Ï Parahatlyk, dostluk we Watana söýgi barada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatlyk, dostluk we Watana söýgi barada

view-icon 11641
Parahatlyk, dostluk we Watana söýgi barada

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda başlanan täze ýylda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Bedimuhamedowyň «Jan Watanym Tükmenistan!» atly täze goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Çykyş edenler halkymyzyň bütin dünýä üçin açykdygyny, dürli ýurtlar we halklar bilen gepleşige maýyllygyny aňlatmak bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde belläp geçdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň «Jan Watanym Tükmenistan!» goşgusynda ýaňlanýan parahatlyk, dostluk we Watana söýgi barada çuňňur oýlanmalara bagyşlanan çykyşlaryň mazmunynda-da aýratyn nygtaldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň Watana bolan çäksiz söýgä, onuň gazananlaryna we üstünliklerine buýsanç duýgusyna ýugrulan şygyrýeti ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyz üçin bolsa, bu goşgynyň setirleri eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda täze ýeňişlere ruhlandyrýan ýokary görelde bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylaryň kabul eden Ýüzlenmesinde ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirildi.