I. 2008-nji ýylyň 3-nji martynda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 18-nji madda; 2018 ý., № 4, 99-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1) 1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar. Şu Düzgünnamanyň maksady üçin mynasyp terbiýelän diýip, çagalaryň beden, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösmegini, umumy orta bilim almagyny üpjün etmek bilen olaryň terbiýelenilmegine düşünilýär.»;
2) 3-nji bendiň ikinji tesiminde «çagalar» diýen sözden soň «hem» diýen sözi goşmaly;
3) 6-njy bende şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň (muňa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa we toplaýyş pensiýasy degişli däldir) ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.»;
4) şu mazmunly bendi goşmaly:
«9. Şu eneler Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmaklyga hödürlenilmeýär:
kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ýa-da ata-enelik hukuklary çäklendirilen;
özi barada at-abraýdan düşürýän etmiş eden.».
II. Şu Kanun 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.