Ï Türkmenistan we Astrahan oblasty hyzmatdaşlygy ösdürýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan we Astrahan oblasty hyzmatdaşlygy ösdürýärler

view-icon 7072

«Астрахань 24» teleýaýlymynyň «Вечерняя Астрахань» gepleşigiň studiýasynda oblastyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Alekseý Aýdin Türkmenistan bilen gatnaşyklara-da degip geçdi. Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň golaýda Aşgabada iş sapary hyzmatdaşlyga täze itergi berdi.

Sapar ýokary derejede geçdi – Astrahan oblastynyň gubernatoryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi we teklipleri beýan etdi. Gämigurluşygy, ulag we logistika, söwda, syýahatçylyk we bilim ulgamlary barada gürrüň edildi. Alekseý Aýdin Astrahanda türkmen logistika merkezini açmak barada gepleşikleriň iş ýüzünde amala aşyrlýandygyny nygtady, bu ähmiýetli taslama hyzmatdaşlaryň haryt dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem duşuşykda bilim meselesine-de deglip geçildi. Astrahan oblastynyň ýokary okuw mekdeplerinde Hazarýaka ýurtlaryň ählisinden talyplaryň okaýandygyny belläp, oblastyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary türkmen talyplarynyň arasynda Astrahan oblastynyň ýokary okuw jaýlarynyň meşhurdygyny belledi. «Bu meseläni Igor Sergeýewiç Babuşkin Türkmenistanyň Prezidenti bilen ara alyp maslahatlaşdy. Geljekde biziň ýokary okuw mekdeplerimizde türkmen talyplarynyň sany artdyrylar»- diýip, Alekseý Aýdin aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary diňe bir islegli hünärleri üstünlikli özleşdirmän, eýsem okaýan ýurdunyň medeniýetini we dilini hem işjeň öwrenýärler. Mysal üçin, türkmen talyplary noýabrda geçirilen rus dili boýunça Astrahan bäsleşiginde ýeňiş gazandylar.Ajaýyp leksikograf Wladimir Dalyň doglan gününiň 220 ýyllygyna bagyşlanan rus dili boýunça döredijilik taslamasy Astrahan döwlet uniwersitetinde geçirildi. Bäsleşige Perm döwlet milli ylmy-barlag uniwersitetiniň we ADU-nyň, ADTU-nyň we ADLU-nyň daşary ýurtly talyplary işlerini hödürlediler. Bäsleşikde Perm uniwersitetiniň türkmen talyplary ýeňiş gazandylar. Ikinji orny ADTU-nyň halkara topary ( hatarynda marokkoly, müsürli, Gwineýa-bisauly, kamerunly talyplar bar) , üçüni orny bolsa – ADU-nyň türkmen talyplar topary eýelediler.