Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty (TTII) maglumat howpsuzlygy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda geçirilen onlaýn olimpiadanyň netijelerini jemledi.
Şahsy we toparlaýyn geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça 4 ýeňiji we 20 talyp baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Şahsy bäsleşiklerde üç ýeňiji kesgitlendi. Olar: Atageldi Didarow, Ýusup Gurbanmämmedow – guramaçy okuw jaýynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Kakamyrat Atajanow.
5 ikinji we 10 üçünji orunlara ýokarda ady agzalan ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Harby institutyň we Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Ý. Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldular.
Toparlaýyn bäsleşikde TTII-niň talyplar topary ýeňiji boldy. Iki sany 2-nji orun Türkmen oba hojalyk institutyna we Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine berildi. Üç sany 3-nji orun Harby-deňiz institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň toparlary mynasyp boldular.
Maglumat howpsuzlygy boýunça olimpiada talyplaryň bilim derejesine, bilimiň häzirki zaman sanlylaşdyrylmagy şertlerinde maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini ulanmak başarnyklaryna baha bermek üçin geçirildi.
TTII-niň maglumat, telekommunikasiýa we intellektual ulgamlar, sanly tehnologiýalar, elektronika, innowaiýa we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri üstünlikli taýýarlaýan ýaş, geljegi uly ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýydygyny bellemelidiris.
Bu okuw jaýynyň wekilleri diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda sanlylaşdyrmagyň durmuşa geçirilmegine we global ösüşine gönükdirilen dürli taslamalardyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň hem netijeli gatnaşýarlar.
Institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň bilelikdäki tagallasy bilen häzirki zaman täze binalaryň ýaşaýjylarynyň rahatlygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenilen sanly çözgütler döredilýär. Bu okuw jaýynyň işgärleriniň ýurdumyzyň edaralarydyr müdirlikleri üçin saýtlary, programmalary döretmek, ilata hyzmaty ýokarlandyrmak we beýleki işlere gatnaşmagynyň ähmiýeti-de uludyr.
TTII-niň sanly bilimiň ösmegine goşýan goşandy hem uzak aralyk okuw mümkinçilikleriniň programma üpjünçiligi, guramaçylygy we ulanylyşy bilen baglanyşykly uly işdir.