Häzirki döwrüň hem-de dünýä derejesindäki ösüşleriň möhüm ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, Türkmenistan halkara guramalar bilen köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär. Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen ugurdaş taslamlaryň birnäçesi boýunça täze resminamalara gol çekilmegi bu ugurdaky nobatdaky ädim bolar. Bu edaranyň işinde ekologiýa taýdan howpsuz ykdysadyýete we senagata aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hökümetiniň geçiren mejlisinde bellenilişi ýaly, bu düzüm bilen bilelikde, ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena konwensiýasynyň ozon gatlagyny dargadyjy maddalar baradaky Monreal Teswirnamasy boýunça Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen anyk taslamalar yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi öz sebitinde toplumlaýyn we durnukly senagatlaşdyrmak işiniň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň eýeleýän wajyp ornuny pugtalandyrar.
Kopengagende döredilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalar merkezi UNIDO-nyň we BMG-niň daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň (UNEP) howandarlygynda hereket edýär. Türkmenistan bu Merkez bilen ulgamlaýyn gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezi döretmek baradaky başlangyjyny yzygiderli öňe sürýär hem-de Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýany kabul eden BMG-ä agza döwletleriň ilkinjileriniň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň ileri tutulýan milli ugurlary geçen ýylyň dekabr aýynda UNIDO-nyň Baş konferensiýasynyň on dokuzynjy maslahatynyň umumy mejlisinde hödürlenilen “Pandemiýadan soňky döwürde senagatlaşdyrmagyň geljegi” atly 2022-nji ýyl üçin senagat ösüşi hakyndaky (IDR) hasabatda bellenilen geljegi uly ählumumy ýagdaýlara gabat gelýär. Şonda senagat ulgamynyň durmuş-ykdysady durnuklylygy artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigi aýdylýar. Hasabata görä, sanly tehnologiýalar kärhanalara uzak aralykdan işlemegi dowam etmäge hem-de özleriniň sarp edijilik binýadyny saklamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa sanly tehnologiýalary peýdalanýan kompaniýalara pandemiýanyň täsirlerini has oňat geçirmäge we täze ýagdaýlara uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, pandemiýadan soňky geljege taýýarlyk görmek ösüp barýan ýurtlardan sanly mümkinçilikleriniň has-da pugtalandyrylmagyny talap edýär.
IDR 2022 geljege garap, garaşylyşy ýaly, pandemiýadan soňky şertleri kemala getirjek üç sany möhüm örän uly ýagdaýy aýdyňlaşdyrýar, olar -- sanlylaşdyrmak, önümçiligi gaýtadan sazlamak we senagaty ekologiýalaşdyrmak. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan ýola goýmak strategiýalaryny işläp taýýarlanlarynda ýurtlaryň şol üç sany möhüm örän uly ýagdaýy göz öňünde tutmalydyklary nygtalýar. UNIDO-nyň hasabatyna görä, has oňat gaýtadan dikeltmek üçin bu iş ýerine ýetirilende, ösüşiň has durnukly we howpsuz ýoluna eýerilip, ekologiýa hem-de toplumlaýyn hasiýetlerden ugur alynmalydyr.