beýleki operatorlar bilen şertnama esasynda özara işleri alyp barýar.

2. Milli operator tarapyndan poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende, ygtyýarly edara jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ol tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär.

25-nji madda. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleriniň mazmuny

Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri aşakdakylary öz içine almalydyr:

1) poçta toruny guramaga we peýdalanyjylara hyzmat etmäge bildirilýän talaplary;

2) operatorlaryň atly enjamlarynyň ulanylmagynyň düzgünlerini;

3) poçta ugratmalarynyň resmileşdirilmegine, şeýle hem poçta ugratmalarynyň görnüşlerine we olaryň tehniki häsiýetnamalaryna bildirilýän talaplary;

4) poçta ugratmalarynyň we (ýa-da) pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleriniň kabul edilmeginiň, işlenip taýýarlanylmagynyň, daşalmagynyň we (ýa-da) geçirilmeginiň, eltip berilmeginiň we (ýa-da) gowşurylmagynyň tertibini, şeýle hem poçta ugratmasynyň we (ýa-da) pul serişdeleriniň poçta arkaly geçirimleriniň işkagyzynyň görnüşini;

5) halkara poçta ugratmalaryny kabul etmegiň, işläp taýýarlamagyň we gowşurmagyň tertibini;

6) poçta ugratmalaryny kabul etmegiň, işläp taýýarlamagyň we barlamagyň tertibini, şeýle hem poçta ugratmalarynyň saklanyş möhletini;

7) poçta ugratmalaryny yzyna gaýtarmagyň tertibini;

8) poçta ugratmalarynyň barlanylmagynyň we alynmagynyň tertibini, şeýle hem poçta torlary arkaly ugradylmagy gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň sanawyny;

9) peýdalanyjylaryň arzalaryna we şikaýatlaryna garamagyň tertibini;

10) poçta töleginiň döwlet nyşanlaryny we filateliýa önümlerini öndürmegiň we ýerlemegiň tertibini;

11) Türkmenistanda poçta indekslerini bermegiň tertibini;

12) bellenilen operatory bellemegiň we yzyna çagyrmagyň tertibini;

13) abonent poçta gutularyny ýerleşdirmek, saklamak we tehniki häsiýetnamalary boýunça talaplary;

14) köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil görkezijilerini;

15) peýdalanyjylaryň operatorlar tarapyndan hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan şahsy maglumatlarynyň ýeke-täk sanawyny.

Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri şu Kanunda göz öňünde tutulan beýleki düzgünleri hem özünde saklap biler.

26-njy madda. Operatorlaryň işinde dilleriň ulanylmagy

1. Türkmenistanyň çäginde operatorlaryň iş resminamalarynyň dolanyşygy Türkmenistanyň döwlet dilinde amala aşyrylýar. Bellenen operator Bütindünýä poçta birleşmesiniň agza döwletleriniň bellenen operatorlary bilen hat alyşmagy Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda kesgitlenen dilde alyp barýar.

2. Türkmenistanyň çäginde ugradylýan poçta ugratmalarynyň iberijisiniň we alyjysynyň poçta salgylary döwlet dilinde, Türkmenistanyň çäginiň daşyna iberilýänler iberilýän ýurdunyň dilinde ýa-da Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda bellenen dilde resmileşdirilýär.

3. Operatorlaryň işine degişli habar beriji, sorag-jogap we beýleki maglumatlar, şeýle hem resminamalaryň nusgalary peýdalanyjylara elýeterli ýerlerde döwlet dilinde ýerleşdirilýär.

27-nji madda. Hasaba alyş we hasabatlylyk wagty

1. Operatorlar tarapyndan poçta ugratmalaryny ibermek boýunça tehnologik iş amala aşyrylanda ýerli wagt ulanylýar.

2. Poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilýän wagty barada peýdalanyjylara habar bermek ýerli wagt boýunça geçirilýär.


IV BAP. POÇTA TORY

28-nji madda. Milli poçta tory

1. Türkmenistanyň çäginde Milli operator tarapyndan döredilýän milli poçta tory we beýleki poçta operatorlary tarapyndan döredilýän poçta torlary hereket edýär.

2. Operatorlar şu Kanunda gönüden-göni bellenenden başga ýagdaýlarda poçta torlaryny özbaşdak döredýärler.

29-njy madda. Operatorlaryň poçta torlarynyň meýilleşdirilişi we ösdürilişi

1. Operatorlar poçta torlarynyň ösdürilişini özbaşdak meýilleşdirýärler we amala aşyrýarlar.

Peýdalanyjylara köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän poçta torlarynyň ösdürilişi poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki gozgalmaýan emlägiň obýektleriň gurluşygy alnyp barlanda, gurluşygyň buýrujysy öz serişdeleriniň hasabyna abonent poçta gutularynyň gurnalmagyny üpjün etmäge borçludyr.

30-njy madda. Poçta aragatnaşyk bölümleri

Poçta aragatnaşyk bölümleri öz üsti bilen peýdalanyjylara poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilýän poçta aragatnaşyk obýektleridir.

Poçta aragatnaşyk bölümlerini açmak we saklamak zerurlygy operator tarapyndan poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleriniň esasynda kesgitlenilýär.

31-nji madda. Poçta ugurlary

1. Operatorlaryň poçta ugurlary poçta torunyň düzüm bölegidir we ulag serişdelerini we (ýa-da) hat gatnadyjylary, çaparlary ulanmak arkaly poçta ugratmalaryny daşamagyň we eltip bermegiň çyzgysy bolup durýar.

2. Poçta ugurlary operator tarapyndan Türkmenistanyň ilatly ýerlerini birleşdirýän, hereket edýän ugurlar göz öňünde tutulyp meýilleşdirilýär.

3. Poçta ugruny we poçta ugratmalaryny daşamak we eltip bermek üçin niýetlenilen ulag serişdeleriniň gatnawynyň tertibini düzmek operatorlar tarapyndan poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerinde bellenen içerki kadalara we poçta ugratmalaryny işläp taýýarlamagyň, daşamagyň we eltip bermegiň möhletlerine laýyklykda geçirilýär.

4. Poçta ugurlary baradaky maglumatlar gizlin maglumatlardyr.

32-nji madda. Poçta gutulary

1. Poçta gutulary poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerini berjaý etmek bilen, peýdalanyjylar üçin elýeterli ýerlerde operatorlar tarapyndan ýerleşdirilýär.

2. Poçta gutulary operatoryň öz garaýşyna görä we ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleri bilen ylalaşylmagy boýunça gönüden-göni gozgalmaýan emlägiň obýektinde, şeýle hem olaryň çäginde aýratyn ýerleşdirilýär.

3. Poçta gutularyndan poçta ugratmalaryny almak, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen, operatorlar tarapyndan üpjün edilýär.

4. Operatoryň poçta gutularynda, olary beýleki operatoryň poçta gutularyndan tapawutlandyrmak üçin öz nyşany bolmalydyr.

33-nji madda. Abonent poçta gutulary

1. Abonent poçta gutulary ýaşaýyş we ýaşaýyş däl jaýlarda, özbaşdak ýaşaýyş jaýlarynda peýdalanyjylar we operatorlaryň hat gatnadyjylary üçin elýeterli ýerlerde ýerleşdirilýär we olaryň ygtyýarly edara tarapyndan bellenen talaplara laýyklykda, abonent poçta gutularynyň talaba laýyk ýerleşdirilmegini we saklanylmagyny üpjün edýän eýelerine degişlidir.

2. Gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň eýeleri hat gatnadyjylaryň, çaparlaryň abonent poçta gutularyna päsgelçiliksiz barmaklary üçin mümkinçilik döretmäge borçludyrlar. Abonent poçta gutusynyň bolmadyk ýa-da abat bolmadyk halatynda, operator poçta ugratmasynyň poçta aragatnaşyk obýektiniň ýerleşýän ýeri boýunça berilmegini amala aşyrýar.

34-nji madda. Abonement poçta gutusy

1. Poçta aragatnaşyk obýektlerinde poçta ugratmalaryny we döwürleýin neşir önümlerini, poçta ugratmalarynyň mälim ediş hatlaryny almak üçin abonement poçta gutulary gurnalyp bilner.

2. Bir abonement poçta gutusynyň birnäçe alyjy tarapyndan ulanylmagyna, şeýle hem abonement poçta gutusynyň beýleki adamlar tarapyndan ulanylmagy üçin berilmegine ýol berilmeýär.

3. Abonement poçta gutusyna täze gulplary dakmak ýa-da açarlaryny çalşyrmak, şeýle hem ulanyjynyň günäsi bilen zeper ýetirilen gulplary ýa-da gutulary abatlamak ulanyjynyň hasabyna amala aşyrylýar.

4. Ulanyjy abonement poçta gutusyny ulanmakdan ýüz dönderen ýa-da ulanyş möhleti tamamlanan halatynda, abonement poçta gutusy ulanylmagyndan ýüz dönderilen ýa-da ulanyş möhletiniň tamamlanan gününden başlap, bir aýdan soň başga bir ulanyja berlip bilner.

35-nji madda. Operatorlaryň atly enjamlary

1. Operatorlar poçta aragatnaşyk obýektlerini poçta ugratmalaryny ibermegiň iş ýöredilişinde ulanylýan atly enjamlar bilen üpjün edýärler.

2. Operatorlaryň atly enjamlary Milli operatoryň poçta aragatnaşyk obýektleri üçin bellenen atly enjamlardan şol operatoryň adynyň görkezilmegi arkaly tapawutlanmalydyr.

3. Operatorlar tarapyndan atly enjamlaryň ulanylmagynyň tertibi poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünleri bilen kesgitlenýär.

36-njy madda. Ulag serişdelerini ulanmak

1. Operatorlara poçta ugratmalaryny, operatoryň işgärleriniň ýolbeletlik etmeginde, ähli ugurlar we demir ýol, deňiz, howa we awtomobil ulaglarynyň ýollary boýunça şertnama baglaşmak şertlerinde daşamaga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, poçta ugratmalaryny daşalmagy üçin bermäge hukuk berilýär.

2. Köpugurly poçta aragatnaşyk we beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýän operatoryň awtomobil ulag we beýleki mehaniki ulag serişdeleriniň awtoulag ýollarynyň, awtoulag, demir ýol menzilleriniň, deňiz portlarynyň, howa menzilleriniň çäklerinde ýerleşdirilen ýük we goş toplumlaryna, poçta gutularyna barmaklary, şeýle hem demirýol beketleriniň we menzilleriniň duralga meýdançalarynda poçta ugratmalarynyň ähli görnüşleriniň poçta wagonlaryndaky alyş-çalşygy ilkinji nobatda we tölegsiz amala aşyrylýar.

Poçta ugratmalarynyň alyş-çalşygynyň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin demir ýol otlusynyň düzümi demir ýol beketlerine (demir ýollaryna) gelende, operatoryň awtomobil we beýleki mehaniki ulag serişdeleriniň poçta wagonyna päsgelçiliksiz barmagy üpjün edilmelidir.

3. Milli operatora degişli ulag serişdeleriniň ýörite nyşanlary bardyr we operatoryň razyçylygy bolmazdan, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryna degişli bolmadyk hyzmatlar we işler ýerine ýetirilende olar ulanylyp bilinmez.


V BAP. PEÝDALANYJYLARA HYZMAT ETMEGIŇ AÝRATYNLYKLARY, OLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY

37-nji madda. Peýdalanyjylara hyzmat etmegiň aýratynlyklary

1. Poçta aragatnaşyk hyzmaty ýerine ýetirilende, operator ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan, operator tarapyndan hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin peýdalanyjylaryň zerur bolan şahsy maglumatlarynyň ýeke-täk sanawyna laýyklykda, peýdalanyjynyň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyny, toplanylmagyny, ulanylmagyny we saklanylmagyny amala aşyrýar.

Operator tarapyndan köpugurly poçta aragatnaşyk hyzmaty ýerine ýetirilende, şahsy maglumatlaryň ýygnalmagy, toplanylmagy, ulanylmagy we saklanylmagy peýdalanyjynyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razyçylygy bolmazdan geçirilýär.

2. Bellige alynýan poçta ugratmalarynyň peýdalanyjy tarapyndan iberilmegi operatoryň poçta ugratmalaryny kabul edýän ýerinde iberijiniň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň görkezilmegi bilen, hut onuň özi ýa-da wekili tarapyndan ýa-da operatoryň hat gatnadýançysynyň ýa-da çaparynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Iberijiniň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyna, toplanylmagyna, ulanylmagyna we saklanylmagyna razyçylyk bermekden ýüz dönderen ýagdaýynda, operator peýdalanyjynyň poçta ugratmasyny ibermekden ýüz döndermäge borçludyr.

3. Bellige alynýan poçta ugratmasy kabul edilende, operator alyjynyň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyny, toplanylmagyny, ulanylmagyny we saklanylmagyny onuň razyçylygy bolmazdan amala aşyrylýar. Bellige alynýan poçta ugratmasy operator tarapyndan peýdalanyja gowşurylanda, alyjy şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezýär we operatora şahsy maglumatlaryny ýygnamaga, toplamaga, ulanmaga we saklamaga razyçylygyny berýär. Alyjynyň şahsy maglumatlaryny ýygnamaga, toplamaga, ulanmaga we saklamaga razyçylyk bermekden ýüz dönderen ýagdaýynda, operator poçta ugratmasyny alyja gowşurmaýar we poçta ugratmasyny iberijä yzyna gaýtarmaga borçludyr.

38-nji madda. Operatorlaryň hyzmatlarynyň hili

1. Operatorlar peýdalanyjylara hili boýunça hem-de şu Kanunda we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerinde bellenen kadalara, şeýle hem görkezilen hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky şertnamanyň şertlerine laýyk gelýän hyzmatlary ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

2. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary operatorlar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ähli peýdalanyjylar üçin deň şertlerde ýerine ýetirilýär.

39-njy madda. Peýdalanyjylaryň esasy hukuklary we borçlary

1. Peýdalanyjylaryň şu maglumatlary almaga hukugy bardyr:

1) poçta aragatnaşygynyň operatory hakynda (ýuridik şahsyň ady we ýerleşýän ýeri);

2) ýerine ýetirilýän poçta aragatnaşyk hyzmatlary hakynda;

3) poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhnamalary hakynda;

4) poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginde ibermegiň we eltip bermegiň (gowşurmagyň) möhletleri, poçta ugratmalaryny Türkmenistanyň çäginiň daşyna ugratmagyň we eltip bermegiň (gowşurmagyň) çaklanylýan möhletleri hakynda;

5) iberilmegi gadagan edilen zatlar we harytlar hakynda;

6) poçta aragatnaşyk obýektleriniň iş tertibi hakynda;

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, elýeterliligi, ýaýradylmagy we (ýa-da) berilmegi çäklendirilmedik beýleki maglumatlary.

2. Peýdalanyjylaryň poçta ugratmalaryny, döwürleýin neşir önümlerini we pul serişdelerini öz poçta salgysy boýunça, talap etmegi boýunça ýa-da abonement poçta gutusyny ulanmak arkaly almaga hukugy bardyr. Alyjy salgysy boýunça gelip gowşan poçta ugratmasyny ýa-da pul serişdelerini almakdan ýüz döndermäge haklydyr.

3. Peýdalanyjylaryň elektron görnüşdäki poçta ugratmalaryny (ýönekeý ýa-da sargytly) ibermäge we almaga, poçta ugratmalarynyň mälim ediş hatyny, poçta ugratmalarynyň alnandygy baradaky habarnamany, poçta ugratmalarynyň kabul edilmegi, işlenip taýýarlanylmagy, saklanylmagy, eltip berilmegi (gowşurylmagy) bilen baglanyşykly beýleki habarlary almaga hukugy bardyr.

4. Peýdalanyjylaryň poçta ugratmasynyň yglan edilen gymmatynyň möçberini özbaşdak kesgitlemäge hukugy bardyr.

5. Peýdalanyjylar aşakdakylara borçludyrlar:

1) ýazmaça habarlary ibermek üçin bellenen görnüşdäki poçta bukjalaryny, poçta kartoçkalaryny ulanmaga;

2) poçta gutusynyň içine doly möçberde tölenen ýazmaça hat-habarly bukjalary atmaga;

3) poçta ugratmasyny salgylandyrmaga we gaplamaga, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerine laýyklykda, poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalary doldurmaga;

4) gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň iberilmegine ýol bermezlige.


VI BAP. POÇTA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK

40-njy madda. Milli operatoryň poçta howpsuzlyk ulgamy

1. Poçta howpsuzlygy — peýdalanyjylaryň, operatorlaryň we olaryň işgärleriniň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goraglylygyny, poçta aragatnaşygynyň obýektleriniň we serişdeleriniň, şeýle hem operatorlar tarapyndan peýdalanyjylardan kabul edilen poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň hem-de operatorlara eltip bermek üçin berlen neşir önümleriniň abat saklanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň toplumy.

2. Milli operatoryň poçta howpsuzlyk ulgamy poçta, gulluk we täjirçilik syrlarynyň, poçta ugratmalarynyň rugsatsyz elýeterlilikden goralmagynyň, poçta ugratmalarynyň we pul serişdeleriniň ýitirilmeginiň we ogurlanylmagynyň öňüni almak boýunça çäreleriň, poçta ugratmalarynda gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň ugradylmagyna ýol berilmezligiň, şeýle hem ulanylýan maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

41-nji madda. Poçta howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler

1. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende, operatorlar öz ygtyýarlygynyň çäklerinde peýdalanyjylaryň we işgärleriň saglygynyň we janynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çäreleri görýärler.

2. Fiziki şahslaryň bellige alynýan poçta ugratmalary ugradylmagy üçin operatorlar tarapyndan açyk görnüşde kabul edilýär. Operatorlar poçta ugratmalaryndaky zatlaryň we harytlaryň barabarlandyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehniki serişdeleri ulanýarlar.

Operator bellige alynýan poçta ugratmalary kabul edilende, iberijini bellenilen tertipde barabarlandyrmaga we onuň maglumatlaryny belläp almaga borçludyr. Poçtamatlar bilen enjamlaşdyrylan desgalarda poçta ugratmalarynyň kabul edilmegi we gowşurylmagy iberijini we alyjyny barabarlandyrmaga, şeýle hem rugsatsyz elýeterliligi aradan aýyrmaga mümkinçilik berýän tehniki serişdeleri ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

3. Operatorlar poçta ugratmalaryny ibermek boýunça işleriň barşynda olardaky gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň ýüze çykarylmagyna gönükdirilen çäreleri geçirýärler. Poçta ugratmalaryndaky gadagan edilen zatlary we harytlary ýüze çykarmak maksady bilen, operatorlar poçta ugratmalaryndaky gadagan edilen zatlary we harytlary olary açmazdan ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän tehniki serişdeleri, enjamlary we wideogözegçilik ulgamlaryny ulanýarlar.

Poçta ugratmalaryny barlamaga we almaga poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň Düzgünlerinde bellenen ýagdaýlarda rugsat berilýär.

Poçta ugratmalarynda gadagan edilen zatlar we harytlar ýüze çykarylan ýagdaýynda, görkezilen zatlar we harytlar olaryň ýüze çykarylan ýerinde alynýar. Şunda operatorlar degişli maglumaty hukuk goraýjy edaralara bermäge borçludyrlar. Poçta ugratmalarynyň açylmagy ygtyýarly edaralaryň wekilleri tarapyndan olarda gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň ýüze çykarylan ýerinde we operatoryň işgärleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar.

4. Poçta ugratmalarynda gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň iberilendigi üçin poçta ugratmasyny iberiji Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

42-nji madda. Poçta syrynyň üpjün edilmegi

1. Her bir peýdalanyja poçta syryna bolan hukuk döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Ol hukugyň çäklendirilmegine diňe gönüden-göni Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlarda we tertipde ýol berilýär.

2. Operatorlar öz işini amala aşyranlarynda poçta syrynyň üpjün edilmegi boýunça talaplary berjaý etmäge borçludyrlar. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda poçta ugratmalarynyň açylmagyna gatnaşýan operatoryň işgärleriniň poçta syrynyň üpjün edilmegi bilen bagly maglumatlary aýan etmäge haky ýokdur, gönüden-göni Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlar muňa degişli däldir.

3. Şahsy maglumatlara ygtyýary bolan operatorlar gizlinligi peýdalanyjynyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň razyçylygy ýa-da beýleki kanuny esaslar bolmazdan, olaryň ýaýradylmagyna ýol bermezligiň talaplaryny berjaý etmek arkaly üpjün edýärler.

4. Poçta syrynyň bozulmagyna ýol beren fiziki we ýuridik şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekilýärler.

43-nji madda. Operatorlaryň dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen özara hereketi

1. Operatorlar Türkmenistanyň çäginde öz işini amala aşyranlarynda, Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda, poçta torlarynda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara ähli poçta torlarynda dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegi üçin guramaçylyk we tehniki mümkinçilikleri, peýdalanyjylar baradaky gulluk maglumatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge, şeýle hem görkezilen çäreleri geçirmegiň görnüşleriniň we usullarynyň aýan edilmegine ýol berilmezligi boýunça çäreleri görmäge borçludyrlar.

2. Operatorlar poçta torlarynda dessin-agtaryş çäreleriniň geçirilmegini, şahsy maglumatlaryň ýygnalmagyny we saklanylmagyny üpjün edýän tehniki serişdeleri we enjamlary oturtmaga borçludyrlar. Şahsy maglumatlary saklamagyň möhletleri poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň Düzgünlerinde kesgitlenilýär.


VII BAP. HALKARA POÇTA ARAGATNAŞYGY

44-nji madda. Halkara hyzmatdaşlyk

Poçta aragatnaşygy babatda halkara hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň kadalaryna we Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

45-nji madda. Bellenen operator

1. Ygtyýarly edara poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň Düzgünlerine laýyklykda, ol tarapyndan Türkmenistanyň bütin çäginde poçta torlary bilen özara hereketleriň we Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda bellenen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, operatoryň bellenen operator edilip bellenilmegini amala aşyrýar.

2. Bellenen operator şulary üpjün etmäge borçludyr:

1) Türkmenistanyň ähli ilatly ýerlerinde, şol sanda erkin ykdysady zolagyň çäginde peýdalanyjylaryň ählisi üçin poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň hemişelik esasda ýerine ýetirmegini;

2) ýazmaça hat-habarlaryň kabul edilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, daşalmagyny we eltip berilmegini;

3) ýigrimi kilograma çenli agramdaky uly gaply ýollamalaryň kabul edilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, daşalmagyny we eltip berilmegini;

4) Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda resmileşdirilen, iberiji tarapyndan yzyna poçta arkaly ugratmak üçin tölegi deslapdan tölenilen poçta ugratmasynyň yzyna gaýtarylmagyny;

5) halkara jogap kuponynyň töleg üçin kabul edilmegini. Halkara jogap kupony diýlip, Bütindünýä poçta birleşmesi tarapyndan esaslandyrylan, onuň agza döwletlerinde poçta töleginiň nyşanlaryna çalyşmak üçin niýetlenen kupona düşünilýär;

6) Bütindünýä poçta birleşmesiniň agzasy bolup durýan döwletleriň bellenen operatorlarynyň halkara poçta ugratmalarynyň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşalmagyny.

3. Bellenen operator poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrýar.

4. Bellenen operator tarapyndan Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda göz öňünde tutulan borçnamalaryň ýerine ýetirilmedik halatynda, ygtyýarly edara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellenen operatoryň ygtyýarlyklaryny yzyna çagyrýar.

5. Bellenen operator Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalarynda bellenen borçnamalary üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň çäginde, şol sanda erkin ykdysady zolagyň çäginde halkara poçta alyş-çalyş ýerlerini döredýär. Bellenen operator halkara poçta alyş-çalyş ýerleriniň zerur sanyny, şeýle hem olaryň iş tertibini kesgitleýär.

46-njy madda. Halkara poçta alyş-çalşygy we halkara poçta üstaşyr geçirmesi

1. Halkara poçta alyş-çalşygy we halkara poçta üstaşyr geçirmesi Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Bellenen operator halkara poçta alyş-çalyş ýerleriniň Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna laýyklykda, Bütindünýä poçta birleşmesiniň edaralarynda bellige alynmagyny amala aşyrmaga borçludyr.

3. Bellenen operator Türkmenistan tarapyndan halkara poçta alyş-çalşygyny we halkara poçta üstaşyr geçirmesini Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrýar.

4. Halkara poçta alyş-çalşygy we üstaşyr geçirmesi bellenen operator tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna döredilýän halkara poçta alyş-çalyş ýerlerinde amala aşyrylýar.

5. Türkmenistanyň çäginde Bütindünýä poçta birleşmesiniň agza döwletleriniň beýleki bellenen operatorlary tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş ýerleriniň döredilmegi ygtyýarly edaranyň rugsady bilen amala aşyrylýar.

6. Halkara poçta ugratmalary Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilen mahalynda poçta aragatnaşyk operatorlary tarapyndan gümrük edaralaryna gözegçilik üçin görkezilýär. Poçta aragatnaşyk operatorlary serhediň üsti bilen poçta ugratmalarynda iberilmegi gadagan edilýän zatlaryň we harytlaryň sanawyny peýdalanyjylaryň dykgatyna ýetirmäge borçludyrlar.

7. Halkara poçta ugratmalarynyň gözden geçirilmegi, barlanylmagy we alynmagy, olardaky iberilmegi gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň alynmagy Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.


VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

47-nji madda. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende borçnamalaryň bozulandygy üçin jogapkärçilik

1. Operator poçta ugratmasynyň iberijiden kabul edilen pursadyndan başlap, alyja berilýän pursadyna çenli onuň goraglylygyny üpjün etmäge borçludyr.

2. Operator aşakdaky ýagdaýlarda jogapkärçilik çekýär:

1) bellige alynýan poçta ugratmasy ýitirilende, oňa şikes ýetirilende (zaýalanylanda) ýa-da bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlar ýa-da harytlar ýetmezçilik edende;

2) poçta ugratmasyny ibermegiň möhletleri bozulanda.

3. Bellige alynýan poçta ugratmasynyň ýitirilendigi, oňa şikes ýetirilendigi (zaýalanylandygy) ýa-da bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň ýetmezçiligi üçin operator aşakdaky möçberlerde jogapkärçilik çekýär:

1) bahasy goýlan poçta ugratmasynyň ýitirilendigi ýa-da oňa doly şikes ýetirilendigi (zaýalanylandygy) üçin — goýlan bahanyň we ugratmak üçin bellenen nyrhnama boýunça tölenen puluň möçberinde;

2) bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň ýetmezçiligi, bellige alynýan poçta ugratmasy içinde ýerleşdirilen zatlaryň ýa-da harytlaryň sanawy bilen ugradylanda bahasy goýlan bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň belli bir böleginiň ýitirilendigi ýa-da oňa şikes ýetirilendigi (zaýalanylandygy) üçin — iberiji tarapyndan sanawda görkezilen zatlaryň ýa-da harytlaryň ýetmeýän, ýitirilen ýa-da şikes ýetirilen (zaýalanylan) böleginiň goýlan bahasynyň möçberinde;

3) bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň ýetmezçiligi, bellige alynýan poçta ugratmasy içinde ýerleşdirilen zatlaryň ýa-da harytlaryň sanawy bolmazdan ugradylanda, bahasy goýlan bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň bir böleginiň ýitirilendigi ýa-da oňa şikes ýetirilendigi (zaýalanylandygy) üçin — hakyky bahasyna garamazdan, zatlaryň ýa-da harytlaryň ýetmeýän, ýitirilen ýa-da şikes ýetirilen (zaýalanylan) böleginiň agramynyň ugradylan bellige alynýan poçta ugratmasynyň agramyna (poçta ugratmasynyň daşky gabynyň agramy hasaba alynmaýar) bolan gatnaşygy boýunça proporsional göterimde kesgitlenen, bellige alynýan poçta ugratmasynyň goýlan bahasynyň böleginiň möçberinde;

4) beýleki bellige alynýan poçta ugratmasynyň ýitirilendigi ýa-da oňa doly şikes ýetirilendigi (zaýalanylandygy) üçin — bellenen nyrhnama boýunça tölenen puluň möçberinde;

5) beýleki bellige alynýan poçta ugratmasynyň zatlarynyň ýa-da harytlarynyň ýetmezçiligi ýa-da zatlaryň ýa-da harytlaryň belli bir böleginiň ýitirilendigi ýa-da zatlarynyň ýa-da harytlarynyň belli bir bölegine şikes ýetirilendigi üçin — bellenen nyrhnama boýunça tölenen puluň möçberinde;

6) pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň ýitirilendigi üçin — pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň we ugratmak üçin bellenen nyrhnama boýunça tölenen puluň möçberinde.

4. Peýdalanyjylaryň poçta ugratmasynyň we pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň ugradylmagynyň möhletleriniň bozulandygy üçin operator her gijikdirilen gün üçin bellenen nyrhnama boýunça tölenen puluň üç göterimi möçberinde jerime töleýär, ýöne ol ýerine ýetirilen hyzmat üçin bellenen nyrhnama boýunça tölenen puluň möçberinden köp bolmaly däldir.

Poçta ugratmasynyň howa ulagy arkaly ugradylmagynyň möhletleriniň bozulandygy üçin operator peýdalanyja howa we ýerüsti ulag arkaly ugratmak üçin tölegleriň aratapawudyny töleýär.

5. Eger borçnamalaryň ýeňip geçip bolmajak güýjüň döremeginiň täsiri netijesinde ýa-da poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň aýratyn häsiýetleriniň bardygy sebäpli we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslara görä kem-käsleýin ýa-da doly ýerine ýetirilmändigi subut edilse, operator bellige alynýan poçta ugratmasynyň ýitirilendigi, oňa şikes ýetirilendigi (zaýalanylandygy) ýa-da bellige alynýan poçta ugratmasynyň içindäki zatlaryň ýa-da harytlaryň ýetmezçiligi, poçta ugratmasynyň we pul serişdeleriniň poçta arkaly geçiriminiň ugradylmagynyň möhletleriniň bozulandygy üçin jogapkärçilikden boşadylýar.

6. Peýdalanyjylar operatora aşakdaky ýagdaýlarda ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekýärler:

1) poçta ugratmalarynda aýratyn häsiýetleriniň barlygy sebäpli poçta tory boýunça ugradylmagy gadagan edilen zatlaryň we harytlaryň ýüze çykarylandygy zerarly;

2) poçta tory boýunça ugratmak üçin kabul edilen zatlaryň ýa-da harytlaryň talabalaýyk gaplanylmazlygynyň netijesinde.

48-nji madda. Jedelleriň çözülişi

Poçta aragatnaşygy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

49-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.