I. 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky «Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 5-nji madda; 2019 ý. № 2, 33-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 1-nji maddanyň 11-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«11) gorag ýol desgalary — agaç ekmegiň düzüm bölekleri, sile garşy we gardan goraýan desgalar, haýatlar, ses goragly we şemal goragly gurluşlar, şeýle hem çäge süýşmesinden goramak üçin niýetlenilen we beýleki gorag maksatly gurluşlar;»;
2) 10-njy maddada:
birinji bölekde «garamagyndaky» diýen sözden soň «hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine eýeçilik hukugynda degişli bolan» diýen sözleri goşmaly;
bäşinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:
«51. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollaryna — ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli ýuridik şahslara eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollary degişlidir.»;
3) 11-nji maddada «eýeçiligine» diýen sözden soň «we eýeçilik hukugynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine» diýen sözleri goşmaly;
4) 17-nji maddada:
dördünji bölekde «edara» diýen sözi «şahs» diýen söze çalşyrmaly;
şu mazmunly bölegi goşmaly:
«5. Tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasaplaşyk usulyýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.»;
5) 19-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«5. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollary babatda ýol işi awtomobil ýollary eýeçilik hukugynda degişli bolan ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar — hususy telekeçiler we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.»;
6) 21-nji maddanyň dördünji böleginde «edaralaryň» diýen sözi «şahslaryň» diýen söze çalşyrmaly;
7) 31-nji maddanyň birinji böleginde «garamagyndaky» diýen sözden soň «, şeýle hem awtomobil ýollary eýeçilik hukugynda degişli bolan ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli» diýen sözleri goşmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.