Şu günler türkmen ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteitniň her ýyl geçirýän «Lomonosow» Uniwersiadasynyň çäklerinde lingiwstika boýunça bäsleşginiň birinji tapgyryna gatnaşýarlar.
Akyl-paýhas bäsleşige gatnaşýanlara ders ugurlarynyň 30-dan gowragynda bilimini gökezmäge mümkinçilik berýär we oňa dürli dünýä ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinden dürli bilimlerden tapawutlanýanlar gatnaşýarlar.
Lingwistika – talyplaryň arasynda islegli ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri indi oňa dördünji gezek gatnaşýarlar. Şu ýyl oňa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary iňlis, nemes, rus, fransuz, ispan dilleri boýunça bilimini görkezerler. Beýleki ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri rus dili boýunça bäsleşige gatnaşarlar.
Birinji tapgyrda rus dilinde lingwistika babatda häzirki zaman mowzugyndan tezis ýazmaly. Kiçeňräk, ýöne gysby işlerde, ilkinji nobatda, onuň möhümligine, özboluşlylygyna, mowzugyň doly açylyşyna, onuň ýazylyş usulyna baha berler. Eýýämden taýýarlanan işleriň arasynda «Internetiň rus diline täsiri», «Kompýuterde we ýaşlaryň slenginde (dilinde) iňlis sözleriniň ulanylyşy», «Mediagurşawda lingwistik düşünje hökmünde feminitiwler», «Rus diliniň häzirki zaman meseleleri» we beýleki mowzuklar bar.
Saýlama tapgyr sanly ulgam arkaly rus dilinde geçirilýär.
Uniwersiadanyň ikinji (jemleýji) tapgyrynda oňa gatnaşýanyň ugruna baglylykda dürli daşary ýurt dillerindäki meseleler bolar. Ol şu ýylyň baharynda geçiriler, şondan soň talyplar bäsleşiginiň jemi jemlener.
Ýokarda ady agzalan we beýleki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem uniwersiadanyň beýleki ders bäsleşiklerine gatnaşmaga taýýarlanýarlar.
«Lomonosow» Uniwersiadasynyň ýeňijilerine we baýrakly orunlaryny eýelänlere degişli derejedäki diplomlar gowşurylar. Olar şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girenlerinde ýeňilliklerden peýdalanarlar.
«Lomonosow» Uniwersiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, talyplaryň döredijilik ukybyny ösdürmek, olaryň kär taýdan ösüşine ýardam etmek, talyplary magistratura we aspirantura okuwa çekmek, halkara bäsleşikleridir olimpiadalarynda zehinli talyplaryň çykyşlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.