Ï Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürmegiň strategiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösdürmegiň strategiýasy

view-icon 19115

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanlylaşdyrylmagyň milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde baş wezipäni ýerine ýetirýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiligini ösdürmek strategiýasynyň esasyny düzýändigini belleýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň bu esasy tendensiýasyny, ilkinji nobatda, önümlerine içerki we daşarky bazarlarda hemişe uly isleg bildirilýän Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGZT) görkezýär. Önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäklerinde kärhanada uglewodorodlar gaýtadan işlenip alynýan önümleriň – uçar we yşyklandyryş kerosiniň, polipropileniň, ýyladyş ýagynyň, nebit koksunyň, bitumyň we şulara meňzeş önümleriň uly sanawynyň üstüni ýakynda EURO-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän A-98 kysymly ekologiýa taýdan arassa benzin doldurdy.

Sanlylaşdyrmak barada aýdylanda bolsa, Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň Türkmenbaşy toplumynda, şeýle hem döwletimiziň «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda sanly ulgam bölümleri 2021-nji ýylda döredildi. «Türkmenbaşy» toplumynyň ýolbaşçylary doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny girizmegi meýilleşdirýärler. Şu maksady bilen halkara tender yglan edildi. Tender bäsleşiginde ýeňiji TNGZT-niň işi üçin täze sanly ulgamy döretmegiň we ornaşdyrmagyň taslamasyny taýýarlamak hem işleriň doly toplumyny durmuşa geçirmek üçin tender teklibini işläp düzmeli bolar.

Täze taslamanyň durmuşa geçirilmegi TNGZT-niň ähli bölümleriniň arasynda resminama dolandyryş ulgamynyň işlemegini, resminamalar bilen işlemegiň tizliginiň we netijeliliginiň ýokarlanmagyny, netijelilige zyýan bermezden, maglumatly habarlaryň goragynyň ýokarlanmagyny, resminamalary dolandyrmagyň we iş dolandyryşyň çykdajylaryny azaltmagy we resminamalary gözlemek hem düzüm bölümleriniň üstünden geçirmek üçin sarp edilýän wagtyň azaldylmagyny, kärhananyň resminamalaryna we taslamalaryna laýyklykda, işiň gidişine gözegçilik edilmegini üpjün eder.