I. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 136-njy madda; 2015 ý., № 3, 103-nji madda; 2016 ý., № 1, 60-njy madda; 2017 ý., № 4, 144-nji madda; 2020 ý., № 1, 8-nji madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:
1) 11-nji maddanyň altynjy böleginde «Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary» diýen sözleri «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 28-nji maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde we üçünji böleginde «kem-käsleýin» diýen sözi «bölekleýin» diýen söze çalşyrmaly;
3) 33-nji maddanyň mazmunynda «Bergidary», «bergidary» we «bergidar» diýen sözlerden soň degişlilikde «ýa-da algydary» we «we algydar» diýen sözleri goşmaly;
4) 35-nji maddanyň birinji böleginde «ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýip hasap edilen» diýen sözleri «diýip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 51-nji maddada:
adynda «kazyýet önümçiligini» diýen sözleri «ýerine ýetiriş önümçiligini» diýen sözlere çalşyrmaly;
birinji böleginiň 3-nji bendinde «ýok, kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilende» diýen sözleri «ýok diýip ykrar edilende, kämillik ukyby çäklendirilende» diýen sözlere çalyşmaly;
6) 63-nji maddanyň ikinji böleginde «Dynç alyş we baýramçylyk günlerinde» diýen sözleri «Dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;
7) 74-nji maddanyň bäşinji böleginde «ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralaryna» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly;
8) 117-nji maddada:
dördünji bölekde «hak töletmek» diýen sözleri «sylag tölegini töletmek» diýen sözlere çalşyrmaly;
altynjy bölekde «tölenen hak gözegçilik tertibinde üýtgedilen» diýen sözleri «tölenen sylag tölegi gözegçilik tertibinde kazyýet kararynyň üýtgedilen» diýen sözlere çalşyrmaly;
9) 118-nji maddanyň birinji böleginde «doly ýa-da kem-käsleýin kanagatlandyrmazlyk» diýen sözleri «kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek ýa-da bölekleýin kanagatlandyrmak» diýen sözlere çalşyrmaly;
10) 119-njy maddanyň bäşinji böleginde «pul baýragy» diýen sözleri «sylag tölegi» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.