Ï Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyla çenli ileri tutulýan ugurlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyla çenli ileri tutulýan ugurlary

view-icon 8309

Türkmenistan Hökümeti bilen FAO-nyň arasynda geçen aý gol çekilen 2021 –2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygynda möhüm döwri açdy. FAO Türkmenistanyň milli zerurlyklary kanagatlandyrmak we global kynçylyklara garşy durmak üçin, oba hojalygyny özgertmek we güýçlendirmek işine ygrarlydygyny bellemek bilen, ýurda bu işde kömek bermäge taýýardygyny bildirýär.

Bu ýagdaýda ýurdumyzyň iň uly iş berijisi bolan oba hojalygy pudagynyň ösüşiniň eksporty kämilleşdirmek we oba ilatynyň mümkinçilikleri artdyrmak üçin uly mümkinçiliginiň bardygy, şeýle hem azyk ulgamlarynyň üýtgemeginiň ýurdumyza howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik berýändigi göz öňünde tutulýar.

Şundan ugur alyp, FAO Türkmenistanyň oba hojalygy pudagyny ileri tutulýan üç ugurda goldamaga taýýardyr: Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) dahylly maglumatlary ýygnamak we derňemek; ýokary derejede ösen eksport mümkinçiligi bolan has öndürijilikli, netijeli we sanly oba hojalyk pudagyny döretmek we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda hem oňa garşy çäre görmekde, tebigy baýlyklary durnukly dolandyrmakda kömek etmek.

Hususan-da, FAO Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligine we beýleki degişli ministrliklere hem döwlet edaralaryna statistik maglumatlary ýygnamak we oba hojalygynyň ösüşi, önümçiligi we söwdasy barada hasabat bermek boýunça institusional mümkinçilikleri güýçlendirmekde goldaw berer. Sanlylaşdyrmak oba hojalygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolansoň, FAO ministrlige we beýleki degişli hyzmatdaşlara oba ýelerinde ýaşaýyş şertlerini we agrobiznesi gowulandyrmak, şeýle hem oba hojalygynyň öndürijiligini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin, sanly tehnologiýalary hem gurallary işläp düzmäge we ulanmaga kömek eder.

Türkmenistan agrosenagat eksport bazarlarynyň mümkinçiliklerini we öndürme-ýerleme zynjyryny seljermekde FAO-nyň tejribesine, şeýle hem agrosenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini güýçlendirmek boýunça tekliplere bil baglap biler.