I. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 72-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
1) 27-nji maddadan soň, täze babyň adyny goşmaly:
«VI1 bap. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalary»;
2) 28-nji we 29-njy maddalary VI1 baba degişli etmeli;
3) 28-nji maddanyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:
«Çäkleri adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalary ýa-da ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalary diýip yglan etmek»;
4) 29-njy maddadan soň, şu mazmunly maddalary goşmaly:
«291-njy madda. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda ekologiýanyň ýagdaýyna gözegçilik (monitoring)
1. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda ekologiýanyň ýagdaýyna gözegçilik daşky gurşawyň ýagdaýyna we ilatyň saglygyna ýörite gözegçiligi we degişli barlaglary öz içine alýar.
2. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda ekologiýanyň ýagdaýyna gözegçiligiň obýektlerine şular degişlidir:
1) adatdan daşary ekologiýa ýagdaýlarynyň we ekologiýa taaýdan betbagtçylyklaryň ýüze çykmagyna getirýän ýagdaýlar;
2) adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynyň ýa-da ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynyň çäklerinde, şeýle hem olara ýanaşyk çäklerde atmosfera howasynyň, ýerüsti we ýerasty suwlaryň, topraklaryň, radiologik görkezijileriň hilini we biologik dürlüligi goşmak bilen, daşky gurşawyň ýagdaýynyň we ilatyň saglygynyň ýaramaz üýtgemeleri.
292-njy madda. Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda ylmy-barlag işlerini geçirmek
Adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda ylmy-barlag işleri şular babatda geçirilip bilner:
1) hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň netijelerine ylmy taýdan baha bermek;
2) adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky çaklamalara baha bermek;
3) ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda daşky gurşawyň ýaramaz hadysalarynyň ilatyň saglygyna edýän täsirini, adamlaryň we haýwanlaryň arasynda döreýän ýokanç we ýokanç däl keselleriň derejesini ylmy taýdan öwrenmek;
4) atmosfera howasyna ýaramaz täsir edýän obýektleriň howplulyk klasyny kesgitlemek, şeýle hem tozanly we duzly aerozollaryň ilatyň saglygyna we daşky gurşawa edýän ýaramaz täsirini öwrenmek;
5) adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda agyz suwunyň we iýmit önümleriniň hil hem-de himiki düzümi boýunça deňeşdirmeleri geçirmek;
6) adatdan daşary ekologiýa ýagdaýynyň zonalarynda we ekologiýa taýdan betbagtçylygyň zonalarynda ilatyň saglyk ýagdaýyna baha bermek.».
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.