I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
1. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda; 2018 ý., № 2, 37-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 92-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 41-nji madda, № 4, 82-nji madda; 2021 ý., № 1, 14-nji madda) 34-nji maddasynda:
ikinji we üçünji bölekleri şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň ätiýaçlandyrmasy Türkmenistanyň Döwlet býujetinden Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine bölünip berilýän serişdeleriň hasabyna, şeýle hem şertnamalar esasynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Içeri işler edaralarynyň işgärleri gullugy geçýän döwründe wepat bolan (aradan çykan), maýyp bolan, şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän), kesellän, şeýle hem gullukdan boşadylan gününden soň, bir ýylyň dowamynda gullugy geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde aradan çykan, maýyp bolan halatlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişlidirler.
Ätiýaçlandyrmagyň we ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;
bir belgili altynjy bölekde «maýyp bolanlar (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi)» diýen sözleri «şikes alanlar (ýaralananlar, synasyna şikes ýetenler, seňselänler)» diýen sözlere çalşyrmaly;
iki belgili altynjy bölekde «maýyp bolanlar» diýen sözleri «şikes alanlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäş belgili altynjy bölekde «maýyp bolan» we «maýyp bolmagy» diýen sözleri degişlilikde «şikes alan» we «şikes almagy» diýen sözlere çalşyrmaly;
ýedinji, sekizinji, dokuzynjy we on üçünji böleklerde «maýyp bolmagy» diýen sözleri «şikes almagy» diýen sözlere çalşyrmaly;
onunjy bölekde «maýyp bolmagy, ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi» diýen sözleri «şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi)» diýen sözlere çalşyrmaly.
2. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 10-njy madda):
1) 4-nji maddada:
birinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen amallary ýa-da geleşikleri amala aşyrýan we şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda maglumat berýän şahslara (mundan beýläk — amallary amala aşyrýan şahslar) şular degişlidir:»;
ikinji bölegiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslardan başga, şu Kanunyň 20-nji maddasynyň ýedinji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlary bermek bilen maglumat berýän şahslara şular degişlidir:»;
2) 5-nji maddada:
birinji bölegiň birinji tesiminde «on senenama günüň dowamynda edilen özara baglanyşykly birnäçe amallar ýa-da geleşikler, eger olar özleriniň häsiýeti boýunça şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan amallaryň ýa-da geleşikleriň birine degişli bolsa ýa-da edilýän amalyň, ýa-da geleşigiň häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýan bellenilen çäk möçbere (mundan beýläk — bellenilen çäk möçberi) deň we» diýen sözleri «edilýän amalyň ýa-da geleşigiň häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, on senenama günüň dowamynda edilen özara baglanyşykly birnäçe amallar ýa-da geleşikler, eger ol özüniň häsiýeti boýunça şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan amallaryň ýa-da geleşikleriň birine degişli bolsa ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen çäk möçbere (mundan beýläk — bellenilen çäk möçberi) deň ýa-da» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji we altynjy bölekleriň ikinji tesimlerinde «kesgitlenilýär we» diýen sözleri «işlenip taýýarlanylýar,» diýen sözlere çalşyrmaly;
bäşinji bölegiň ikinji tesiminde «kesgitlenilýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar hem-de» diýen sözleri «işlenip taýýarlanylýar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar, hem-de ygtyýarly edara tarapyndan» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 9-njy maddanyň bäşinji böleginiň soňky tesiminde «taýýarlanylýar we» diýen sözleri «taýýarlanylýar,» diýen söze çalşyrmaly;
4) 11-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Amallary amala aşyrýan şahslaryň içerki gözegçilik kadalary, ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylan, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça içerki gözegçiligiň kadalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak boýunça Usulyýet gollanmanyň esasynda degişli gözegçilik edaralary tarapyndan kesgitlenen içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplara laýyklykda amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.»;
5) 14-nji maddanyň ýedinji böleginde «kesgitlenilýär we» diýen sözleri «işlenip taýýarlanylýar,» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 19-njy maddanyň birinji böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«5) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga we halkara şertnamalarynyň taslamalary işlenip taýýarlananda gatnaşmaga;»;
7) 20-nji maddanyň bäşinji böleginde «Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna,» diýen sözleri aýyrmaly.
3. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 157-nji madda):
1) 4-nji maddanyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 6-njy maddanyň birinji böleginde, 8-nji maddanyň birinji böleginde, 9-njy maddanyň birinji tesiminde, 11-nji maddanyň birinji böleginde, 20-nji maddanyň birinji we üçünji böleklerinde we 32-nji maddanyň 1-nji bendinde «Mejlisi», «Mejlisine» we «Mejlisiniň» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Mejlisi», «Milli Geňeşiniň Mejlisine» we «Milli Geňeşiniň Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 10-njy maddanyň birinji we üçünji böleklerinde «Mejlisiniň» we «Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da» we «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly.
4. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 96-njy madda; 2018 ý., № 2, 34-nji madda; 2020 ý., № 1, 7-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda):
1) 1-nji maddanyň 16-njy bendinde «Mejlisiniň karary» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary» diýen sözlere çalşyrmaly;
2) 7-nji maddanyň ikinji böleginde:
11-nji bendi aýyrmaly;
2-nji bentde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
3) 8-nji maddanyň ikinji böleginde:
31-nji bendi aýyrmaly;
4-nji bentde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
4) 9-njy maddanyň birinji böleginde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;
5) 11-nji maddada:
birinji bölekde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;
üçünji bölekde «Mejlisiniň nobatdaky maslahatynda» we «Mejlisi» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşi tarapyndan» we «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly;
6) 111-nji maddany aýyrmaly;
7) 12-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:
«12-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamagyň, şeýle hem beýleki meseleler boýunça şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahatlarynda kabul edilýän kararlar kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýar.
Kabul edilen kanunlary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň maslahatlarynda makullamak ýa-da ret etmek, şeýle hem beýleki meseleler boýunça şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň maslahatlarynda kabul edilýän kararlar kadalaşdyryjy hukuk namalary bolup durýar.»;
8) 13-nji maddanyň mazmunynda «, kanunlaryň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň» diýen sözleri «we kanunlaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;
9) 14-nji maddanyň mazmunynda «Halk Maslahatynyň kararlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
10) 15-nji, 16-njy we 17-nji maddalaryň mazmunynda «Halk Maslahatynyň kararlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
11) 23-nji maddanyň üçünji böleginde:
birinji tesimde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
12) 24-nji maddanyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «Mejlisiniň deputatlarynyň» we «Mejlisiniň deputatlarydyr» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň» we «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary bolup durýarlar» diýen sözlere çalşyrmaly;
13) 25-nji maddada:
ikinji bölegiň ikinji tesiminde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň agzalary we» diýen sözlere çalşyrmaly;
sekizinji bölekde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
onunjy bölekde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;
14) 27-nji maddanyň birinji böleginiň soňky tesiminde «Mejlisiniň kararlaryndan» we «Mejlisiniň kararlary» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň palatalarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryndan» we «Milli Geňeşiniň palatalarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary» diýen sözlere çalşyrmaly;
15) 28-nji maddanyň dördünji böleginiň soňky tesiminde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň kadalaşdyryjy hukuk» diýen sözlere çalşyrmaly;
16) 33-nji maddada:
adynda, birinji bölekde, üçünji bölegiň ikinji tesiminde, dördünji we bäşinji böleklerde «Mejlisine», «Mejlisinde» we «Mejlisiniň deputatlary» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Mejlisine», «Milli Geňeşiniň Mejlisinde» we «Milli Geňeşiniň agzalary we deputatlary» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň birinji tesiminde we 2-nji bendinde «Mejlisine» we «we Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Mejlisine» we «, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary we» diýen sözlere çalşyrmaly;
17) 37-nji maddanyň birinji böleginde:
11-nji bendi aýyrmaly;
2-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:
«2) Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň kararlary — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň başlyklary;»;
18) 39-njy maddada:
birinji bölegiň ikinji tesiminde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;
ikinji bölegiň üçünji tesimini aýyrmaly;
19) 42-nji maddanyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde «Halk Maslahatynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;
20) 47-nji maddanyň birinji böleginde «Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalary, Türkmenistanyň Prezidenti» diýen sözlere çalşyrmaly;
21) 49-njy maddanyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalary» diýen sözlere çalşyrmaly.
5. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 165-nji madda; 2019 ý., № 4, 66-njy madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda) 19-njy maddasynda:
birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Harby gullukçylar we harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlar harby gullugy (harby ýygnanyşyklary) geçýän döwründe wepat bolan (aradan çykan), maýyp bolan, şikes alan (ýaralanan, synasyna şikes ýeten, seňselän), kesellän, şeýle hem harby gullukdan boşadylan (harby ýygnanyşyklary tamamlan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda harby gullugy (harby ýygnanyşyklary) geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde aradan çykan, maýyp bolan halatlary üçin hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişlidirler.
Ätiýaçlandyrmagyň we ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.»;
ikinji we sekizinji böleklerde «maýyp bolmagy» diýen sözleri «şikes almagy» diýen sözlere çalşyrmaly;
ýedinji bölekde «maýyp bolan» diýen sözleri «şikes alan» diýen sözlere çalşyrmaly;
onunjy bölekde «maýyplygy» diýen sözi «şikes almagy» diýen sözlere çalşyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabry.