Ï Türkmen instituty dünýä reýtingine girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen instituty dünýä reýtingine girdi

view-icon 7504
Türkmen instituty dünýä reýtingine girdi

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna hoş habar gelip gowuşdy. Bu ýokary okuw jaýy ilkinji gezek «UI Green Metric World University Ranking 2021» dünýä reýtingine girdi.

«UI Green Metric World University Ranking» uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany gowulandyrmaga we daşky gurşawy goramak pudagynda durnukly ösüşe ýardam etmäge sadyklygyny ölçeýän ýyllyk global reýtingidir. Ol 2010-njy ýyldan bäri Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan düzülýär. Birinji reýtinge 96 uniwersitet gatnaşdy we döredilen gününden bäri gatnaşyjylaryň sany birnäçe esse artdy.

 

Bu, ylym-bilim guramalarynyň ekologiýa taýdan ýaramly infrastrukturany ösdürmäge goşýan goşandyny ölçeýän ilkinji we ýeke-täk reýtingdir. Uniwersitet şäherçelerinde ekologik ýagdaýy derňemek we baha bermek işi uniwersitetleriň resminamalar bilen tassyklanan maglumatlary esasynda alty esasy kriteriýa boýunça amala aşyrylýar: uniwersitet infrastrukturasy we onuň ekologiýa täsiri; sarp ediş we energiýa tygşytlaýyş görkezijileri; galyndylary gaýtadan işlemek; ekologiýa ugrunda bilim bermek we gözlegleri amala aşyrmak; suw gorlaryny tygşytly ulanmak; ulag syýasaty.

Reýtingiň garaşsyz bilermenleriniň arasynda beýleki abraýly halkara reýtinglerine – Webometriks, HEEACT, Educational Policy Canada we başgalara – gatnaşýan hünärmenler bar. Her ýylyň maý – oktýabr aýlarynda bilermenler sorag geçirmek arkaly uniwersitetiň durnuklylygynyň görkezijileri baradaky maglumatlary öwrenýärler. Reýtingiň soňky netijeleri dekabr aýynda çap edilýär.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Esen Hojagulyýewiň belleýşi ýaly, bu okuw jaýy döwlet tarapyndan-da ýeterlik üns berilýän ekologiýany saklamak, daşky gurşawy goramak işine, bu ugurdaky ähli meselelere we çärelerde işjeňlik görkezýär. Geçirilýän işler we bilelikdäki tagallalar netijesinde biziň okuw jaýymyz dünýäniň öňdebaryjy ýokary mekdepleri bilen deň derejede durup, ol ýerde ekologiýa taýdan iň arassa okuw jaýlarynyň biri hökmünde ynamly ornaşdy.

Bu ýokary okuw jaýynyň «UI GreenMetric»-iň hünärmenleri tarapyndan bellenen maksatly işleri we üstünlikleri institutyň abraýly halkara reýtingindäki ornuny ýene bir gezek berkitdi. TTII-iň 2021 – 2022-nji okuw ýylynyň başynda dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň halkara reýtinginiň – «Times Higher Education World University Rankings-2022»-iň sanawynda ilkinji gezek orun alandygyny-da ýatlatmalydyrys. Bu reýting dünýädäki ýokary okuw mekdepleriniň üstünlikleriniň iň abraýly görkezijilerinden biridir, ol her ýyl Angliýanyň «Times Higher Education» (THE) žurnalynda çap edilýär. 

Ondan soň türkmen ýokary mekdebi dünýäde iki gezek abraý bilen Türkmenistanyň wekili boldy. Ol «AD Scientific Index» we «World University Rankings» ýaly abraýly reýtingleriň sanawyna girizildi. Olaryň biri ýurdumyzyň institutynyň Aziýanyň ylmy edaralarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyna ýokary baha berdi, beýlekisi bolsa dünýädäki ýokary mekdepleriň dünýä reýtingindäki abraýly ornuny kesgitledi.