Ï Türkmenistanyň talyplary Halkara olimpiadada ýokary netije görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň talyplary Halkara olimpiadada ýokary netije görkezdiler

view-icon 5806
Türkmenistanyň talyplary Halkara olimpiadada ýokary netije görkezdiler

D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary rus dili boýunça açyk Halkara talyp internet-olimpiadasynyň ýeňijileri boldular.

Birinji orny we altyn medaly Sabina Gamzatowa eýeledi. Ikinji orna we kümüş medala Maýa Annaberdiýewa, üçünji orna hem-de bürünç medala Mariýa Hanowa mynasyp boldular. Rus diline ezberler degişli derejedäki diplomlar bilen-de sylaglanarlar.

Akyl-bilim bäsleşigi Mariý El Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) Ýoşkar-Ola şäheriniň Wolga ýakasy döwlet tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan guralyp, birnäçe ders boýunça geçirildi. Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň 115 ýokary mekdebinden 2 müňe golaý talyby bir ýere jemledi.

Olimpiadanyň rus dili boýunça ugruna ýokardaky ýurtlaryň 91 ýokary mekdebinden ýarym müňden gowrak talyp gatnaşdy. Ol onlaýn synag görnüşinde iki tapgyry öz içien aldy. Bäsleşige gatnaşýanlara köplenç grammatika, söz düzümi we dürs ýazuw boýunça ýumuşlar tabşyryldy.

Türkmenistanly talyplar PDTU-nyň olimpiadalaryna her ýyl gatnaşýarlar. Bu ýyl talyplarymyz ýumuşlary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, bu ugurda ýokary taýýarlyk derejesini we şol bir wagtyň özünde institutda rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwretmegiň ýokary hilini ýene bir gezek halkara derejesinde görkezdiler.