Ï Türkmenistanyň Kanuny «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 12023

I. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda; 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 38-nji madda; 2019 ý.,
№ 1, 9-njy madda; 2020 ý., № 1, 5-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 49-njy maddany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

2) 90-njy maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Kazyýetleriň işiniň, iş dolandyryşynyň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi we kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi»;

dördünji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«41. Kazyýetleriň iş dolandyryşynyň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegini Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, düzüminde bölümler döredilýän Iş dolandyryş müdirligi amala aşyrýar.»;

3) 91-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazyýetleriň işini guramak boýunça müdirligi:

1) kazyýetleriň işiniň guralyşyny öwrenýär, olary kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;

2) kazyýetleriň işgärler bilen üpjünçiligini kesgitleýär, kazynyň wezipesine dalaşgärleri seçip almak we taýýarlamak boýunça işi üpjün edýär; kazylaryň we kazyýetleriň beýleki işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen meşgullanýar hem-de bu mesele boýunça bilim edaralary bilen özara gatnaşyk edýär;

3) kazylaryň, kazyýetleriň diwanlarynyň beýleki işgärleriniň statistik we işgär hasabyny ýöredýär;

4) kazylar we kazyýetleriň diwanlarynyň beýleki işgärleri üçin ylmy taýdan esaslandyrylan iş kadalaryny işläp düzýär;

5) kazyýet statistikasyny ýöredýär;

6) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanlarynyň işine gözegçiligi amala aşyrýar;

7) kanunçylygy kämilleşdirmek we ulgamlaşdyrmak işini alyp barýar we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň maglumatlar binýadyny ýöredýär, kazyýetleri Türkmenistanyň täze kanunçylyk namalarynyň ýazgylary bilen üpjün edýär;

8) kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmäge, olary maddy-tehniki taýdan üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýär;

9) kazyýetleriň işiniň üpjün edilmegi boýunça beýleki çäreleri amala aşyrýar.»;

4) 91-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«911-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň

Iş dolandyryş müdirliginiň ygtyýarlyklary

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Iş dolandyryş müdirligi:

1) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň, welaýat kazyýetleriniň we welaýat hukukly şäher kazyýetleriniň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň iş dolandyryş işine gözegçiligi amala aşyrýar;

2) Türkmenistanyň kazyýetleriniň iş dolandyryşynyň guralyşyny öwrenýär, olary kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;

3) kazyýetleriň iş dolandyryşyny we arhiwiniň işini guraýar we şol işleri seljerýär;

4) kazyýetleri maddy-tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň işlemegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça işi guraýar;

5) kazyýet önümçiligini we iş dolandyryşy alyp barmak, şeýle hem kazyýet işiniň maglumat-hukuk taýdan üpjün edilmegi üçin zerur bolan tehnologiýalary we programma serişdelerini işläp düzmegi we ornaşdyrmagy guraýar hem-de şol ulgamlara hyzmat etmek bilen bagly toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilmegini guraýar we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

6) kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmäge, olary maddy-tehniki taýdan üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar;

7) kazyýetleriň iş dolandyryşynyň üpjün edilmegi boýunça beýleki çäreleri amala aşyrýar.»;

5) 93-nji maddanyň 6-njy bendini aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.