Ï Arheolog zenan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arheolog zenan

view-icon 7108
Arheolog zenan

Bäşimowa Nurgözel ýaşlygyndan zähmetsöýer ýaşlaryň biri bolup, ol Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň haly bölümini tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girýär. Ol 1972-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň arheologiýa bölüminde işe başlaýar.

Ol şol ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýegen Atagarryýewden tälim alyp, orta asyrlaryň syrçaly keramikasynyň ýasalyş usullaryny, nagyşlanyşyny we syrçalanylyşyny çüňňur öwrenip, şol mowzukdan ylmy işlerini ýazýar.

Bu işi ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän orta asyr arheologik ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş ylmy-barlag işlerine gatnaşyp, tapylan syrçaly keramikalary öwrenýär we goňşy döwletleriň orta asyr ýadygärlikleri bilen deňeşdirme işlerini geçirýär.

Soňra Türkmenistanyň arheologik we binagärlik ýadygärliklerini öwrenmekde uly işleri bitiren, keramikadan birnäçe ylmy iş ýazan Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, dünýä meşhur alym Galina Pugaçenkowanyň ylmy ýolbaşçylygynda aspirantura dalaşgär bolýar.

Özbegistanyň Daşkent şäheriniň döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa kafedrasynyň müdiri, ömrüni Merwiň ýadygärliklerini öwrenmeklige bagyş eden Zamira Usmanowa, Merwiň keramiki ussahanalaryny açyp keramikadan uly iş ýazan Swetlana Lunina ýaly ussat arheologlar bilen tanşyşýar, olaryň sapaklaryna gatnaşyp, bilimini artdyrýar. Şeýlelik bilen 1985-nji ýylda Özbegistanyň Daşkent şäherinde dissertasiýa gorap, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen derejä eýe bolýar.

Nurgözel Bäşimowanyň ylmy işiniň esasynda G.A.Pugaçenkowanyň redaktorlyk etmeginde, 1989 ýylda «Günorta Türkmenistanyň syrçaly keramikasy IX-XIV asyrlarda» atly monografiýasy çap edilýär. Nurgözel Bäşimowa akademik Ýegen Atagarryýew we akademik Galina Pugaçenkowa ýaly alymlaryň halypalyk etmeklerinde tälim alandygyna özüni bagtly saýýandygyny billäp geçýär.

1973-nji ýylda ilkinji gezek Bäherdenden 20 km demirgazykda ýerleşýän Şährislam taryhy ýadygärliginiň gazuw-agtaryş işlerine gatnaşýar. Ol soňra Dehistanda, Daşrabatda, Köneürgençde, Nusaýda, Merwde, Paryzdepede, Amulda we birnäçe beýleki ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gatnaşyp, tejribesini artdyrýar.

Türkmenistanyň çäklerindäki orta asyr ýadygärliklerinden ýüze çykarylan keramika, aýna, metal önümleri we olaryň ýüzündäki bezegleri, şeýle-de orta asyr binalaryndaky, haly nagyşlary we beýleki tapyndylar barada ýazan makalalary diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem Tatarystan, Özbegistan, Beýik Britaniýa, Russiýa, Hindistan we Ýaponiýa ýaly daşary ýutlaryň neşirlerinde hem çap edilýär.

N.Bäşimowa medeni miras bilen bagly ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilen ylmy maslahatlaryň onlarçasyna şeýle-de daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant, Hindistanyň Deli, Azerbaýjanyň Baku, Russiýa Federasiýasynyň Kazan, Turkiýäniň Antalýa we Stambul şäherlerinde geçirilen maslahatlara hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan 2018-2021-nji ýyllarda Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy we medeni ýaygärlikleri ylmy taýdan öwrenmek boýunça Döwlet maksatnamasyna, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň meýilnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleri N.Bäşimowanyň ýolbaşçylygynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Amul arheologiýa ýadygärliginde düýpli barlag işleri geçirýärler. Gadymy Amul şäheri Amyderýanyň orta akymyndaky ilkinji merkezi duralga bolan iň uly şäherleriň biridir. Gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň maksady Amulyň medeni gatlaklaryny kesgitlemek, ýüze çykarylan maddy gymmatlyklary ylmy dolanyşyga girizmek, maglumatlar toplap, taryha täze sahypalary goşmakdan we tapyndylary muzeýe tabşyrmakdan ybarat bolup durýar.

Amuldaky geçirilen gazuw-agtaryş işlerine Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh mugallymlary we talyplary hem tejribe geçmekleri üçin gatnaşdyryldy. Talyplara gazuwyň geçirilişi we tapyndylary sanawa alnyşy, olara aýry-aýrylykda häsiýetnama berlişi we umuman Amul ýadygärligi barada hem-de ol ýerde işlän alymlar barada giňişleýin gürrüň berildi.

Amulda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri barada «Türkmenistanda ylym we tehnika» atly ylmy žurnalda we metbugatda birnäçe makalalar yzygiderli çap edildi. Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolynyň ugrundaky ýadygärliklerden täze tapylan tapyndylara bagyşlanyp taýýarlanýan makalalar ýygyndysy üçin Amul ýadygärligi barada suratly ylmy makala taýýarlanyp tabşyryldy.

N.Bäşimowa 2013-2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň welaýatlaryna etnografik maglumatlary ýygnamak maksady bilen guralan ekspedisiýanyň Ahal welaýatyna iberilen toparyna ýolbaşçylyk edip, köp maglumat toplaýar.

2017-nji ýylda «Ylymlar gününe» bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan «Görnükli alym zenan» atly ilkinji gezek bäsleşik geçirildi. Şol bäsleşikde Nurgözel Bäşimowa birinji orna mynasyp bolýar. Alym zenan ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy işler barada teleradioýaýlymlarda we metbugatda wagyz-nesihat işleri bilen çykyş edip, diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleri barada gürrüň berýär.

N.Bäşimowa 2008-nji ýylda «Gaýrat» medaly, 2014-nji ýylda «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanýar.