Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynyň ýokary synp okuwçylary üçin geçiren onlaýn-ders olimpiadalary tamamlanýar.
Olimpiadalara daşary ýurt dilleri, tebigy we takyk bilimler çuňlaşdyrylyp öwredilýän umumy bilim berýän orta mekdepleriň uly synp okuwçylary gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Daşoguz şäheriniň 10, 12, 21, 24, 26-njy we Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň okuwçylary bar.
Bäsleşikler oba hojalyk institutynyň bilim portalynda onlaýn-synag görnüşde geçirilýär. Şu ýylyň 5-nji ýanwarynda biologiýa, himiýa, matematika, fizika we Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça olimpaidalar başlandy.
Dersler boýunça bäsleşik 12-nji ýanwarda jemlener, şonda ýokarda agzalan dersleri iň gowy bilýänler ýüze çykarylar. Emin agzalarynyň kesgitlemesi bilen has köp utuk gazanan bäsleşigiň ýeňijileri we I, II hem-de III derejeli diplom eýeleri belli bolar.
Olimpiadanyň guramaçylary okuwçylaryň bäsleşige höwesiniň we işjeňliginiň ýokarylygyny, teklip edilen meseleleri üstünlikli çözýändiklerini belleýärler.
Uly synp okuwçylary üçin ders olimpiadalary her ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary giňeltmek, ýokary okuw mekdebine çenli bilimiň şu tapgyrynda dürli ugurdan geljekki hünärmenleri taýýarlamak boýunça döwlet wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde geçirilýär. Aň-paýhas bäsleşikleri okuwçylaryň zehinini we ukyplaryny ösdürmäge, olaryň dürli ylymlara höwesini artdyrmaga we olara geljekki hünärini saýlamaga kömek etmäge gönükdirilendir.