Ï «STRIVE Asia» taslamasynyň durmuşa geçirilişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«STRIVE Asia» taslamasynyň durmuşa geçirilişi

view-icon 5523
«STRIVE Asia» taslamasynyň durmuşa geçirilişi

BMG-niň Ösüş maksatnamasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin ýaşlary ekstremizmiň öňüni almaga çekmek boýunça onlaýn seminar geçirdi.

Bu çäre «Aziýadaky ekstremizme garşy durnuklylygy güýçlendirmek (STRIVE Asia): ÝB-BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy» atly global taslamanyň ýurt boýunça bir bölegi hökmünde guraldy. Taslama Ýewropa Bileleşiginiň maliýe goldawy bilen BMGÖM we Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Onlaýn seminara Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, müdirlikleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdy.

STRIVE Aziýanyň esasy maksady köp taraply çemeleşme arkaly hökümet, ýerli häkimiýetler, raýat jemgyýeti, ylmy toparlar, hususy sektor arkaly Merkezi, Günorta-Gündogar we Günorta Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almakdyr.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, seminara gatnaşanlar öz içine alýan jemgyýeti döretmekde ýaşlaryň tutýan orny barada giňişleýin düşünje aldylar, maksatnamany durmuşa geçirmek işinde ýüze çykyp biljek degişli adalgalar bilen tanyşdylar.